09:10 Uzak gije | |
UZAK GIJE
Goşgular
![]() Beýle-de bir uzak gije bolarmy, Ilkagşam ýadyma çalaja düşýär. Ýüregim çolardy, dünýäm çolardy, Bu gije göýäki gutarmaz puşman. Aň-hyýalym gurtlar bilen çeýneşen Günlerini ýada salýan köpek deý Irkilipdir Maňa rehm eýle sen Gaýratym, şuglaňy köňlüme sep-de. Seniň bilen öwünmedim hiç haçan, Şygrym, seni täze don deý geýmedim. Şoň üçin ýaz gelip çilämi açar, Ýöne häzir boşap galdym, neýleýin?! Bu dünýede algymam ýok, arymam, Bar gazabym boş galgaýan ganatda. Umydym bar, sen gelersiň zaryma, Zalym ajal demlerimi sanatsa. Ak buludyň ýüzüp geçen asmany, Ýaprak bolup, başa gonan güýzlerim. Uzaklarda garyp galan dost ýaly, Siziň bilen gussam, ünjüm, düýrmegim. Gijäm, gara gijäm, harapmy halyň, Takdyr dertli bilen dertlini goşýar. Süýji düýşler ýaly, oglanlyk ýaly, Ilkagşam ýadyma çalaja düşýär. Mämmetnazar BABANAZAROW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |