10:30 "Bir pikir geldi kelläme..." | |
“BIR PIKIR GELDI KELLÄME...”
Goşgular
![]() Bir pikir geldi kelläme şu gün, Şowakörler seňseledýär dünýäni. Gara gana telwas göwün elmydam, Dolap barýar dünýä inen, inýäni. Kim bolsaň bol, bolsaň ejize ganym, Bolup bilmeň ýaradanyň halany. Bu gün baý, erteki gün kim bola sen? Çaýkama sen ynanylan galany. Şowakörüň gözi batyl aslynda, Kim gan döküp, gazanypdyr bagtyny? Pide bary gatlarynda taryhyň, Öwsüp giden şemal ýykmyş tagtyny. Ýedi arka, ýetmiş arka dolanan, Başdan gitmez Hüňkar salan hasraty. Pagyş-para gara ýere siňjekdi, Emma adam başy daşdanam gaty. Hüňkarlar, lekeler barka jahanda, Gülüp, oýnap gezip bilmeň, eý, jahyl. Seň elmydam göwün küýsän dünýäňde, Ýele öwsüp duran salgym bar ahyr... 16-20.09.2024. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |