21:26 Soltan Sanjaryň ahmyry | |
SOLTAN SANJARYÑ AHMYRY
Taryhy makalalar
Seljuk şalygyna 1118-1157-nji ýyllarda Soltan Sanjar hökümdarlyk edipdir. Onuň hökümdarlygynda tä XII asyryň oratalaryna çenli Seljuk şalygy gülläp ösüpdir 1150-nji ýyllaryň başlaryna Soltan Sanjar çarwa oguzlara agyr salgyt salýar. Emma oguzlar agyr salgydy tölemekden boýun gaçyrypdyrlar. Ol 1153-nji ýylda boýunegmezek çarwa oguzlaryň üstüne goşun çekýär. Ýöne Soltan Sanjar ýeňlip, oguzlaryň eline ýesir düşüpdir. Horasany oguzlar eýeläp, olar Soltan Sanjary öldürmän ýesirlikde saklapdyrlar. Soltan Sanjar 1156-njy ýylda ýesirlikden gaçýar. Ol 1157-nji ýylyň 8-nji maýynda içagyry keselden, aradan çykypdyr, megerem, zäherlenmekden aradan çykan bolmagam mümkin. Beýik Seljuk şalygy Soltan Sanjaryň aradan çykmagy bilen doly ýykyldy. Gündagarşynas alymlaryň biragyzdan tassyklamagyna görä, Soltan Sanjaryň köşgünde 400-e golaý köşk şahyry bolup, olar Soltany Ýerden alyp, Arşa çykaryp öwüpdirler. Pöwhe öwgüler Soltan Sanjary ýönekeý halkyň durmuşyndan daşlaşdyrypdyr. Şeýdibem Seljuk şalygy ýykylypdyr. Soltan Sanjaryň ýesirlikdekä eden pikirleriniň, ahmyrynyň çeper beýanyny şygra geçirdim: Daşyma ýygnap men giden sülsady, Olaryň şahyrdy barynyň ady. Duýman, bu ýalançyň pirim-alyny, Ýaranjaňa berip, dünýe malyny. Halk içinde meni ilsiz goýdular, Alladanam “beýik” diýip öwdüler. Ilim-günüm üçin etmän alada, Taňry deýin uýupdyryn galada. Ilimden daş boldum, ýokdur delalat, Halymy it görse aglar şu halat. Beýik Soltandym, daş ýarardy demim, Goşunym dagap, boş galdy ýanym. Ne ökünçden, ne ahmyrdan peýda bar, Halka gol bermedik Soltan şeýle bor. Allam arzym: dökülmesin nähak gan, Janym al, ýöne ýoldaş bolsun iman... 2010 ý. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 9 | ||||||||||
| ||||||||||