16:54 Gysgajyk maglumatlar hem kyssalar | |
GYSGAJYK MAGLUMATLAR HEM KYSSALAR
Edebi makalalar
Darwiniň ewolýusiýon teoriýasy, Nýutonyň Bütindünýä Ýeriň dartylma kanuny, Eýşteýniň Otnositel-Ähtimallyk teoriýasy atly ylmy açyşlary dünýäniň ylmy ösüşiniň aşa çaltlanmagyna esas boldy. Darwiniň Ewolýusiýon teoriýasy älem-jahanyň, adamzadyň döreýiş, ösüş hem ewolýusiýa (kem-kemden) netijesinde kämilleýiş prosesini esaslandyrdy. Materializm ylmyny ölmez-ýitmez derejä ýetirdi. Hatda Rim Papasyna tabyn Ylym jemgyýeti Darwiniň ewolýusiýon teoriýasynyň kemçiliklerini tankyr etse-de, ewolýusiýon teoriýanyň esasy prinsiplerini ykrar etdi. * * * Çarlz Darwin hiç haçan “Adamzat maýmyndan emele geldi” diýip ýazmandyr. Ol adamzadyň maýmyn şekilli mahlukdan, ýagny adamzadyň häzirki keşbinden has gödeňsi bolan ata-babalaryndan kemala gelendigini ýazypdyr. Darwiniň döwürdeş hristiýan poplary-ruhanylary Darwiniň aýdanlaryny ýaňsylap: “Sen maýmyndan emele geldiň” diýer ekenler. Soňra SSSR zamanynda Darwiniň “maýmyn” sözüni kontekstden bölüp alyp, onuň adyndan ýalan sözlenip, adamzadyň maýmyndan emele gelendigi tassyklandy. Çarlz Darwin has gadymy adamlaryň emedekläp diýen ýaly gezendigini, ewolýusiýa netijesinde ynsanyň häzirki keşbine gelendigini tekrarlapdyr. Adamzadyň häziki kämil keşbine 30 müň ýyl mundan öň gelendigi çaklanýar. Çarlz Darwiniň ylmy barlaglaryň netijesinde gelen ewolýusiýon teoriýasy adamzadyň döreýiş hem kem-kemden kämilleşmek netijesinde ösüş taryhyny, esasan dogry kesgitläpdir. Emma materialistleriň aýdyşy ýaly, Darwiniň ylmy açyşy Allanyň bardygyny ýalana çykaryp bilmedi. * * * XX asyr adamzadyň ylmy açyşlar zamany boldy diýip ynam bilen aýdyp bolar. XX asyrda adamzat döränden şol döwre çenli eden ylmy açyşlaryndan agzalan bir asyrda ýüzlerçe esse köp ylmy açyşlary edipdir. Käbir maglumata görä, XX asyrda adamzadyň ylmynyň ýüz ýylda on iki müň esse ösendigi aýdylýar. Bu maglumat näderejede çyn, ony bilmedik, ýöne ynsanyň XX asyrda atom bomba eýe bolup, kosmosa çykandygy hak. Ýöne XX asyrda uly ylmy ösüşe eýe bolan adamzadyň millionlarça adamyň ömür tanapyny gyran, ömürlik maýyp eden, weýrançylykly iki jahan uyrşuny başdan geçirendiginem bellemek gerek. Bu weýrançylykly iki jahan urşunyň sebäpkärleriniňem "ösen” Ýewropa halklary bolandygyny aýtmak artykmaçlyk etmese gerek. * * * Staliniň şahsyýetine dürli garaýyşlar bar. Onuň garşydaşlaryndan gazaply öç alyp, 1937-38-nji ýyllardaky repressiýada müňlerçe, käbiir maglumata görä, ýedi milliona çenli adamy ýok edipdir. ýa-da uzak möhletleýin türmä basdy, Olaryň gaty ujypsyz bölegi Hruşowyň 1956-njy ýylda Staliniň pidalaryny aklamagy netijesinde türmeden gaýdyp geldi. Dört tomdan ybarat “Ykbal” romanyň awtory, ussat türkmen ýazyjysy Hydyr Derýaýew hem Staliniň repressiýasynyň pidasy bolup, 19 ýyl türmede oturyp, aklanyp, boşap gelen adamlaryň biri. Beýik watançylyk urşy ýyllarynda Beýik Britaniýanyň Primer ministri, görnükli syýasyatçy U.Çerçil Staline şeýle baha beripdir: “Stalin azal bilen ýer sürýän ýurdy miras alyp, bu ýurdy kuwwatly atom bombaly döwlete öwürdi”. * * * Sosialistik SSSR döwleti döredilensoň, bu ýurda tabyn halklaryň haýsy formada SSSR-iň düzümine girmegi barada bolşewikleriň arasynda köp çekişme bolupdyr. Stalin hem onuň tarapdarlary halklary guberniýa-oblast görnüşinde SSSR-iň düzümine girizmegi teklip edipdir. Emma W.I.Lenini halklary milli prinsip boýunça respublika edip, ýurduň düzümine girizmegi teklip edipdir hem onuň bu teklibi kabul edilipdir. Ýöne SSSR-iň düzümine girjek respubliklaryň daşary ýurt bilen serhetleşmegi, ilatynyň bir milliondan geçmegi hökmany şert hasaplanypdyr. Türkmenistanyň ilatynyň 1924-nji ýylyň sentýabrynda bir milliondan geçmegi hem daşary ýurt bolan Eýran-Owganystan bilen serhetleşmegi türkmenleriň SSSR düzümine respublika bolup girmegine oňaýly şert döredipdir. Bu oňaýly mümkinçilikden Gaýgysyz Atabaýew ýaly şol döwrüň görnükli türkmen ýolbaşçylary ussatlyk bilen peýdalanyp, 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan Respublikasy jar edildi. 1991-nji ýylda SSSR darganda, Türkmenistanam edil ýurduň beýleki on bäş respublikalary ýaly garaşsyz döwlet boldy. Emma SSSR-iň düzüminde ýaşan başgyr, tatar ýaly birnäçe halklaryň ilat sany bir milliondan has köp bolanam bolsa, ol halklaryň ýaşaýan territoriýasynyň daşary ýurtlar bilen serhetleşmändigi üçin, olar aýratyn respublika bolup bilmediler. Olar SSSR darganda, Russiýanyň düzüminde galdylar. * * * 1924-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistan Respublikasy jar edilende, şol wagt Atatürküň baştutanlygyndaky Türkiýe ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny ykrar edipdir. Ýöne soňra Türkmenistanyň SSSR-iň düzümine girmegi bu ykrar etmäni kagyz ýüzünde galdyrypdyr. 1991-nji ýylda Türkmenistan Garaşsyzlygyny jar edende, ýene Türkiýe Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji ykrar eden döwlet boldy. * * * SSSR zamanynda berlen ylym kemçilikleriniň bolandygyna garamazdan, dünýä derejesindäki ylym-bilim diýip aýdyp bolar. Aýratynam, SSSR-iň meseläni çözmekdäki ylmy-analiz, ylmy-barlag usulynyň kämil derejede bolandygyny aýtmak gerek. Biziň neslimiz SSSR zamanynda orta mekdebi tamamlap, ýokary okuw jaýyna giren nesilleriň soňkularynyň biri hasaplanýar. Ýokarda hem aýdyşym ýaly, orta mekdebi SSSR zamanynda tamamlap, ýokary okuw jaýyny SSSR ylym-bilim bazasynda berlen okuw programmalary bilen tamamladyk. Daşary ýurtda geçirilýän ylym, žurnalistika boýunça halkara konferensiýalaryna, ýygnaklara, sammitlere maňa köp gezek gatnaşmak miýesser etdi. Şol konferensiýalarda, ýygnaklarda, sammitlerde goýlan ylmy meseleleri ýa ýurdumyzyň bähbidini goramakdaky ýüze çykan problemalary oňyn çözmek babatda alan ylym-bilimimden utanmaly bolmadym. Emma halkara iňlis dilini bilmeýändigim üçin, kynçylyk çekdim. Şonuň üçin ýaşlarymyza halkara dillerini, esasanam, iňlis dilini mynasyp derejede öwredip bilsek, Türkmenistanyň ylym-biliminiň halkara derejä çykjakdygyna şübhelenmeýärin. * * * SSSR-iň iň ýokary wezipeli adamy SSSR-iň Kommunistik partiýasynyň Baş sekretary hasaplanýardy. SSSR Kommunistik pňartiýasynyň Baş sekretary N.S.Hruşow Türkmenistana gelende, ony garşylaýanlaryň arasynda Türkmenistanyň şol wegtky Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Şaja Batyrowam bar ekeni.Hruşow kimiň ýanyna gellip, Baş sekretar elini uzatsa, edep bilen salamlaşyp, ol näme diýse, dykgat bilen diňläp, diňe baş atyp tassyklamak hem hiç hili sowal, hatda jogap bermezlik gaty berk tabşyrylypdyr. Hruşow Türkmenistana gelip, keýpikök halda öňünden çykarylan türkmen emeldarlary bilen tanşyp başlapdyr. Ol Şaja Batyrowyň deňine gelenden, Şaja Batyr TYA-nyň prezidentidigini aýdypdyr welin, Hruşow oňa: “Näçe işgäriň bar, ýoldaş alym” diýipdir. Ş.Batyrowam: “Ýoldaş Baş sekretar, iki müň gowurak alymym bar diýipdir. N.S.Hruşow Ş.Batyrowa dikanlap seredip: “Iki müň gowurak alymym bar, bu sanyň gaty köp, ýoldaş prezident” diýenenden, ol: “Ýoldaş (şol döwrüň syýasy däbine görä, döwlet ýolaşçylarynyň, emeldalarynyň adynyň ýa wezipesiniň öňünden ýoldaş sözüni aýdyp olara ýüzlenilýärdi). Baş sekretar, köp san, soňra hile geçýär.” diýip, jogap beripdir. N.S.Hruşow Ş.Batyrowyň bu jogabyna ýüzüni-gözüni çytyp, halamandygyny sypatyndan bildiripdir. N.S.Hruşow Türkmenistandan yzyna gaýtmak üçin uçar meýdanyna gelip, özüni ugratmaga gelen ýokary wezipeli döwlet emeldarlary bilen sag bollaşyp durka, birden şu sözleri aýdypdyr: “Ol alymlaryň köp sanynyň hile geçjekdigini aýdan ýigdem köp sanyň hile geçýändigini subut edip işläbersin”. Eger Hruşow şu sözleri aýtmadyk bolsa, Şaja Batyrowyň wezipeden boşadyljakdygy ikuçsyzdy diýýärler. Şaja Batyrowyň bu sözleriniň alymlaryň arasynda iş gysgaltma-sokraşeniýe diýen agyr ýüküň bolmagynyňam öňüni alandygyny aýdýarlar. * * * XVIII-XIX asyr hakynda gürrüň edilende, halkymyzyň 0,3-0,7 %-niň, garaz, bir prosentden az ilatymyzyň sowatly bolandygy ýazylýar. Şol zaman halkymyz şeýle sowatsyz bolan bolsa, Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldar nädip döredikä?! Gündogarşynas alymlarynyň hemmesi tarapyndan Pyragynyň Orta Aziýadaky türki halklarynyň arasynda ilkinji milli şahyrdygy ykrar edilen hakykat. Ýa bolmasa, Magtymgulyny halypa hasaplap, Gurbandurdy Zelili, Kemine, Seýitnazar Seýdi, Seýdi Hoja, Molla Nepes, Kätibi, Talyby, Şeýdaýy, Şabende, Mätäji... ýaly onlarça klassyk şahyrlarymyzyň ussatlygndan emele gelen kämil poeziýa türkmen halkynyň sowatsyz bolmandygyny düşündirişsiz subut edýär. Halkymyzyň şol zamanlar okap-ýazyp bilmek sowady bolmadygam bolsa, müňlerçe ýylyň tejribesinden geçen pederleň kämil pähim-paýhasy halkymyzyň ganynda-zandynda bar ekeni. Pederlerimiziň müňlerçe ýylda taplanan kämil pähim-paýhasy Magtymguly ýaly beýik akyldary, onuň şägirtleri bolan klassyk şahyrlarymyzy orta getirdi. Şonuň üçin halkymyzyň XVIII-XIX asyrdaky sowatlylyk derejesi hakynda gürrüň edilende, pylança prosenti sowatsyzdy diýmän, pylança prosenti okap-ýazyp bilenokdy diýsek, dogry bolarmyka diýip pikir edýärin. Sebäbi 99% den köp bölegi sowatsyz bolan halk Gündogarda ykrar edilen, onlarça klassyk şahyry dünýä berip bilmez... * * * Türkmen halky taryhyň belli bir döwründe mongol basybalyjylary ýaly zalymlara tabyn boldy. Mongol zulumyndan soňra, türkmenler ata watanymyzda birleşip döwlet döredip bilmediler. Şonuň üçin halkymyz dagynyk ýaşap, keseki halklaryň döreden döwletlerine tabyn bolup ýaşamaly boldy. Emma türkmen halkyny ruhy taýdan hiç bir bsybalyjy boýun egdirip bilmedi. Mongol zulumy zamanynda Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetleri, soňra “Görogly” eposy türkmeniň ruhy taýdan boýunegmezek halkdygyny dünýä ýüzüne äşgär etdi. * * * Beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmeni bitewi bir dünýägaraýşa birleşdirdi. Magtymgulynyň poeziýasy türkmeniň birleşen bir güýç bolup, bir döwlet gurup biljekdigini çeper sözler bilen pederlerimize gaty anyk düşündirdi. Türkmen aga öz akyldar şahyryna ynandy. Ol ynanjyň miwesi bu günki gün dünýä ýüzünde ykrar edilen Türkmenistan watanymyzdyr. * * * Islendik ýagşy-ýaman zadyň netijesi has soňra bildirýär. Mysal, beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň türkmeni birleşdirmek ideýasy XIX asyryň ikinji ýarymynda öz miwesini berip başlady. Türkmenleriň Maryda, Garrygalada keseki duşmanlardan gazanan ýeňşi munuň aýdyň subutnamasydyr. Nurberdi hanyň 1870-nji ýyllarda Ahalyň, Marynyň hany bolmagy türkmenleriň birleşmek hyjuwynyň netijesidir. Dogry, türkmenleriň 1881-nji ýylda Gökdepe söweşinde Rus patyşalygyndan ýeňilmegi türkmeniň Garaşsyz döwlet döretmek arzuwyny onlarça ýyl yza tesdirdi, emma 1991-nji ýylda türkmeniň bagtyndan ak Gün dogup, halkymyz pederlerimiziň arzuw eden Garaşsyz watanyna eýe boldular. Magtymgulynyň türkmeni birleşdirip, döwlet gurmak arzuwy gijrägem bolsa hasyl boldy. Anygyny aýtmaly bolsa, beýik akyldar Magtymguly öz döwründe dagynyk ýaşaýan halkymyzy birleşmage çagyranda, şahyryň bu matlaby hyýaly bir zat ýaly görünýärdi. Emma şahyr aljyramandyr, özübi sabyrly bolmaga çagyrypdyr. Ol sözüni diňlejekdiklerine ynanypdyr: Magtymguly, köňle gaýgy getirme, Bu bir iş wagtydyr, özüň ýitirme, Sözüm aňlan ýok diýp, ümsüm oturma, Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr. Pyragy halkyna ynanyp ýalňyşmady. Magtymgulynyň “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar” diýen ideýasyny pederlerimiz ýüreginde göterdi, şahyryň bu ideýasyna ynandy. Şol ynanjam türkmeni Garaşsyz watanyň eýesi etdi. * * * Geçmişe-taryha şu günki günüň akyl-paýhas gözi bilen seretmeli däl. Her bir döwre şol zamanyň gözi bilen seredip baha bermek gerek. * * * “Her bir ýaman işde haýyr bolsun, sabyrly bolalyň” diýilýän pikir şübhesiz dogry hasap edýärin. Aýtmaklaryna görä, Tejenli birnäçe ýaşulylaryň, Kuly aganyň tassyklamagyna görä (1990 ýyl.), 1925-nji ýylyň sentýabrynda Gaýgysyz Atabaý bir döwlet işi bilen Tejene baryp, ol Allan Maş atly köne tanşynyň öýüne duýdansyz düşläpdir. Şol gün öý eýesi 1881-nji ýylyň Gökdepe söweşinde şehit bolan dogan-garyndaşlarynyň hormatyna ýyl dönüm sadakasyny (Ol döwürler Gökdepe söweşiniň ýyl dönüm sadakasy Aý hasabyndan hasaplanyp berilýär eken. Aý hasabynyň bir ýyly 354-355 güne deň bolup, Gün hasabynyň bir ýylyndan 11 gün gysgadyr.) berýär eken. Gapysynda duýdansyz Gaýgysyz Atabaýy gören Allan aga gaty aljyrap, näme etjeginem bilmändir. Emma tejribeli Gaýgysyz Atabaý Allan aga bilen gadyrly salamlaşyp, özüniň ähli zatdan habarlydygyny aýdyp: “Allan aga, gaýtam maňa Tejenli ýaşulylar bilen hal-ahwal soraşmaga mümkinçilik boldy, ýör ýaşulylaryň ýanyna baraly” diýip, Allan aga bilen tirkeşip, ol sadaka gelen ýaşulylaryň ýanyna giripdir. Tejenli ýaşulylar Gaýgysyz Atabaýyň öňlerinde durandygyna haýran galypdyrlar. Mahlasy, Gaýgysyz Atabaý ýaşulylar bilen hal-ahwal soraşyp, soňra olar bilen gaty açyk söhbetdeşlik edipdir, pajygaly Gökdepe söweşinde pederlerimiziň ýanbermezligi hakynda hem köp gürrüň edilipdir. Gaýgysyz Atabaý Gökdepe söweşi baradaky gürrüňi şeýle jemläpdir: “Hormatly ýaşulylar, agalar, pederlerimiz Gökdepe söweşinde watany goramagyň beýik nusgasyny görkezip, gerçek ýigitlerimiz şirin janlaryny gurban etdiler. Olary näçe hormatlasaň az, ýöne urşuň netijesi biziň isleýşimiz ýaly biolmady. Emma pederlerimiziň her zatda bähbit bar diýleni boldy. Gökdepe söweşinde pederlerimiz ýeňen bolsa günbatarymyz Bäherdenden, günorta-gündogar serhedimiz bolsa Tejene (Tä 1970-nji ýyllaryň başyna çenli Tejen hem oňa girýän obalar Mary oblastyna-welaýatyna degişli ekeni) geljegem belli däldi. Sebäbi şol söweşe çenli Bamy+Börmeden aňyrda-tä Hazara çenli ýaşaýan ilimiz göni Orsýet imperiýasyna tabyn bolupdy. Daşoguz-Horezm ilimiz Hywa hanlygynyň, Lebap-Kerki ilimiz Buhara emirliginiň düzüminde Rus imperiýasyna birigipdi. Mary ili bolsa Orsýet patyşasyna meýletin birleşjegini aýdypdy. Görşüňiz ýaly, häzir biz hemme türkmenlerimizi birleşdirip, Türkmenistan Respublikasyny döretdik. Indi ähli türkmeniň bir watany bar. Aýtjak bolýan zadym pederlerimiziň ýeňlişi olaryň watana bolan synmaz yhlasy bilen Ýeňşe öwrüldi. Ýöne meniň bu aýdýanlarymam şertli, taryhy şeýle bolmaly diýip düzedip bolanok. Taryh dogrusyny saýlaýar diýýärler. Ýaşulylar pederlerimiziň watan üçin şirin janlaryny gurban etmekleri netijesini berdi. Men şu sözlerimi ýene bir gezek çintgäp aýtmakçy: Biziň wagtlaýyn ýeňlişimiz şek-şübhesiz Ýeňiş boldy.” Gaýgysyz Atabaýyň bu aýdanlary bilen tejenli ýaşulylar ylalaşypdyrlar, Tizara nahar çekilip, soňra ýagşy arzuw-niýet bilen aýat-töwir edilipdir. Mundan soňra, ýaşulylar Gaýgysyz Atabaý bilen mähirli hoşlaşypdyrlar. * * * Mäneli Berdinazar ahun: “Şeýtan ýüz zat aýtsa, 99-ny dogry aýdyp, adamzady azdyryp, bolmanda, agyr ýalňyşdyryp biljek özen bir hakykaty ýalňyş aýdýar. Başga bir maglumatda bolsa şeýtan müň zat aýdanda, adamzady azaşdyryp biljek bir hakykaty düýbünden ýalňyş aýdýar. Şonuň üçin ägä boluň” diýer ekeni. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |