04:41 Hindi aýdymyna hiňlenýän çagalygym / hekaýa | |
HINDI AÝDYMYNA HIŇLENÝÄN ÇAGALYGYM
Hekaýalar
Garalara hem akalara hem degişli däl, Dünýä söýüp başarýanlaryň dünýäsidir. (Hindi filminden) Deň-duşlarym kyrka golaýlap gelýärsiň, näme üçin öýleneňok diýip soraýararlar. Bu sorag meniň ýüregime düşýändir öýtmäň, ýok gaýta tersine ýakymly. Her gezek «Ýaşyň geçip barýar dost, tiziräk öýlen how sen» diýip dostlarymyň janygyp berýän maslahatlaryna hem ýylgyryp oňaýýan. Klasdaşlarymyň, deň-duşlarymyň yzyny üzmän berýän maslahatlary maňa her gezek Söýli jany ýatladýar. Geliň başyndan başlalyň. Men daş-töweregini belent baglar, agaçlar gurşap alan obada doguldym. Gyra-töwerekleri kileň agaçlyk bolansoň obamyza Garagaç diýýärler. Garagaç obamyň adyny hem özüni hem gowy görýärdim. Emma özümi bilip, özüme dakylan ady halamokdym nämüçindir. Ilki-ilkiler maňa Sopy diýseler manysyny biljek bolsam, ýylgyryp maňa garaýan ata-enemiň ýüzüne gözlerimi tegeläpjik garaýardym. Kakam şonda maňa mähir bilen seredip: - Oglum, seň adyňy Hywadan gelen bir pir-işan goýandyr, ine onsaň senem ogul bala edip, şol tagsyryň etegine atandyrys.- diýip, gysanman düşündirdi.- Sopy takwa hem parasatly, dine jany-teni bilen berilen adamlar berilýän bir atdyr. - Onsaň menem sopy bolmalymy? Ýok, meň-ä sopy bolasym gelenok – diýip, jedirdäp kakamyň aýdýan sözlerine gaýtargy berýänim ýadymda. Kakam bolsa, mähir bilen meni gujagyna alyp, «He-eý körpäm, seniň kim bolmalydygyňy durmuş görkezer- diýip, emaý bilen saçlarymy sypaýardy. –Her kim bolsaňam adamlaryň ýüregine ýagşylyk tohumyny sepýän biri bolamagyňy isleýän, oglum. Çagalykda günler hiňňildik mysaly başyňy-gözüňi aýlap, düýş ýaly tiz geçýär ötägidýär. Älemgoşar öwüşgünli ol günlerden galan ýatlamalar häli-häzirem ýaşamaga umyt uçguny bolup, aňymyň bir ýerinde ýaşaýar. Söýli jan çagalyk ýyllarymyň iň eziz ýatlamasy. Aslynda ýatlama bolmaly däl zatlar bizi ýaşatmak üçin bizden daşlaşyp, ýatlama öwrülýär öýdýän. Ýöne çagalyk döwrüň bu hakda bilemzok ahbeti. Tomus düşüp, üç aý kanikul başlanar welin Aşgabatda ýaşaýan Şyhmyrat daýym, Güljan daýzam we Söýli jan oba gezmäge gelerler. Söýli jan biz Aşgabatda ýaşaýarys diýip gürrüň berende göwnüme Aşgabat ertekilerdäki dür-merjenden gurlan şäher ýaly bolup göz öňüme gelerdi. Kakam bilen daýym, ejem bilen daýzam salam-helik alşyp durkalar biz eýýäm Söýli jan ikimiz bagymyzyň üçine, gülleriň arasyna siňendiris. Söýli jan ikimiziň şeýle bir jynymyz alyşýar welin heý goýaý. Bu enaýyja gyzyň ähli aýdýanyny berjaý etmäge taýyn bolup, onuň yzyna düşüp ýörerdim. Ol edil Buratino filmindäki Malwina ýaly hoşgylaw hem şol bir wagtda özdiýenli gyzdy. Günüme goýman rusça harplary ýazdyryp öwretmeli hem bolsa ýaltanmazdy. Harplary ýazmagy, sözleri bogna bölüp okamagy öwredýärkä, men özümiň adymy halamaýandygymy ýaýdanyp-ýaýdanyp onuň gulagyna pyşyrdadym. Ol hem bir uly syry maňa aýan edýän ýaly «Onda men saňa Sopy diýmerin, men saňa Subhaş diýip at goýaryn, bolarmy» diýip gulagyma pyşyrdapdy. Kanalyň boýunda geçilerimi bakmaga çykanymda hem Söýli jan ýanymdan galmazdy. Şol günem ol howanyň yssydygyna garamazdan meniň yzyma düşdi, howa ertirden gyzyp başlady, Söýli jan öýde gal diýsemem etmedi: - Sypal şlaýapkamy geýerin-dä diýdi. Onuň özelenip bakýan gözlerine bakyp dözüp durup bilmedim. Geçileri öňümizden sürüp, kanalyň boýuna tarap ugradyk. Söýli janyň egninde dyzyndan sähel ötýän köýnegi, başynda hem sypal başgaby bar. Ýolboýy hindi aýdyma hiňlenýär: - Goro kina kaaalookiiiii, dunýa he dil waalo ki. Goro kina kaaalookiiiii, dunýa he dil waalo ki. Hase ke-e jiýe, hase ke-e mere, ham je se dil walo kiiiiii, hoooo... Hase ke-e jiýe, hase ke-e mere, ham je se dil walo kiiiiii, hoooo... Ýoldan ötýänler bu şadyýanja gyzjagaza geň galyp seredişýärler, arasynda ýylgyryşýanlaram bar. Men näçe utansamam oňa aýdym aýtmaňy bes edäý diýip bilemok, çünki onuň sesi maňa şonça ýaraýar. Söýli jan bolsa barha joş alýar, aýdyma hiňlenip barşyna pyrlanyp tans edýär. Şäherli daýymyň bu inçemik gyzjagazy edil teneçir ýaljak bolup başymy-gözümi aýlap barýar. Kanalyň aňyrky kenaryndan başlanýan giden düzlüge geçilerimi kowup, Söýli jan bilen oýna gyzygyp wagtyň nädip geçýändiginem bilmezdik. Kä günler ummadan çykan geçileri tapmak maňa iş bolýardy. Kä günlerem geçileriň özleri bizi tapyp öýe gaýtmalydygyny ýatladýan ýaly ýüzümize mölterip seredişýärdiler. Biz bolsa Söýli jan bilen hezil edip, jykyr-jykyr gülüşýärdik. Bir gezek ol meniň aýdanymy etmän, kanala suwa düşermen boldy. Men ýalbarmak ýalbardym: Söýli jan, Güljan daýzam suwuň gyrasyna hem barmaň diýip aýtdy ahyr, unutduňmy! Ol bolsa öz diýenini tutdy: Bu ikimiziň syrymyz bolar. – Söýli jan şeýle diýip, inçejik süýem barmagy bilen dodagymy tutdy. Soň ol suwa girdi, menem ýanynda. Biz biraz iki ýana ýüzüp güýmendik welin, şol arada birden Söýli janyň akymyň ugrua gidip barýandygyny, onuň gark bolýandygyny görüp, ölenimi-galanymy bilmän oňa tarap ýüzdüm. Söýli jan çyndanam suwda gark bolup, hopugyp-hopugyp dem alýardy, çabalanýardy. Men onuň ýanyna ýetişip baran dessime ol meni gujaklap, suwuň içinde omuzlaryma mündi. Henizem halas bolandygyna ynanman ol menden şeýle bir berk ýapyşýardy welin, hakyt dem almaga maý berenokdy. Ahyry arzyly kenara alyp çykdym ony. Çägelik kenarda ysgyn-mejalsyz ýatan Söýli jan tupanda kenara çykan suwperisi ýaly, saçlaryna hem suwotlary ýapyşypdyr. Soň özüme käýindim, erteki seň ýadyňa düşýär, gyzjagazyň agzy-burny gök-dalak bolupdyr. Erbet gorkany bes-belli. Sojap dem alýar. Meňem gorkudan ýaňa aýaklarym tibirdäp durdy. Ahyr ol: - Sopy, suwda gark boljak bolanymy ejeme aýtmaý-da – diýip, boýnuny burdy. – Ýogsam meni gaýdyp seniň bilen oýnamaga goýbermezler. Men «bolýa» diýen äheňde oňa baş atdym, soňam: - Ýöne indi gaýdyp kanala suwa düşjek diýme maňa! Bolýa – diýip, ol diýenedijilik bilen baş atdy. – Indi seniň aýdanyňy ederin. Soňra ýene hiç zat bolmadyk ýaly, geçileri sürüp öýe gaýtdyk. Ýene Söýli jan ýolboýy hindiçe aýdyma hiňlenip göwün solpudan çykdy: - Goro kina kaaalookiiiii, dunýa he dil waalo ki. Goro kina kaaalookiiiii, dunýa he dil waalo ki. Hase ke-e jiýe, hase ke-e mere, ham je se dil walo kiiiiii, hoooo... - Goro kina kaaalookiiiii, dunýa he dil waalo ki. Soňky günler indi menem onuň aýdymyny öwrenip ugrapdym, hatda ikimiz goşulyp hem aýdyp görýärdik. Ikimiziň sesimiz birhili sazlaşykly ýaňlanyp hoşuňa gidýärdi, aýtdygyňça aýdasyň gelýärdi hem. Soňra üç aý kanikul tamam boldy. Bir hepde öňünden daýym dagy Aşgabada gaýtdylar. Biz Söýli jan bilen geljek ýyl tomus ýene kanikulda görüşeris diýip, bir-birimize göwünlik berip hoşlaşdyk. Soň biz Şyhmyrat daýymam, Gülaj daýzam bilen Söýli janam görmedik. Kakamyň aýdyşyna görä, Şyhmyrat daýym aýaly bilen aýrylyşypdyr, soňam iş üsti bilen daşary ýurda gidip galypdyr. Men kanalyň boýunda gamyş-gajarly ýerlerde geçilerimi otladyp ýörşüme «Güljan daýzam ýaly mähriban, Söýli jan ýaly akyllyja gyzyň barka, nädip maşgalaň bilen aýrylyşyp bolýarka» diýiň öwran-öwran oýlanýaryn. Bu zatlar hiç kelläme syganok. Içim-içime sygman, kanalyň içinde çykarylan laý-gumlardan dörän uzyn hatar depeleriň iň beýigine çykyp aýdyma gygyrýaryn: - Goro kina kaaalookiiiii, dunýa he dil waalo ki. Ha-a... Goro kina kaaalookiiiii, dunýa he dil waalo ki. Hase ke-e jiýe, hase ke-e mare, ham je se dil walo kiiiiii, hoooo... Goro kina kaaalookiiiii, dunýa he dil waalo ki. Ýöne indi ýanymda Söýli jan ýokdy, indi bir özüm, gözlerimde hem ýaş. Sesim gyrylýança aýdyma gygyrýaryn: Gali gali me git hamare gunje subaha şam, Ham git ke saudagar ha ýa hi humara ki Na sone, na janti, gito se hamko pýar... Beýik depeleriň üstünde durşuma, bütin barlyga güýjüm ýetýän ýaly duýgyny başdan geçirýärdim. Diňe bir zat elimden gelmeýärdi, ýanymda Söýli jan ýokdy... Sylapberdi MUHAMOW. 26.12.2024 ý. Aşgabat, Köşi. | |
|
Материалов за текущий период нет.
Teswirleriň ählisi: 0 | |