16:38 Diňe şahyrlar hem şygyrlar hakda | |
DIÑE ŞAHYRLAR HEM ŞYGYRLAR HAKDA
Edebi makalalar
Şygyrdan logika gözlenmeýär, şygryň eýesi-habary ýerinde bolmanam biler. Şygyr duýgudyr. Hak şahyrlar halkyň gözi, gulagy, dilidir. Olar halkyň öňünde duran problemany hemmeden öň görüpdir. Dagynyk türkmeni birleşdirmek maksadyndan ugur alyp, halkyň agysyna ilkinjileriň biri bolup aglap bilendigi üçin, Magtymguly Pyragy dünýä ýüzünde ykrar edilen Orta Aziýadaky türki halklarynyň arasynda ilkinji milli şahyr boldy. Gündogarda tä XX asyra çenli şahyrdan, şadan, şirden, ýagny “Ş” harpy bilen başlanýan şu üç zatdan gorkulýar, gorkmaly diýer ekenler, özem şu aýdyş tertibim boýunça olardan gorkulýar eken. Şahyrdan gorkulýandygy şahyrlar il-günüň agysyna aglap, il derdi bilen ýaşandyklary üçin, halka zulum, hatda kiçijik säwlik goýberseňem, şahyrlaň diline düşseň, il ryswasy bolmagyň mümkin. Şonuň üçin agzalan döwürde adamlaryň, onda-da emeldar adamlaryň iň gorkýany şahyrlar ekeni. Ýurduň hökümdary bolan şadan gorkulypdyr. Ýöne şalaryň gözüne düşüp ýörmeseň (agyr jenaýatçy ýa şanyň ünsüni çekjek hereketleri edýän bolmasaň..) ýa gös-göni şanyň garamagynda işleýän emeldar bolmasaň, şalaryň halk köpçüligi bilen beýle bir işi bolmandyr. Onda-da ýurduň hökümdary hökmünde şadan gorkmak pederlerden galan ähtibarlyk bolupdyr. Şalaryň kanuna hormat goýşuna, häsiýetine, ýöredýän syýasatyna görä, şalardan gorkmak derejesem tapawutly bolupdyr. Şirden gorkmaly diýilýäni ýolbars haýwanlaryň iň güýçlüsi-hökümdary hasaplanýar. Haýwanyň hiçisinden ätiýaç etmeýän şiriň ynsany hem sylap goýjakdygyna beýle bir ynam etmändikleri üçin, adamlar şirden ätiýaç edip, ondan gorkmaly diýen netijä gelipdirler. Gündogarda “şahyrlaryň pygamberi” diýen beýik derejäni alan Enweri “Şiden gorkmaly diýmek, diňe ýolbarsdan gorkmagy aňlatmaýar. Şirden gorkmak, bu gaýduwsyz, garadangaýtmaz, hatda ýeke galanda hem, öz namys-aryny gorap bilýän gerçekden-adamlaryň Şirinden gorkmakdyr” diýip ýazypdyr. Klassyk şahyrymyz Kätibi Enweriniň bu pikirini ussatlyk bilen şeýle beýan edipdir: Ýeke diýip, merde zulum eýleme, Ýa alar, ýa öler, merdana begler!! Indi şahyrdan gorkmaly diýen düşünje halkyň kalbyndan çykdy, sebäbi şahyrlaryň köpüsi halkyň agysyna aglamaýar, olaryň halk bilen işem ýok. Halk arkasynda bolmadyk şahyrlardan gorkmak däl, hatda olary beýle bir sylabam baranoklar. Şirden gorkmak diýen düşünjede ýitdi, sebäbi indi ýolbarslar şýle derejede azaldy, hatda şirler Gündogar ýurtlarynyň köp ýerinde ýok diýerlikdir. Şeýlelikde, Gündogarda şahyrdan, şadan, şirden gorkmaly diýen aýtgydan şahyrdan hem şirden görkmaly diýen düşünje aýryldy. Seljuk soltanlygynda, aýratynam, Soltan Sanjaryň köşgünde döredijilik sungatynda beýik derejelere ýeten Enweri Soltan Sanjaryň ölümine bagyşlap, bu soltanyň özi dirikä, onuň haýyşy boýunça şu şygry ýazypdyr: Ýok, ýok, Soltan Sanjara öldi diýmen, Ýalan şum habary ilede ýaýman. Şahym ölse, jahan lerzana geler, Galat diýmäň, derhal kyýamat bolar. Gitdi soltan, däldir ömrüniň soňy, Eýelemek üçin başga älemi. Diýibersinler, düzelmek ýok küýkä, Iman eder, ýene bir azan taýpa. Hak mekanna gitdi Jahan soltany, Şoň üçin jesetden aýryldy jany. Ýöne Soltan Sanjar ölenden soňra, häkimligi ele alan Horezmşalaryň köşkde işläp, olaryň özlerine hyzmat etmek teklibinden Enweri ýüz öwürmek bilen çäklenmän, Enweri Seljuk soltanlygynyň ýykylmagyna bagyşlap, “Horasanyň gözýaşy” diýen örän kämil poemasyny ýazypdyr. Emir Enweri bu poemasynda Horezm şalara Heý-hat, düýnki gullar bu gün şa boldy, Şeýdip, jahany hasrat gaplap aldy... diýip ýazyp, olary kemsidipdir. Emir Enweri dagy Seljuk soltanlaryny öwüp, Ýerden alyp, Asmana çykarsalaram, agyr pursatda hem bu ussat şahyrlar Seljuk soltanlygyna wepaly bolupdyrlar. Emir Enweri ýaly şahyrlaryň ussatlygy hem wepadarlygy üçin, dünýä poeziýasy altyn harplar bilen olaryň adyny ölmez-ýitmez diýip ýazypdyr.Enweri Seljuk soltanlaryna wepaly bolup, ömrüniň soňunda hor-homsy bolup ýaşap, dünýäden ötüpdir. Onsoň olardan nähili gorkulmasyn. Diýmek, messepli şahyrlaryň ady ýitmeýär. Halkyň agysyna aglap, şalary tankyt astyna alan, hatda olary zalymlykda aýyplan şahyrlara-da hökümdarlar hiç zat diýmändirler. Täçjaly şahyr Osman soltanlygynyň onunjy soltany, öz iki ogluna, jennet guşy ýaly şol ogullarynyň alty oglanjyk agtyklaryna rehim etmän öldüren Süleýman patyşany ol ogly Mustapany öldüreni üçin, ony ganhorlukda aýyplap, ýazgaryp, uly göwrümli şygyr ýazýar. Ynha, onuň şygrynyň bir bendi: Zalymlykda deň-taýy ýok Süleýman-, Nädip, ogluňdan sogrup çykardyň jan?!... Bu şahyryň şygryny Soltanyň eline berip, özünem gazaply Süleýman soltanyň gaşyna getirýärler. Gazap donyna giren soltan Süleýman şahyrdan “Şygry sen ýazdyňmy” diýip sorapdyr welin, ölümini boýun alan Täçjaly şahyr başyny dik tutup, “Hawa, men ýazdym” diýipdir. Demi daş ýarýan Soltan Süleýman “Bar, git, gözüme görünme” diýip, ony kowup goýberipdir. Munuň üçin Süleýman soltan şahyry hiç haçan yzarlamandyr. Magtymguly döwrüniň emeldarlaryny, kazylaryny, şalaryny “Gaça başlady” şygrynda şeýle tankyt edipdir: Yrýa boldy köpüň okan namazy, Taňry hiç birinden bolmady razy, Pygamber ornunda oturan kazy, Para üçin elin aça başlady. Şalarda galmady hökmi-adalat, Bir pul üçin müfti berer rowaýat, Bil, bu işler – nyşanaýy-kyýamat, Zalymlar bitoba öte başlady.. Gündogaryň beýik akyldary, türkmeniň milli şahyry Magtymguly döwrüniň nogsanlygyny, emeldarlaryň halka görkezýän zulumyny: Gömüldi derýalar, ýykyldy daglar, Ýetimler göz ýaşyn döke başlady. Orramsydan bolan haramhor begler, Ýurdy bir ýanyndan ýyka başlady... - diýen bent bilen başlaýan “Gaça başlady’ şygrynda ussatlyk bilen beýan edipdir. Şahyr “Fetdah” diýen şygrynda bolsa, Agamuhammet şanyň halka beren zulumyny beýan edipdir. Bu şygyr barada öň giňişleýin ýazypdym, ony gaýtalap oturmaýyn. Umuman, Magtymgulynyň döredijiligi dagynyk türkmeni birleşdirmegi gözöňünde tutan ylham çeşmesidir. Elbetde, Pyagy bilen baglanyşykly bu tema aýratyn söhbetdir. Döwletmyrat ÝАZKULYÝEW. | |
|