02:11 Sabyrsyz adam barada hekaýat | |
SABYRSYZ ADAM BARADA HEKAÝAT /ROWAÝAT-TYMSAL Asyrlardan asyrlara aşyp, nesillere nusga bolup gelýän rowaýat-tymsallaryñ ynsan paýhasyna täsir edip bilýän güýji bar. Häzirki beýan ediljek rowaýat hem daşyndan sada-ýönekeý görünse-de örän uly göreldelik häsiýetine eýedir. ...Bir zamanlar dag etginde ýaýylyp ýatan serçemenli bir obada Omar Sahyp atly kişi ýaşapdyr. Asuda obada hiç dert-aladasyz ýaşap ýörenem bolsa, Omar Sahyp hemme zatdan nägile eken. Haçan görseñ bir zatlara gahar edip, käýinjiräp ýörenmiş. Iki sözüniñ birisi-de "Isleýşim ýaly-ha ýaşap bilemok, şu hili ýaşaýşy hem islämok. Ýok, men bu ýerlerini terk edip giderin. Haçanam bolsa, nädibem bolsa, nirädir bir ýere hökman giderin. Giderin" bolupmyşyn. Omar Sahybyñ bolup ýorşüne hiç kim düşünip bilmändir. Adamlar onuñ nägileligini haýran galyp, biz-ä şuña haýrandyrys diýen manyda eginlerini gysyp oñaýypdyrlar. Şol obada Omar Sahybyñ atasynyñ dosty ýaşaýar eken. Bu dünýäde tas on müçe dagy ömür gören bu ýaşuly bir gün Omar Sahyby ýanyna çagyryp, oña öwüt-nesihat edipdir: - Oglum, sen özüñe berilen durmuşa kanagatly bolup ýaşamaly. Her bir dogan Güni özüñe berilen sowgat hasaplap, oña guwanmalysyñ. Doglan mesgeniñ, dünýä gelen, kemal tapan ýerleriñ seniñ hut özüñ üçin niýetlenen ylahy paýdyr. Ony kiçi görmek, ýa-da pes hasaplamak özüñi kemsitmek ýaly gabahatlykdyr. Omar Sahyp garşysynda oturan ak sakgally bu nurany kişä: - Atam, atam jan, men indi bu ýerlere hiç sygamok. Sygmaýanymyñ sebäbi hem bu ýerleriñ hiç zady maña dogry gelenok. Men adamlara düşünemok. Adamlaram maña. - diýip, derdi-halyny beýan etjek bolupdyr. - Iş etseñ eden işiñde bereket ýok. Göreniñ görgi, edeniñ bergi. Adamlaram bir hili, bu dünýäniñ adamlary däl ýaly bir töwra . Omar Sahybyñ dünýäden nägile bolup, iki egninden gum sowrup oturşyna haýran galan dana goja: - Oglum, hany sen maña ýene bir gulak sal, dykgatly diñle - diýip söze başlapdyr. - Biz hemmämiz bu dünýä synag edilmäge gelen ýalydyrys. Başyndan aýagyna soñsuz synaglary, kynçylyklary kerwen bolup durandyr. Şol synaglardan geçmek üçin bize sabyr etmek hemme zatdan öñ zerurdyr. Bilseñ, sabyr etmek sungatdyr, şükür etmek bolsa nygmat. Omar Sahyp näçe ýyllaryñ ýazyny ýazlap, gyşyny gyşlan bu dana gojanyñ öwüt-ündewlerini sesini çykarman diñlese-de, barybir şol öñküsine tutupdyr. Bir günem goşlaryny ýygnap ýurtdan çykyp gidipdir. Ýollaryñ arzuwçyllygy, gyzykly adamlar, täze ýerleriñ täsiri birbada onuñ başyny aýlapdyr. Bu eden işiniñ dogrudygyna özi hem berk ynanypdyr. Emma gyzgyn başyñ dumany tiz sowulýar. Gün-guzeran aýlamak üçin gazanç etmeli. Yöne iñ erbet ýeri Omar Sahybyñ elinden gelýän hünäri bu ýerde gerek däl eken. Onsañ ol täze bir hünär öwrenip, gazanç etmäge mejbur bolupdyr. Bu ýeriñ halkynyñ dilini hem gaty oñat bilmänden soñ Omar Sahyp mazaly kösenipdir. Dil öwrenmek añsat işmi? Baryndan beter ol öz ýurduny, ýakynlaryny, dost-ýarlaryny