21:11 Oba. Ýaz gijesi | |
OBA. ÝAZ GIJESI
Goşgular
Bu gije negözel asman keşdesi, Utanyp baglara siňipdir tümlük. Ýöne bilmen şatlyk pasly geçdimi, Göwnüme gam-gubar giripdir sümlüp. Hut ýaňy bir gyzyň gözüniň ýaşy Aýyň ýagtysyna buldurap gitdi. Ýüregimi gyýyp, owadan naşy Ykbal gijelikde gözümden ýitdi. Adamlar derýadyr goşar özüne, Kenarlarda ýitip gitmez ýaňky dür. Ýöne gussa degdi birniň ýazyna Hemem bir göwüniň bir künji boşdur. Dostuň ýada düşýär gözleriň solsa, Adam bir-birine şatlykdyr, gamdyr. Eger dünýämizde boşluk bar bolsa, Tapylmadyk ýa ýitirlen adamdyr. Mämmetnazar BABANAZAROW. | |
|
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Kyýamata goýlan goşgy / Goşgular - 08.11.2024 |
√ Eý, nebiler serweri, eý, nury-aýnym, Mustapa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Dert / Goşgular - 06.06.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Güýz we men / Goşgular - 09.11.2024 |
√ «Akar gaýmaklapdyr aýyň nurundan...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Jadyly duýgy / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Gaplaň jülgesi / hekaýa / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |