15:43 Magtymgulynyň şygrynyň gudraty | |
MAGTYMGULYNYÑ ŞYGRYNYÑ GUDRATY
Magtymgulyny öwreniş
Poeziýa dünýä ýüzündäki hemme halklar üçin, ýürege iň ýakyn çeper döredijilik, çünki şygyr sungaty adamzadyň içki oý-pikirinden taraşlanyp kemala gelen ylham çeşmesi. Türkmen üçin şygyr sungatynyň аýratyn ähmiýeti bar. Magtymgulynyň poeziýasy dagynyk halkymyzy owalbaşda bir dünýägaraýşa-bir pikire uýdurdy. Soňra pederlerimiz Magtymgulynyň şygyr gudratyndan ruhlanyp, bir döwlet gurmalydygyna ynandy. Pederlerimiz agyr külpetleri başdan geçirse-de, Magtymgulynyň: Türkmenler baglasa, bir ýere bili, Gurydar Gulzumy, derýaýy-Nili, Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, alili Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz. - diýen bendi halkyň ýürek owazy bolup ýaňlandy. Pyragy: Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň... - diýip, şahyr ähli türkmeniň bir suprada jemlenip, bir döwletde ýaşamagyny arzuwlady. Beýik akyldar: Agyr döwletler aýrylar. Bir agza bakmaýan ärden... - diýip, bir döwlete gulluk edýän halkyň bir agza bakyp, agzybir ýaşanda, bagtly boljagyny akyldar şahyr ýüregi bilen nesihat etdi. Pederlerimizi türkmen adynyň daşyna jemlän Magtymgulynyň halkymyzy birleşdirmek hem synmaz türkmen döwletini gurmak pelsepesine ata-babalarymyzyň ýürekden ynandygy üçin, halkymyz 1991-nji ýylda Garaşsyz Türkmenistan döwletine eýe boldy. Mahlasy, türkmen Magtymgulynyň şygyr sungatynyň gudraty bilen dagynyklykdan birleşdi, synmaz türkmen döwletini gurdy. Şygyr sungatynda Magtymgulynyň edebi mekdebi emele geldi. Beýik akyldar Magtymgulydan soňra ýaşan Zelili, Seýitnazar Seýdi, Seýdi Hoja, Molla Nepes, Mämmetweli Kemine, Mätäji, Talyby... ýaly onlarça klassyk-nusgawy şahyrlarymyz Magtymgulynyň döredijilik ýoluny dowam etdirip, kämil türkmen nusgawy poeziýasyny miras goýdular. Magtymguly türkmen poeziýasyny doly dünýewi hala getirdi hem ol türki-çagataý dilinde eser ýazmakdan el çekip, arassa türkmen dilinde eserlerini ýazdy. Halkyň agysyna aglap, şatlygyna begenip, türkmeni birleşdirmek hem döwlet gurmak ideýasyny döredijiliginiň baş maksady edinip, Magtymguly pikirlerini peder paýhasyna ýugrup, türkmene nesihat berdi. Pederlerimiz öz şahyryna ynandy. Şeýlelikde, Pyragy Orta Aziýada ýaşaýan türki halklarynyň arasynda ykrar edilen ilkinji milli şahyr boldy. Türkmen döwlet gurmak arzuwyny beýik Pyragynyň poeziýasynyň gudratyna ynanayp amala aşyryp başlady. Şonuň üçin pederlerimiz döwlet gurmagyň ilkinji binýatlaryny gurup başlanlarynda haýsydyr bir dini pelsepä däl-de, Magtymgulynyň kämil poeziýasynyň gudratyna ynandylar. Magtymguly Pyragy: Külli işiň beýany, Gurhandadyr-Gurhanda... - diýse-de, döredijiliginde türkmen temasyny baş tema öwürdi. Şol sebäpli Magtymguly türkmeniň ölmez-ýitmez milli şahyry bolup, Gündogar edebiýatynyň taryhyna girdi. Peder paýhasyna ýugrulan Magtymgulynyň poeziýasy türkmeniň täze, döwrebap milli mentalitetimizi- dünýägaraýşyny kemala getirdi. Yslam dininiň düşünjeleri türkmeniň gadymy pähim-paýhasyna uýgunlaşdyryldy. Mysal, yslam dininde mümkinçiligi bolan baý adamyň dört aýal, hatda gyrnak bolsa isledigiçe aýal almaga haky bar. Emma Magtymguly “Kyl-u-kal bolar” diýen şygrynda: Gahr eýleýip, gelmez bolsa ýanyna, Söz aýtmasa her biriniň şanyna, Beýle är goşulmaz adam sanyna, Iki hatyn, bir är – üç aýal bolar. - diýip, köpaýallygyň islendik formasyny ýazgardy. Magtymgulynyň bu garaýşy şu toprakda ýaşan gadymy pederlerimiz bolan sak-massagetleriň maşgala gurmak düşünjesinden gözbaş alyp gaýdýar. “Taryhyň atasy“ adyny alan Gerodot dünýä meşhur “Taryh” kitabynda tas 2500 ýyl öň, häzirki türkmen topragyna gelende, şu toprakda ýaşan gadymy sak-massaget pederlerimiz barada şeýle ýazgy galdyrypdyr: “Olar (sak-massagetler) beýlekilerden (parslardan) bütinleý üýtgeşik. Olarda köpaýallygam häsiýetli däl”. Gerodotyň bu jümlelerine düşündiriş gerek däl bolsa gerek. Diňe aýtmaly hakykat: Türkmen topragynda ýaşan adamlaryň nähili atlandyrylandygyna garamazdan, Türkmen topragynda dörän medeniýetiň-sungatyň, edebiýatyň ýeke-täk mirasdüşeri türkmenlerdir. Türkmenler owal-ahyr şu toprakda ýerli halkdyr. Ynha, Pyragynyň “Iki hatyn, bir är – üç aýal bolar...” diýen pikiri gadymy pederlerimiziň maşgala gatnaşyklaryndaky örän progressiw düşünjeden gözbaş alyp gaýdýar. Şu ýerde bir hakykaty aýtmak isleýärin. Türkmenleriň maşgala, jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky ahlak düzgünleri urp-adatlary dini nukdaýnazardan düşündirjek bolýarlar. Emma türkmeniň maşgala, jemgyýetçilik gatnaşyklaryndaky däp-dessury urp-adaty, esasan, gadymy peder paýhasyndan kemala gelen ynançlardan gözbaş alyp gaýdýar. Pyragy yslama uýýan halklaryň mezhebine garamazdan, olaryň hemmesini musulman atlandyryp, tutuş musulmany agzybirlige çagyrypdyr: Musulmanlar gylyç ursa bir-bire, Döwlet dönüp, dinler nogsana gelgeý. Zulm eýläp, bir-birin salsa ýesire, Pelek bu pikirden puşmana gelgeý. Bir-birini çapmak ermes ärlikden, Bu iş şeýtanydyr, belki, körlükden, Agzalalyk aýrar ili dirlikden, Döwlet dönüp, nobat duşmana gelgeý... Nedir şa aradan çykandan soňra, Eýran-Turandaky tagt üstündäki söweşlerde orta çykan köp sanly şalar diniň adyndan garşydaşyny ýazgaryp, hatda köplenç halatda garşydaşyny müşriklikde, kapyrlykda aýyplap, olar nähak gan dökdüler. Şeýle zamanda yslam ynanjyndaky hemme halklara Magtymgulynyň “musulmanlar” diýip ýüzlenmegi örän progressiw garaýşdyr. Asla türkmen paýhasynda başga halky haýsydyr bir tarapdan aýyplmak düşünjesi ýokdur. Hawa, pederlerimiz Magtymgulynyň paýhasyna-onuň şygrynyň gudratyna ynanyp ýalňyşmady. Türkmeniň Magtymgulynyň şygrynyň gudratyna ynanyşy hakynda Wamberä gulak asalyň: “Iki sany sowatly türkmen haýsydyr bir mesele boýunça jedel edip durlarmyş. Özem ol türkmeniň biri pikirini tassyklamak üçin “Gurhanyň pylan süresiniň pylan aýaty meniň aýdanlarymy tassyklaýar” diýipdir welin, beýleki türkmenem oňa: “Gardaş, meniň aýdýanlarymyňam Gurhanyň pylan süresiniň pylan aýatynda delili bar. Şol sebäpli men seňkini tassyklap biljek däl, meniňki dogry” diýipdir. Bu iki türkmen soňam kän çekeleşip, waka şeýle gitse, olar ýumruklaşmak derejä barypdyrlar. Emma olaryň birden biri: “Gardaş, Magtymguly akyldaryň şygrynyň şu bendi meniň aýdanlarymy tassyklaýar” diýip, Pyragynyň bir bendini pikrine tassyklama hökmünde aýdypdyr welin, ikinji dawalaşyp duran şeýle diýipdir: “Gardaş, pikiriňi garjaşdyryp durman, başdan Magtymguly işanyň bendini aýdan bolsaň, men dawa etmezdim. Akyldarymyz Magtymguly aýdandan soňra, bizde gep bolmaz” diýipdir. Şeýdibem çekeleşip duran iki türkmeniň dawasy ylalaşykly tamamlanypdyr. Magtymguly her bir türkmen üçin hakykatyň çeşmesi hasaplanypdyr”. Akademik Baýmuhammet Garryýew pederlerimiziň Magtymgulyny geçmişi, öz zamanasyny hem geljegi bilýän adam hasaplandygyny habar berýär. Bu halypa alymyň aýtmagyna görä, pederlerimiz Magtymgulyny hemme zady bilýän adam hasaplapdyrlar. Şahyr “Atamyň” diýen şygrynda: Görmesem, söýlemen oý bile çenden, Maksadyna ýeter ýykylan çyndan, Ýarysy melekden, ýarysy jyndan, Müjewürsiz bolmaz üsti atamyň. - diýip, çen-çak bilen hiç zat aýtmaýandygyny, diňe anyk göz ýetiren hakykatyny ýazýandygyny beýan edipdir. Magtymguly “Gökleň” diýen şygrynda bolsa: Sözi agzyma Hak salar, Bir nepes aýdylan bolar, Ýamanlyk eýleýen geler, «Nurbat!» diýp, amana, gökleň. - diýip, ylhamynyň Hakdandygyny öňe sürüpdir. Şeýlelikde, Hakdan halatly Magtymgulynyň peder paýhasyna ýugrulan şygrynyň gudraty türkmen dünýägaraýşyny dünýä çykardy. Anyk aýtmaly bolsa, halkymyzyň dünýägaraýşy dini pelsepe esasynda däl-de, asyrlaryň synagyndan geçip, türkmeniň pähim-paýhasyna ýugrulan türkmençilik däp-dessury, urp-adaty esasynda kemala geldi. Türkmen yslam dininiň edep-ahlak kadasyna uýdy, emma dini fanatizmden, köre-körlük bilen yslama uýmakdan daşda durdy. Elbetde, bu aýratyn tema. Magtymgulynyň ulama atasy Döwletmämmet Azady türkmeniň yslam ynanjynyň arap-parslaryňka meňzemeýändigini eserlerinde açyk beýan edipdir. Bu hakda indiki makalalarymuyzda anyk söhbet ederis. Magtymgulynyň şygrynyň gudraty hakyndaky söhbetimizi bolsa şu pikirler bilen jemlemek isleýärin. Magtymgulynyň peder paýhasyna ýugrulan milli poeziýasy dagynyk türkmeni birleşdirdi. Agyr hem kötel ýol geçen pederlerimiziň yhlasy bilen türkmenler ata watanymyzda Türkmenistan diýen garaşsyz döwleti döretdiler. Türkmeniň döwlet gurmak ideýasynyň gönezligi bolsa Magtymgulynyň kämil poeziýasy boldy. Pyragynyň şygry türkmeniň kalbynda aýdym bolup ýaňlandy. Bu günki günem ol aýdymlary diňlemek nähili ýakymly adamlar!!!! Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. Surat: Magtymguly Pyragynyñ Aždarhan (Astrahan) şäherindäki ýadygärligi | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |