21:33 «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» | |
«DEPÄMIZDEN SYRYGYP DUR GAR SUWY...»
Goşgular
![]() Depämizden syrygyp dur gar suwy, Pagyş-para ýüreklerem, ýerlerem. Bir ýumşaklyk eýeläpdir barlygy, Ýöne bu gün özgä syrym bermenem. Garanjaklap gaty gülmen gaýmaryn, Ulaldym men, agraslandym, goýaldym. Arasynda mähelläniň, jaýlaryň Gezip ýörkäm gözüm açdym, oýandym. Durus indem, uzak ýatan sary gar, Ýyrtylypdyr bölek-bölek biýz kimin. Bu dünýäniň eräp barýan gary bar, Hem Güni bar gorjalanan köz kimin. Durus edil deňze çykjak gaýyk deý, Durus ýöne bir-birege söýenip. Bu dünýede eremezlik aýypdyr, Bu dünýede nämä degmez söýeniň. • SYR Pynhan syrym ýaýdym ile, Mis pul kimin seçeledim. Tylladygyn bilme nire, Hem serhetden geçenimi. Ynha jebir, eger dözseň, Neşdere tutup gerşini. Görýän onuň özge gözden, Namysly bakyp durşuny. Ir gül açyp, çal aýaza, Miwesin beren agaç deý. Utanýaryn adamlardan, Utanýaryn ýalaňaç deý. Mämmetnazar BABANAZAROW. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||