göresi gelip başlapdyr. Käwagtlar bolsa ýüregi gamdan püre-pür bolýan Omar Sahybyñ göwnüçokgunlikden damagy dolup aglaýasy gelýän eken. Yöne ol öz ýurduny terk edip gaýdanda "Indi men bu ýerlere gaýdyp dolanmaryn " diýip, kesgitli aýdypdy ahyr. Omar Sahyp öýüni-ilini küysäp, ezizlerini göresi gelip ýüregi atygsap, her gün, her sagat olaryñ atlaryny pyşyrdap mydar edipdir. Dost-ýarlary, obadaşlary bilen bilelikde geçiren günlerini ýatlapdyr. Şol geçen günlerde bir gussaly waka bolan bolsa-da, edil şu wagt şol ýatlamalar hem gussaly görünmeýärdi. Elbetde, Omar Sahyp bu ýerde hem dost-ýar edinde. Emma bu ýeriñ halkynyñ arasynda ol hem bir ýerden gelen, mysapyr bolup ýaşaberdi. Adamlar ony toýlaryna çagyranda, ol çakylykdan ýüz öwürmän toý-bayramlara gatnaşyardy. Adamlaryñ şatlygyna şärik bolup, olaryñ begenjine goşulmaga çalyşýan Omar Sahyp şol günlerde bir zady düşündi. Ynha, şeýle toýlaryñ birinde bir waka bolup geçdi. Omar Sahyp hemişeki ýaly şowhun-şagalaña goşulyp bilmän bikarar otyr. Ol bu toýda tötänden düşen myhman ýaly. Toýdaky adamlaryñ hiç birisini hem tananok. Bäşdir-üçdir tanaýanlarynyñ hem häzir onuñ bilen işi ýok. Toý aladasy bilen ylgap ýörler. Ynha, Omar Sahyp naz-nygmatly toý destrhanynyñ bir gyrasynda kibtini gysyp otyr. Şol wagt ol öz gapdalynda oturan bir aksakgal ýaşula gözi düşüpdir. Omar Sahyp goja bilen salamlaşyp, onuñ bilen hal-ahwal soraşypdyr. Ak sakgaly döşüni ýapyp duran bu kişi pessaý sesi bilen örän salyhatly sözläp başlanda Omar Sahybyñ ýadyna nämüçindir öz ilindäki dana kişi düşüpdir. Gowy ynsanlar bir-birine şeyle meñzeş bolýarmyka ýa? Söhbetiñ dowanynda ak sakgally ýaşuly: - Oglum, men şu toýa gelenimden bäri seni synlap otyryn - diýipdir. - Seniñ boluş-goýuşyñdan, sypatyñdan bu ýerli däldigiñ-ä görnüp dur. Emma birhili tutulan guş mysaly tukat bolup oturşyñdan bir derdi-endişäñ bardygyny hem añdym. Omar Sahyp: - Atam, siz meni tutulan guşa meñzetdiñiz welin edil ýüregim bolaýdyñyz. Meni şundan gowy hiç zada meñzedip bolmaz - diýip, öz watanyny terk edip gaýdyşy barada oña gürrüñ beripdir. Ak sakgally goja Omar Sahyba mähir bilen seredip: - Deñeşdirme bilen göwnüñe degäýen-ä däldirin-de - diýip, mylaýym äheñ bilen söze başlapdyr. - Aslynda jahankeşdelik gowudyr. Ýurt görmek, adamlary tanamak, özüñe akyl yetirmäge mumkinçilikdir. Emma ýurt tutmak, ýaşamak, ömür sürmek üçin öz dogduk depäñ iñ mynasyp mekandyr, oglum! Biz durna-gazlar ýaly haýsy tarap ýyly bolsa şol tarapa göçüp-gonup ýörmeli däl-de, bürgütler ýaly doglan daglaryñda ganat ýaýmalydyr. - Omar Sahyp, oglum, hany sen ýene ýüregiňe bir diň salyp gör?! Omar Sahyp atasynyň dostunyň soňky sözlerini eşidip, tisiginip gözlerini açdy. Ol özüne geldi, bolan-geçen zatlar, bir pursatda gaýyp boldy, düýş ýaly. Ol toýda däl-de, atasynyň dostunyň ýanynda otyr. Ähli bolup geçenler hyýalynyň oýny eken Hudaýa şükür! Sylapberdi Muhamow. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |