07:59 "Özüm-özüm bilen darkaş gurýaryn..." | |
“ÖZÜM-ÖZÜM BILEN DARKAŞ GURÝARYN...”
Goşgular
![]() Özüm-özüm bilen darkaş gurýaryn, Käte-hä gaçýaryn, kä mert durýaryn. “Ýa jan, ýa gan!” – söweş gazaply barýar, Melgunlar ýene-de melgunlyk edýär. Kellesini çapaýmaly wagtynda, Dyza çökýär – namartlyk bar bagtynda. Her gün bolmasa-da setan-seýranda, “Goja kalbym – diýýärin – men weýranda”. Muňa sebäp bolan melgun hilesi, Göwne degdi ýene bu gün pul mesi. Ýa biriniň bijaý aýdan sözünden, Bigäne biriniň mekir gözünden... Ot tutaşýar, ýene başlanýar darkaş, Görünmez halyňdan “habarsyz” gardaş... 08.06.2024. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |