13:03 Daglar hakda geňräk goşgy | |
DAGLAR HAKDA GEŇRÄK GOŞGY
Goşgular
![]() Säher bilen bakyp goja daglara, Nepesim durladym tämiz howada. Öz göwnüme diýdim: özüň aldama, Menmikäm diýp ýalňyz, kämil, gowadam. Hatda şol daglar nä, ana şolaram, Kämillik bagtyndan büs-bütin üzňe. Näme diýp gygyrsaň baryp zawlara, Gaýtalap dur daglar seredip ýüzňe. Sen däli diýseňem, sen däli diýip, Gaýtalaşyp durandyr ol seň bilen. Sen dana diýseňem, daglar has beýik, Saňa dana diýer belent heň bilen. Men dag bolan bolsam, bir kişem gelip, Ýüzüme gygyrsa sen däli diýip, Agyr dymyp, oýlanardym bir salym, Rast aýdýarsyň, men şol Mejnun dagy diýp. Ýa-da ýene gelip sypaýy biri, Gygyrsa: - He-he-heý, kämil dag diýip, Oýlanaryn gam-hesrete birigip, Kämillikden nyşan nämäm bar diýip?! Ýok, men diňe dymyp öterin eger, Dag bolmaklyk ýazlan bolsa takdyra. Hala tekepbirlik, hala-da çyn diý, Hatda bulaklaram sessiz akdyryn. Sylapberdi MUHAMOW. 05.06.2021 ý. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||