14:10 Şaýat bolan wakalarym | |
ŞAÝAT BOLAN WAKALARYM
Ýatlamalar
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň ýeňiş bilen tamamlanyna 78 ýyl bolup barýar. Şonça ýyl geçenem bolsa, uruş diýilýän nägehanyň adamyň başyna salýan elhençligi ol gutarandan soňam dowam edýän ekeni. Men Beýik Ýeňişden 20 ýyl soň doglan adam. Ýöne onuň elhençliklerine şaýat bolmak maňa-da miýesser etdi. Aýtmaklaryna görä, atam ömründe aglap görmändir. Ol hemişe mertlik edip, hasratyny içine salmagy başarýan ekeni. Uruş gutaransoň, ep-esli ýyl geçse-de, ol dereksiz ýiten oglundan habar bilmekçi boldy. Adamlaryň maslahaty bilen oba mugallymyndan haýyş edip, öz adyndan şol wagtky Goranmak ministrligine hat ýazdyrdy. Bir günem ýazan hatyna jogap geldi. Okatmak, terjime etdir mek üçin ýene şol oba mugallymyny çagyrtdy. Enem bady-baran gözýaş dökýärdi. Atamyň bolsa şol mertligi. Çöken bürgüt ýaly doňup otyr. Ýöne... Birden onuň sakgalyna gözüm düşdi. Ol bilner-bilinmez titreýärdi. Seretsem elem çalaja sandyraýar. Perzent dagy-da. Ömür aglamadyk atamyň şol çalaja titreýän sakgaly ömür göz öňümden gitmeýär. * * * Bir gün obanyň golaýynda awara syganlar düşläp, çadyrlaryny dikdiler. Olaryň tas hemmesi diýen ýaly pal atmagy başarýar. Atam öýde ýaňy soýlan toklynyň etini dogramçalap otyrdy. Şol wagtam ýany çagaly sygan aýal geldi-de, atama pal atyp bermekçidigini aýtdy. Bilip aýtdymy, bilmän aýtdymy, bilemok, ýaňky aýal: — Uzak ýyllar dan bäri garaşyp ýören bir ýitigiňiz bar. Ýene ýedi aý on gün diýlende şondan bir habar gelýär — diýdi. Atam ýaňy soýlan semiz toklynyň etini aýalyň torbasyna şol durşuna gapgardy. Sygan aýal öýde ýagşy umyt oýaryp gitdi. Tutuş ýedi aý on günläp ýagşy umytda ýaşatjak günleriň ýanynda bir toklynyň eti dagy nämejik. Atam uruşda dereksiz ýiten oglunyň didaryny diňe bir gezek görmek üçin tutuş hany-manyndan geçmäge taýýardy ahyryn. * * * Atam pahyr her gezek töwirden soňra şeýle bir dilegi gaýtalamagy unutmazdy: — Ýatanlar galsyn, gidenler gelsin! Adamlar Beýik Ýeňşi 27-nji gezek baýram edenlerinde, ol ýanyny ýere berdi. Ölüm ýassygynda ýatyrka ol şeýle diýdi: — Garaşdym, gelmedi. Indi özüm yzyndan gidýän boldum. Şeýle hem etdi. Ony agaç ata mündürip, gaýdyp gelmeýänleriň ýurduna äkitdiler. * * * Bir gezek enem bilen gonamçylyga bardyk. Barsak ol ýerde bir bendäniň gumy solmadyk mazaryna gözümiz düşdi. Täze lik de jaý lap dyr lar. Gapdalynda-da iki sany pişek goýlupdyr. Enem ol bendäni pişeginden tanady. — Wah, bende. Ahyry amanadyny tabşyran ekeni-ow. Aýagy bir ýerde, özi bir ýerde jaýlandy-da... Gapdaly pişekli mazar enemiň kalbyndaky oduny ölçerip goýberdi: — Wah, şeýdip gelende-de razydym-ow... Perzentleri uruşdan ýarym göwre bolup gelse-de, eneler üçin bibaha zat bolarly. * * * Enem her gezek ogluny ýatlanda: «Gany bilen ýuwulan, dony bilen gömülen» diýerdi. Hawa, olam uruşda wepat bolanlaryň birisi bolup, kepensiz giden bolmaly. Şeýle diýse-de, enemiň oglundan umydy doly üzülmändi. Sebäbi harby bölümiň serkerdesinden gelen hatda öldi diýilmän, «Siziň ogluňyzy dereksiz ýitirdik» diýlip ýazylypdyr ahyry. Hut şu ýagdaý hem ony kyrk ýyllap umyt bilen garaşmaga mejbur etdi. Enem bir günem aýgytly karara geldi: — Indi gelmez. Gelse-de men görüp ýetişmerin. Patasyny alaýyň! Enem ölmeziniň öň ýanynda kyrk ýyllap ýoluna göz dikip garaşan oglunyň patasynyaldy. * * * Baharda miweli agaçlaryň arasynda ilkinji bolup erik gülleýär. Bahary alamatlandyrýan bu pursat tutuş äleme şatlyk paýlaýar. Ýöne erigiň güllemegi her gezek enemiň ýaraly kalbyny dyrmalaýardy. Her gezek erik güllände, onuň oglun dan soňky gezek aýra düşen gününiň üstüne bir ýyl goşul ýardy. Enäniň ogly erik güllän güni urşa diýip öýden çykyp gidipdir. Sowatsyz, aý-günüň hasabyny ýöretmegi başarmaýan ene ogluna garaşan ýyllarynyň hasabyny erigiň güllemegi bilen ölçeýärdi. Ene uzak ýaşady. Ogluna garaşyp, erigiň kyrk bäş gezek güllänini gördi. Soňam ýanyny ýere berdi. Ep-esli ýatdy. Käte-käte: «Erik güllemedimi?» diýip sorady. Ene kyrk altynjy gezek erigiň güllänini görüp ýetişmedi. Uzak garaşdyran oglunyň yzyndan gitdi. Şöhrat ABDYÝEW, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti. Surat: Dañatar Çaryýew / "Uruş ýyllary" | |
|
Teswirleriň ählisi: 6 | ||||||
| ||||||