10:56 Rubagylar | |
RUBAGYLAR
Goşgular
![]() Holtumyny doldurandyr kimleriň, Döwüm nana zary kändir kimleriň. “Günüm!” diýip, ýat illere çykanyň, Gulagymda eşidýärin demlerin. 03.10.2024. *** Men saňa aýdaýyn bir zatlar, gör, bak,-- Müň aýally şany okapdym birçak! Çüýrük kelle gereginden ardyk-la?! Şodur belki, bolsa eger kyýamat. 03.10.2024. *** Elindedir indi susagyň sapy, Dilinde ýalany, güpleýär gaty. Ykbal oňa eçilipdir ähli zat, Ýöne weli neçün bermändir bagty?!. 03.10.2024. *** Tamakyndan tamakyny kän munda, Ili niçe talap bilse han munda. Gabahatdan gabahadyn gözleýär, Boş göwrede aýry-aýry aň munda. 03.10.2024. • IKILEMELER Hiç kim öňe düşmeli däl, Ýa bir ýere üýşmeli däl. 27.09.2024. *** Ölüp-öçüp barýar puluň üstünde, Özi weli otyr gylyň üstünde... 27.09.2024. *** Tilki mekir, şagal mekir, şir mekir, Erkek mekir, heleý mekir, pir mekir... *** 29.09.2024. Göwün-göwünden suw içer, Durmaz, daş zyňsaň, guw uçar. 21.07.2024. BENT Ogurlasa ogurlasyn eseriň, Munuň üçin, dostum, çekme heseriň. Arz etseň arzyňy diňlän tapylmaz, Yzy galar ýaňagyňda keseriň. 20.07.2024. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |