13:05 Rubagylar | |
R U B A G Y L A R
Goşgular
Agza gyzyl burçuň ajysy ötýär, Ýöne ony köpler nahara atýar, Käte süýji zatdan zäherlenýärler, Ýylan zäherinden kim şypa tapýar. Ähli zatdan gorap daşdan gabygy, Maňzy berk saklaýar onuň şänigi, Biz iýmeli bolsak, döwüp açýarys, Bahar özi ýaryp çykýar şänigi. Ähli buýsanjyny sowuryp ýele, Kyn düşýär belent baş egilse çala, Dünýäniň şeýle bir namart oýny bar, Käte şiriň işi düşýär şagala. Tebigat aňyna zehin bermedik, Bilýän däldir suwytly zat döredip, Hiç haçan başarmaz halypalygy, Owalynda şägirt bolup görmedik. Bitmejek iş biter gaty tutulsa, Arzuw hasyl bolar yhlas edilse, Duzly şor ýerlerem gögerdermişin, Eger yhlas bilen tohum sepilse. Ne haýyr,ne zyýan edeňok häli, Aralyk sen.Gadryň köpük bahaly, Senden zyýan ýetmese-de bir peýda, Agaç ekmeseňem döwme şahany. Kimligiň tanamak mümkin däl asla, Ýeňles häsiýetiň meňzeş albassa, Düz ýerde gögeren gamşyň başy dek, Üýtgäp dursuň nirden şemal öwüsse. Bu uly zeminde aý ýeke-täkdir, Aý dogan agşamyň gijesi akdyr, Her gije dogsa-da milýonlap ýyldyz, Barynyň şöhlesi bir aýça ýokdur. Dürli sapalaga ala salsa-da, Gurulgy gapanyň syryn bilse-de, Sypmaz dogry gelen awçyň okundan, Tilki mekirligiň şasy bolsa-da. Derýa joşup akýar baran ýerinde, Çeşmäň damjasy bar tolkunlarynda, Gözbaş beren çeşme kiçi-de bolsa, Ondan belentde dur dag kemerinde. Jygyllyga gatnap gyş-u-ýazyna, Nebsin otukdyrdy bakman yzyna, Indi bolsa bir mesirgän at ýaly, Gara nebsi başardanok özüne. Ýalta aşa batyr işe hassadyr, Gylygyndan onuň dili gysgadyr, Garynjaň göwresi kiçi-de bolsa, Zähmetsöýerligi pile nusgatyr. Şir doýsa awunyň galanyn taşlar, Şobada üýşerler ol ýere guşlar, Şir iýýärkä gelip bilmeselerem, Galyndyň üstünde uly jeň başlar. Gylygyňa garap adyň tutular, Gelişiňe görä hormat ediler, Ala garga garly gyşy getirse, Bilbil gülälekli ýazy getirer. Dälirän gara ýel kükräp başlady, Durup bilmän asman gözün ýaşlady, Ýylgyn aman galdy ugruna eglip, Merdemsi deregi omrup taşlady. Şäherde okuwyn tamamlap geldi, Oba gelip uly işe çekildi, Ýerden ýeke çykan hossarsyzdy ol, Indi dogan garyndaşy köpeldi. Awara ýel hiç bir ýerde duranok, Mydam hawsalaly rahatlananok, Togalap ýörse-de gaba peşmedi, Bir kiçijik daşy gozgap bilenok. Güllerden ýakymly gül ysy gelýär, Hemmäniň gül ysyn alasy gelýär, Hiç kişi gyzgany almak islänok, Hemmäniň bägüli ýolasy gelýär. Saklan awçy gan gözüňi baglarmyş, Nähak aksa ýerem bagryn daglarmyş, Ölýänne gynanman ok degen keýik, Namart awça şam bolanna aglarmyş. Her kişiniň armany bar,derdi bar, Adamlaryň namardy bar,merdi bar, Şahyrana görkli jerenler bilen , Çöl içiniň agzy ganly gurdy bar. Durmuşda hiç haçan peselme,oglum, Ýalňyşyň soň duýup kösenme,oglum, Ýere oklaýsalar peselmez ýaly, Arşa çykarlaňda eselme,oglum. Rowaýat bar: ata perzent eklänmiş, Günden gorap,ýelden aman saklanmyş, Bir ata kyrk ogluň tapypdyr göwnün, Kyrk ogul bir ataň göwnün tapmanmyş. Gije aý asmanda säher küýsemez, Gyşy söýýän guşlar bahar küýsemez, Jennete çalyşmaz çola ýaýlany, Çopan ýaýlasynda şäher küýsemez. Pagtalykda ýeke düýp tut oturýar, Gyşyn-ýazyn günün ýalňyz ötürýär, Indi görseňizläň bu ýerler onuň, "Tutly karta" diýip adyn göterýär. Kötel ýollarynda urup gadamlar, Gaýa tarap ösüş edýär ädimler, Ýerdäkileň gözi göge tarapdyr, Ýere bakýar daga çykan adamlar. Şöhrat ABDYÝEW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |