14:41 Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler | |
OGURLYK GOŞGULAR ÝA-DA GOŞGY BOLUP ÝETIŞMEDIK SETIRLER
Goşgular
Dogrusyny aýtsam şu gysgajyk goşgular, üzlem-saplam setirler meniň garalama depderlerimden göçürilen. Bu goşgular edil özümki bolsa-da elmydama bir müňkürlik arkamdan garaýan ýaly bolup duýuldy durdy. Özüm hem bilmezden beýleki şahyrlardan setir ogurlaýan ýaly duýgy meni kän wagtdan bäri ynjalykdan gaçyrýar. Şonuň üçin bu ýazgymyň aşagyndaky poeziýa "dürüşdelerine" Ogurlyk goşgular... diýen ýaly at goýaýdym. • Goşgy ogrusyna Keşbi onuň kezzap, Gözleri oýnar. Goşgulary azap, Sözleri çeýnär. Bam-başga birinden, Çilerdi şygry. Habarly hilinden, Bilerdi ogry. *** Şol gezek göwnüňe degip, oýlapdym, Òmrümde bir gezek eşeklik etdim, Soň ýyllar geçensoň şol gezek üçin Özüme türkçeläp teşekkür etdim. *** Ýaz gunçalan güller güýzde solarmyş, Mert namartdan mydam yzda bolarmyş, Bu dünýä owaldan hassa mysaly, Hassa zyýaraty gysga bolarmyş. *** Galat zady asmana çen galdyryp, hakykaty hem, Pişik pohun gömen ýaly Gömmeli dünýä bu dünýä. Bu dünýä kyrk emjek diýýärler, Ýalňyş. Kyrk bir emmeli dünýä, bu dünýä. *** Ruhuma kepil geçseň, diýip bilerin Enel-Hak, Dabanymdan soýmankalar garaz sen bir emel tap. *** Käbir geň zatlar bar ylymdan daşda, Ýürekden ýer tapmaz, ýer tapmaz başda, Kändir ýer ýüzünde kitap okaýan, Okumyş bir başga, köpbilmiş başga. *** Harpygyň hormatyny gaçyrma, bugdaýyň gözi ýaş bolar. *** Häzir iki gün bäri irizen ýagyş diňdi. Ýöne ýeriň pesinden, bat alýar ýagyş indi, Ýa gögüň gahar-gazaby ýeri gämi deý çaýkan Ýa-da ynsan ähline asmandan gargyş i:ndi. *** Seni Senden soradym men, Meni menden aýran Eý Ýar! Ýerden, arşdan aradym men, Tüni Günden aýran Eý Ýar! *** Ýalňyşmak ynsanyň ganynda barmyş, Ynsan-da... Şeýtanyň ýanynda ýörmüş. Ýöne seni nädip Hak ýoldan urdy, Haýsydyr bir miwe, bugdaý, ir-iýmiş?!. *** Şere ser bermediň Ýer bermediň ýürekden, Guýa atylan daş ýaly Ýitdi-gitdi ejiz pikirleň bary. Gaýra tesmän haýra çapdyň, Tapdyň nätseň-de hak ýoly. Haýry peşeň deý paýradyp, Ahyr ýeriň gözün açdyň, Guýa atylan ok ýaly. 23.04.2016 *** "Her kimse bir ýere gitmek isleýär" diýýär Can Yujel. Meni hem bir sowal köseýär, Haçan sataşarlar Ezraýyl, jan, ajal? *** Adam ata How eneden gaýdan adamzadyñ kowumy, Bu gün Tañrydan daş düşüp, başlanda Babyl diñini Men-menlige düşmesin diýp tamam ynsanyet tohumy, Pyrka-pyrka üýtgedipdir olaryñ sözlän dilini. *** Sägin, dowla düşme, gitme dur entek, Gynanjagam bolma halyňa nalaç. Mert ýaşan merdanlar bardyr birentek, Meselem Nesimi, Jordano, Hallaç. *** • Söz hakda 1. Sözden habardar boluñ Boluñ siz sözden ägä. Bitirjek bol aýdanyñy Söz beren bolsañam çaga 2. Söz bermek karz ýaly bir zat Boýnuñda galar ol soñam. Bitirjek bol edip her zat Çaga söz beren bolsañam. *** Ertir gowy bolar seniñ durmuşym, diýip söz berdim men özüm özüme. Gitdim kert gaýadan ezber dyrmyşyp, Ötdüm menzillerden bakman yzyma. *** Emel ýetip şire öwrülen syçan, Wezipden taýsa balagna syçar. *** Aý-güne garaşyk aýlanýar zemin Durmuşyñ manysyn bilmek isledim. Dünýä düşünen-ä ýokduram welin, Biljek boylanlardan bolmak isledim. *** Kän ýollary geçdik ýazykly bolup, Hiç kim öwretmedi ägä bolmagy. Şuny anyk bildim, bir çäge gelip, Geliň, unutmalyň toba gelmegi. 06.03.21 *** Gün süýr depä galsa kyýam diýilýär, Ömür geçip gitdi eýýäm diýilýär. Boş zatlara sowrup ne gözel ömri, Bagyşla Ýaradan Eýäm diýilýär. *** Barmyka iñ soñky puşmandan peýda, Günler akyp geçdi mysaly derýa. Ýadymyzdan çykdy Hak Allañ emri, Ne gözel işlermiz bolupdyr yrýa. *** M.A Arada müň menzil, ülke, yklym bar, Bar ýene-de ýaman uly okean. Şol uzakdan maňa judan ýakyn bar, Kalbymy özümden gowy okaýan. *** Bir gün sesiňi eşitmesem, gapylan ýaly gulagym, ýapylan ýaly ýollarym, gözleriñ görmesem artyk, derdim artyp, alyp barýar, salyp barýar başa gowga ezizim. *** "Alma agajyndan daşa düşmezmiş" diýenlere üns berme, kän garama. Meniň türkmenimde şeýle nakyl bar: bir goýundan agam dogar, gara-da. 19 few. 2021 *** Näçeräkkä bu ömrümiñ göwrümi, Deñ ýarysy gündiz, deñ ýary gije. Garañkyda bir garantga öwrülip, Otyryn täk, ýalñyz men ýarygije. *** Nuh hun döken eşkinden. Haka akaN yşkyndan. Ne uýdy halk, Ne diňledi il. Gahar etdi Hak, hem diňmedi sil. Ine, bolany... 22.11.24. • Görnüş Saýaly baglar, Gaýaly daglar. Heññama ýan beren Gadym galalar. Ala meýdanlar, Läle reýhanlar, Armanly jan beren, Batyr merdanlar. *** Seni görüp "Oh-how" diýdik, Netije: Indi beri sataşmaly, Özüň ýaly nejise. *** Saňa diýmeli sözlerim bar. Soňa goýmaly däl sözlerim. Döz gelip derdine, Ejirlerine, Men şo sözi aýdaýyn, Senem diňle ejizleme-de... 26.0624 Yssy howaly gün, ýadaw hem ýalňyz, Bu şäherde köçelere çolaşyp, Kalbym mynçgalanýar Ýaradan Taňrym, Ýene özüň edäýmeseň garaşyk. 17 awgust. 2023 *** Süýji tagam bilen doýsada garnyň, Süýji söz bolmasa göwniň doýmaýar. Ýerliksiz süýji söz tapmasa ornun, Kesel etmän goýmaýar. *** Haram edip gijeleriň ukusyn, Bir oý bilen azarlaýan janymy, Ýok, mertligin synaýaryn ruhumyň. *** Şygra okyjy gerek däl, Derkar däl ony ýazmak-da. Ol ir ýa giç halka ýeter, Eger bar bolsa ýazgytda, Eger ony ýazan bolsa çyn şahyr, Onuň halka ýetjekdigem çyn ahyr. Şygyr- ylahy ylhamdyr, Olam Hakdan inen wahy. Şahyry hiç kim okamaz, Bolmasa Jelile ýakyn. Eger ýerde ýaşap ýörse bir şahyr, Zemine nur inmeýäni geň ahyr. Ýöne ýere daldır oñ ady Şahyr, Çuñki ol köñullerde Şa ahyr. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Gözden akan ýaşlaryma / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Herkaýan gitdi / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Pyglym harapdyr / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Arzuwlar / Goşgular - 07.08.2024 |
√ Eý, melek sima ki senden özge haýrandyr saňa... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Täze rubagylar / Goşgular - 29.09.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |