00:25 Medinede Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet | |
MEDINEDE MUHAMMET, TÜRKÜSTANDA HOJA AHMET
Edebi makalalar
Türkmenler Hoja Ahmet Ýasawynyň çagalykdan zehinli bolandygyna berk ynanypdyrlar. Bu beýik akyldar baradaky rowaýatlarda onuň aşa zehininiň çagalykdan dilden-dile geçip halk arasyna ýaýrandygy tekrarlanypdyr. Mäneli ozan ýaşuly Meretmuhammet aganyň aýtmagyna görä, pars dilinde “Hoja” tarykat ýolyny döreden Hoja Ýusup Hemedany sopulary bilen durmuş-ahyret söhbetini edip otyrka, sopularyň biri Saýram şäherinde Ahmet atly 4 ýaşyna ýetmedik oglanjygyň türki dilinde adatdan daşary ylmy zehini barada gaty täsirli gürrüň edipdir. Sopunyň ýaşajyk Ahmet hakyndaky gürrüňi Hoja Ýusup Hemedanyny biparh goýmandyr. Ylymdary gözläp ýören bu meşhur ulama ýaşajyk Ahmediň aşa zehinlidigi hakyndaky gürrüňi anyk ýerinde barlamagy maksat edinip, şol bada Saýrama ýola düşüp, bu şähere gelip, sorap-idäp, ýaşajyk Ahmediň öýüni tapyp, olara barypdyr. Şol wagt olaryň öýünde ejesi Bibi ( Bibi aýalaryň ulusy, mertebelisi manyda hormatly zenanlara berilýän at. D.Ý.) hanym bar ekeni Bibi hanym Hoja Ýusup Hemedany bilen şol döwrüň däbine laýyk däp-dessur bilen hal-ahwal soraşypdyr. Oňa äri gelinçä, myhman jaýa girip dynç almagy mürähet edipdir. Emma Hoja Ýusup Hemedany Bibi hanyma minnetdarlyk bildirip, ilki ýaşajyk Ahmediň nirededigini sorapdyr. Bibi hanym ogly Ahmediň kakasy Ybraýym bilen ýerlerini sürmäge gidendigini aýdypdyr. Hoja Ýusup Hemedany Ybraýym Atanyň ogly Ahmet bilen ýer sürmäge giden ýerini salgy alyp, şol tarapa ýönelip, köçe bilen ep-esli ýol geçipdir. Ynha, öňünden dört ýaşlaryndaky oglanjyk bilen kündeli öküzi öňüne salyp, bir adam şojagaz oglanjyk bilen ylmy söhbet edip gelýär eken. Haýran galmaly zat, öküziň agzy daňylgy eken. Özem olaryň gelýän köçeleriniň iki gapdalam otluk eken. Beýik akyldar Hoja Ýusup Hemedany bu gelýänleriň Ybraýym Ata (Hoja Ahmediň kakasam il içinde örän sylagly adam bolansoň, oňa örän hormatlanýan derejäni aňladýan Ata tituly bilen ýüzlenipdirler. -D.Ý.) bilen ogly Ahmetdigine şol bada göz ýetiripdir. Beýik akyldar olaryň ýanyna gelip. Ybraýym Ata bilen sallamlaşyp, hal-ahwal soraşypdyr hem Ahmediň kakasyna şeýle sowallar bilen ýüzlenipdir, Ybraýym Ata bolsa onuň sowallaryna sadadan anyk jogap beripdir. Olar biri-birini tanamasa-da, hormat bilen biri-birine Hojam diýip ýüzlenipdirler: Hoja Ýusup Hemedany: - Hojam, bilesigelijiligimi bagyşlaň, men heniz öküziň agzynyň daňylyp otlamakdan mahrum edilen ýerine duşmandym. Bu nä hikmet?! Öküz janawer öýüňize barynça, ýol otundan otlap gitse, garyn otuny alardy, sizem janaweriň iýmitini azajyk kemseňizem bolardy, bu size bähbidem ahyry. Ybraýym Ata: - Hojam, men siziň kimdigiňizi tanamasam hem, bihal adam däldigiňizi aňýan, şonuň üçin maslahatyňyza sag boluň!! Ýöne ýoluň iki tarapynyň oty Ýaradanyň ýabany haýwanlarynyň rysgy. Bu öküz meniňki, şonuň üçin öküzim özüne degişli rysgy iýmese, oňa men günäkär bolaryn. Bu bir. Ikinjiden, halka degişli bolmadyk ýerleň eýesi döwlet, döwlete degişli oty iýdirjek bolsam men onuň salgydyny tölemeli. Emma ol salgyt bizde ýok. Şonuň üçin men iki günä edip, öküzime bir gysym ot otladyp bilmen. Hoja Ýusup Hemedany: - Hojam, bu jogabyňyza kanagatlandym, ýöne bu kiçijek oglany näme ýanyňyz bilen alyp gaýdypsyňyz, çagajygy kösemeseňiz bolmaýarmy?! Ybraýym Ata: - Hojam, men siziň aýdýanyňyzy goldaýan, ýöne oglum: “Däde (din hadymlary çagalaryna köplenç däde diýdiripdirler. -D.Ý.) meni ýanyň bilen alyp git, menem size kömek ederin diýdi welin, alyp gaýtdym. Nämesindendigini bilemmok, ýöne oglumy alyp gaýdýan welin, günde iki tanap ýer sürýän öküzim hökman dört tanapdan az ýer sürenok. Hoja Ýusup Hemedany Ybraýym Atanyň jogabyna haýran galyp hem kanagatlanyp, onuň mürehedini kabul edip, bu beýik pir Ybraýym Atanyň öýünde bir gije myhman bolupdyr. Olar tanşyp dostlaşypdyrlar. Ybraýym Ata Hoja Ýusup Hemedanydan ogly Ahmedi ulalanda özüne şägirt edip almagy haýyş edipdir, pirem bu haýyşy uly höwes bilen kabul edip, onuň kakasyna şeýle diýenmişin: “Hojam, siziň hakdan halatly ogluňyz kemala gelýänçä, kimdir biriniň ylym öwretmegine mätäç bolmasa gerek. Emma men bu çaga ylym ýoluny öwredip bilerin, nesip bolsa bu çaga geljekde türki halkynyň arasynda ylymlaryň soltany bolar” . Hoja Ýusup Hemedany Ybraýym Ata Ahmede gaty oňat göz-gulak bolmagy tabşyryp, öýüne gaýdypdyr. Hoja Ýusup Hemedany Ahmediň öýünde gören zatlaryny kalbyndan geçirip: “Beýle halal ene-atadan şolar ýaly arassa, aşa zehinli çaga döremese geň bolar. Nesip bolsa, bu çaga türki iliniň ylymda soltany bolar” diýip, anyk netijä gelipdir. Şol sebäpli Hoja Ýusup Hemedanynyň Hoja Ahmet Ýasawa heniz ol çagaka oňa ylymda “Hezreti Soltan” adyny berendigi hakynda aýdylýar. Şol rowaýatda Hoja Ýusup Hemedany gaýdandan soňra iki-üç aýdan onuň kakasyyň, kakasynyň ýyly geçmänkä hem, ejesiniň aradan çykandygy aýdylýar. Ýaşajyk Ahmediň ejesiniň-kakasynyň kiçilikde aradan çykmagynyň aňyrsynda hem hikmetiň bardygy hakynda halk arasyndaky gürrüňlerde nygtalýar. Arslan babanyň elinde başlangyç sowady alan ýaşajyk Hoja Ahmet soňra Hoja Ýusup Hemedanynyň huzuryna gelip, bu meşhur piriň şägirdi bolupdyr. Soňra Hoja Ahmet Ýasawynyň kemala getiren sopuçylyk taglymatyna esaslanýan “Ýasawy” edebi mekdebi ýüzlerçe, hatda müňlerçe türki-türkmen şahyrlartynyň dost-doganlyga esaslanýan edebi aragatnaşygyny emele getiripdir. Bu beýik akyldaryň yslam kadalaryny türki-türkmen dilinde beýan edýän kämil dünýägaraýşy sopuçylyk taglymaty derejesinden has ýokary galyp, türki-türkmen halkynyň ene dilindäki filosofiki taglymata öwrülipdir. Şol sebäpli Hoja Ahmet Ýasawynyň şägirdi bolmak islegi bilen onuň huzuryna gelen ynsanlaryň sany-sajagy bolmandyr. Meşhur gündogarşynas akademik W. W. Bartoldyň ýazmagyna görä, türki halky Hoja Ahmet Ýasawynyň 99 müň şägirdiniň bolandygyna ynanypdyr. Alyşir Nowaýynyň “Nesaýemmul muhabbet” tezkiresinde tassyklamagyna görä, Hoja Ahmet Ýasawynyň şägirtlleri Horasana, Kaşmire, garaz, şol zamanda Garahanylar hem Seljuklar şalygynyň hemme ýerine baryp, onuň “Ýasawy” yslam taglymatyny wagyz edipdirler. Beýik akyldaryň şägirtleri baran ýerlerinde uly abraý-mertebä eýe bolup, ykrar edilen ylymly şahs hökmünde Ata, Hoja, Şeýh titulyna eýe bolupdyrlar. Şeýlelikde, mongol zulumyna çenli türki halklarynyň şahyrlaryny Hoja Ahmet Ýasawynyň “Ýasawy” taglymaty birleşdirip, olaryň kämil edebi gatnaşygy kemala gelip, bu akyldaryň dünýägaraýşy türki-türkmen halkynyň ahlak mertebesine öwrülipdir. Şeýdibem Hoja Ahmet Ýasawynyň döredijiliginden gözbaş alan türki nusgawy edebiýaty formirlendi. Şol sebäpli mongol basybalyjylary zamanynda Hoja Ahmet Ýasawynyň döredijilik hikmetlerinden gözbaş alyp kemala gelen türki nusgawy edebiýaty ähli türki halklarynyň ruhy paýhasyny baýdak ýaly Asmana galdyrdy. Şonuň üçin mongollar türki halklaryny maddy taýdan boýun egdirenem bolsalar, türki halklarynyň ruhy kimligini derbi-dagyn edip bilmedi. Hoja Ahmet Ýasawynyň “Alla ynanyp, diňe sogap işler edip, geljege umytly garamak” ideýasy zalym duşmanlaryň kül-peýkun boljakdygy hakyndaky türki-türkmen dünýägaraýşyny syndyryp bilmedi. Meşhur han-beglerem Hoja Ahmet Ýasawa uly hormat goýupdyrlar. Emir Teýmirleň Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähini öz döwrüne görä abadanlaşdyrandan soňra, ol: “Men Hezreti Soltanyň aramgähini abadanlaşdyryp, kiçijigem bolsa sogap gazandym” diýer ekeni. Şol sebäpli türki halky Hoja Ahmet Ýasawa “Medinede Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet” diýip çäksiz hormat goýýar. Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |