01:09 Eneler kerem-keramat / mirasgäriň ýandepderçesinden | |
ENELER KEREM-KERAMAT
Ýatlamalar
Men ilden eşiden şu gürrüňlerimi ýazga geçirjegimi, geçirmejegimi bilmän kän oýlandym. Sebäbi bu ynanjaklaryňam, çypdyrma hasaplajaklaryňam boljagy iküçsuz. Her nämedir töwekgelligim ikirjiňlemelerimden üstün gelip, galama ýapyşdym. * * * Göz açyp ýumasy salymda ägirt uly şäherleri haraba öwrüp taşlaýan ýer titremeler taryhda az bolmady. Bir gezegem şeýle bir waka bolupdyr. Ýykylan jaýyň aşagynda galan adamlary agtaryp alyp ýören halasgärleriň ýanyna bir aýal gelýär. - Oglanlar, edil şu daşlaryň aşagynda meniň iki sany çagam galdy. Haýyş, kömek ediň. Halas edijiler daşyň aşagyndan ýetginjek çykyberen oglan bilen gyzy agtaryp alýarlar. Olar tötänlik bilen diri galypdyrlar. - Siziň şu jaýyň aşagynda galanyňyzy bize ejeňiz gelip aýtdy. Näme ýer yranan wagty wagty ol siziň ýanyňyzda dälmidi? - diýip, oglan bilen gyzdan soraýarlar. Bu soraga oglanyňam, gyzyňam gözi tegelenýär. - Biziň ejemiziň dünýeden ötenine ençeme ýyl boldy -diýip,oglan aýdýar. Soňam ejesiniň suratyny görkezýär. - Bizden haýyş eden şu aýaldy-diýip halas edijiler aýdýarlar. * * * Bu waka dogrusynda irkiräk döwürde "Komsomolskaýa prawda" gazetinde ýazdylar. Agyr ýükli wagonlary çekip barýan otlynyň maşinisti geň ahwalata duçar bolýar. Bir aýal teplowozyň aýnasynyň öňünde gulajyny ýaýyp çabalanýar: - Otlyny sakla! Çagamyň ganyna galma! Maşinist bialaç otlyny saklaýar. Görse demir ýol relsiniň üstünde bir gara bar. Anyklap seretse, bir çagany demir ýol relsiniň üstüne daňyp gidipdirler. Maşinist çagany çözüp halas edenden soňra töweregine garasa yns-jyns ýokmuş. Soň anyklasalar, maşinistiň gözüne görnüp, otlyny sakladan aýal relse daňylyp gidilen çaganyň dünýeden öten enesi bolup çykýar. * * * Şeýle wakalary biri ýazyjy Ahmet Halmyradow bilen hem bolup geçýär. Ol baharmy, güýz aýlarynyň birinde Änewdäki Seýitjemaleddine zyýarata barýar. Çijäni şol ýerde geçirmeli bolýar. Gije çigrek düşüp başlaýar. Ol irkiliberende üşäp oýanýar. Onsoň penjegini alyp gursagyna ýapýar. Onuň bilenem idili ýylamaýar. Ymyzganyp barýarka geň bir ahwalat bolýar. Ýazyjynyň dünýeden bir öten ejesi eline bir düýe ýüň ýorgan alyp gelýär-de, onuň üstüne ýapýar. - Ýylyjak ýorganyň aşagynda hezil edip ukymy alypdyryn. Oýansam üstümde ýorgan-a ýok ekeni. Ýöne üşemän ukymy alanym hakykat-diýip ýazyjy gürrüň beripdi. * * * Şu setirleriň awtory irki ýetimligiň derdini çeken adam. "Myşlaryň" çetinden girenem bolsam,çagasyny okuwa, çagalar bagyna ugratjak bolup, geýindirip duran eneleri göremde henizem kemsinýärin. Bir gezegem şeýle ahwalat boldy. Uklapdym.Ejem pahyr edil dirilikdäki ýaly "Tur!" diýip siltäp oýardy. Dirilikdäki ýaly diýýänimiň sebäbi onuň howsala bilen gelşini anyk saýgarypdym. Tursam bir zadyň waşşyldysy eşidilýär. Görsem gaz geçirijiniň rezin şlangasy ýarylypdyr-da, aşhana gaz ýaýrap başlapdyr. Şol günki boomagy mümkin apatdan meni we meniň maşgalamy Hudaý gorandyr. Ýöne gelip-gelip bu işi birmahal dünýeden öten ejemiň eli bilen edenine teý akylym çatanok. Kimdir biriniň goşgusyndan "Eneler kerem keramat" diýen setiri okanym ýadymda. Juda dürs aýdylan jümle. Eneleriň keramat kemi ýok. Olar diňe bir diri wagtlary däl, ölensoňlaram öz jigerbentlerini gorap ýörler. Şöhrat ABDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |