00:31 Eje | |
EJE
Goşgular
(Gülöwser atly gelniň haýyşy bilen) “Gün hem sen diýip dogýar”... Daşyň galasy menem. Sen bolmasaň ýanymda, Neneň ýaşaýyn enem?! Agyr durmuş hupbady, Datdyň niçe şapbady, Etmediň dat-bidady, Sözleri dürden, eje. Aýazlarda köz bolduň, Tomus bolduň, ýaz bolduň. Nusga aldym, özgerdim, Tapdym men ýardam, eje. Salym sen, küregim sen, Ýalňyz täk geregim sen. Kalbymda ýüregim sen, Mähek daş - merdem, eje. Gelse gelsin seneler, Garramasyn eneler. Aýa, Güne deňeler, Şöhlesi nurdan eje. Misli bir ab-u-köwser, Behişt şemaly öwser, Aýdar gyzyň Gülöwser, Orunyň törden, eje. Sen ene, men perzendiň, Gulagymda her pendiň. Ýadygär galsyn bendim, Her harpy zerden, eje. Dowamatdyr agtygyň, Şolar dünýäde bagtyň. Synmasyn täji-tagtyň, Ýatda sen her dem, eje. Daş bolaly perýatdan, Hoş bolaly zürýatdan. Alkyşyň gatbar-gatdan, Geçeli serden, eje. Seň baryňda hoş menem, Aýakda däl, baş menem. Gam-gussadan daş menem, Ýaşa sen, merdem, eje. 08.07.2024. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |