09:15 Gyş rubagylary | |
GYŞ RUBAGYLARY
Goşgular
![]() Men bi setirlere başlapdym gyşda, Nagyşlapdym, çekip owadan keşde. Tamam bolup bilmän taşlanan şygyr, Bu gyş myradyna ýetsedi käşge. * * * Tomus tam üstünde sererdik kişde, Nogul-nabat bilen iýerdik gyşda. Wah, halys garrapdyr erik bagymyz, Çagalyk ýyllaram galypdyr daşda. * * * Buz deý sowuk depämdäki semalar, Hazlap ösýär ýiti dişli şemallar, Tüm alysda zaryn uwlaýar böri, Ýakyn dostun aldyran deý hamala. * * * Asman görkden gaçdy, geçip durna gaz, Indi ýerde-gökde edýär garga baz. Gyş karam bir oýnuň gurbany ýaly, Ak garly manzara, ýakymsyz owaz * * * AýaZZaýa edip nowçalan bagy, Hanjar sanjan eken gunçalan çagy, Umytly baglary aýaz urmasyn, Hem öçmesin köňülleriň çyragy. * * * Gökden gaçdy bir-iki, soň üç-dört tozga, Soňra sanap ýetişmedi-dä gözler. Men ak gar içinde gara perişde, Meni söýjek ýokdur özüňden özge. Sylapberdi MUHAMOW. 10.12.24. Aşgabat, Köşi. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |