00:48

Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar

Edebi tankyt
Категория: Edebi tankyt | Просмотров: 1005 | Добавил: Moderator | Теги: Döwletmyrat Ýazkulyýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi tankyt bölümiň başga makalalary

Материалов за текущий период нет.

Teswirleriň ählisi: 461 2 »
0
1 pezzek  
1631
Hawa ýaşuly medisinanyň ösmegi adam ýaşyny ulaltdy diýseň ýalňyş bolmaz. Heniz okuwa-da gitmändim, 5-6 ýaşly çaga. Gyzamyk boldum. Tas ölüpdim, çaga bolsamam ýadydyma düşýär. Şeýlebir gyzdyrýar welin, dem almamam kynlaşyp ugrady. Edil şuwagt gyzamyk keseli ýok diýerlik. Menä planyň çagasy gyzamyk bolupdyr diýip eşdemok. Geçen asyryň 50-nji ýyllaryndan öň, gyzamykdan ölýän çagalar köp bolupdyr. "Dutar diňletmeli, Keteni köýnek geýdirmeli" bu şol döwrüň tebipleriniň ertekisi.
Ýazyjy Tirkiş Jumageldiýewiň makalasy bar: "Meni ölümden gutaran derman". Şol wagt şol pensalin urulmadyk bolsa öljek ekeni. Antibiotik dermanlaryň çykmagy bilen sowuklama, gyzdyrma kesellerden dynyp başladyk. Dümewe burçlap unaş içseň açýar diýýäler. Цефтриаксон,
Цефазолин ýaly ukollary almasaň açylaýaňokla.

0
2 Döwletmyrat  
1892
Hormatly injener!
Ilki bilen teswiriňiz üçin minnetdar. Ýöne siziň edýän pikirleriňiz belli bir galyba salnyp aýdylýan pikirler. Dermanlaryň zyýany barada aýdan zatlaryňyz lenç edilip aýdylan sözler. Atylýan dermanlaryň zyýanyna garşy dermanlaryň bardygyny bilýän dälsiňiz-dä?! Indi rus dilindäki haýsy kanalda ylym öwredilýär?! Siziň gaty köp adamyny telewizordan täsirlenen adam hasaplaýandygyňyzy öňem teswirleriňizden bilýän. Siziň bu pikiriňizem meniň üçin täzelik däl. Siziň jemgyýetçilik täsiri diýýäniňiz belli bir derejede dogry. Ýöne siziň hindi ýa arap bolup dogulsaňyz diýip eden bolsadylaňyz nädogr. Ýaradanyň emri bilen men türkmen bollup doguldym. Başga bolsadylar, boş hem bimany gürrüňler.. Indi siziň diýýän arap ýa hindileriň arasynda ylma gol beren adamlar ýokmy?! Men hindiler barada aýdyp oturmaýyn. Muhammet Horezmi Ibn Sina, Abu Reýhan Biruny, ýaly adamlar Yslama ynanyp, algebra, geometriýa, geografiýa, taryh ýaly ylymlaryň kemala gelmegine goşant etdiler. Algebra ylmynyň ady Muhammet Horezminiň adyndan gelip çykan. Muhammet Gazaly, Mäne baba, Jelaletdin Rumy ýaly beýik pirler Yslam taglymatynda jöwher akyl-paýhasy bilen dünýä belli şahsyýetler boldular. Arap diliniň gramatikasyny Köneürgençli Zamahşary ýazdy. Siziň sygra uýýar diýip aýdýan ýurduňyz Hindistan häzir dünýäde pajarlap ösýän ýurtlaryň biri. Arap ýurtlarynda-da, Hindistanda-da ylmy öwrenän edaralar az däl. Siziň ýazan bu pikiriňiz daş asyrynda aýdylan çopanyň ogly çopan bolýar diýen möwrütini ötüren pikir. Darwini siziň ykrar etmeýändigiňiziň hiç bir ähmiýeti ýok. Biologiýanyň, genetikanyň ösüşi onuň açan ylmy teoriýasy netijesinde mümkin boldy. Elbetde, Darwiniň käbir nädogry pikirleri bar. Ýöne ol öz döwrüniň ogly. Eýşteýin barada-ha aýdan zatlaryň siziň ylymdan daş pikir ýöredýändigiňizi görkezýär. Adamlary bir galyba salyp pikirlenmekden el çekmegiňizi size maslahat berýärin. Şu hakykatam size açyk aýdaýyn. Siz adamzadyň ömrüniň uzaýandygynyň medisina hem derman senagatydygyny bilmeýän bolsaňyz, onda siz bilen çekişme guranyň peýdasam ýok.. Side şol bir galypdaky sözler "Siz pylan ýerde doglan bolsaňyz", hatda "Alla bar ýa....." (Siziň öňki teswirleriňiziň manysyny alýaryn, yzyny ýazyp durmaýyn, men-ä ýazybam biljek däl ýöne ") diýen ýaly bolsadylaryňyz bilen netije çykaryberiň. Hormatly injener,, "Bolsadylar" pikir ýöredilmeýär, netije çykarylmaýar.. Meniň adamzadyň ömrüniň uzaýandygy medisinaň hem derman senagatynyň üstünligi diýip, dünýäde ykrar edilip aýdylan pikirimi ýa-ha tassyklaň,, ýa-da "Bolsadylaryňyzy" ortadan aýyryň-da, anyk maglumatyňyz bar bolsa, inkär ediň. Bolmasa-da gymmatly wagtymyzy biderek sarp etmäli...

1
3 Döwletmyrat  
1892
Gurhan ylma garşymy?! Injener, "Bolsadylaryňy" ortadan aýyr. Siz nireden bilýäňiz, ýüz ýyldan dünýäni musulmanlaň basyp aljagyny, Biler-bilmez pal atma?! Biz dünýewi döwletde ýaşaýas. Maňa siziň bolsadylaryň gyzyksyz, üýtgeşik zat aýdýandyryn pikir etme.

1
4 Döwletmyrat  
1892
Injener, adamzat adamzadyň özünden döredi. Pylan halk maýmyna öwrüldi diýip duran zadyň näme?! Şu diýip duran zatlaryňa ynanýan bolsaňyz, siz bilen düşünişjek bolmak manysyz. "Bolsadylaryňam" toýlaýmaly boldy...

1
5 Döwletmyrat  
1892
Siz günäni sogaby kesgitleýän ylmy-yslamyň hukuk ylmyny nireden öwrendiňiz?! Yslama uýan ulamalaryň tutan ýönekeýje düzgünini size ýatladaýyn. Soralmasa aýdylmaýar. Adamyň günäsini-sogabyny kesgitlemeg-ä asla adamzadyň wezipesi däl...

1
6 Döwletmyrat  
1892
Hormatly okyjylar, dini bilmän diniň adyndan gürleýän adamlardan ägä boluň. Mundan müň ýyl öňem dünýäni bahym "musulmanlar" aljakmyş" ýaly gürrüňleri edýän köpbilmişler kändi, Gurhany, Hadysy her kimiň düşündirmäge hakam ýok. Hadys diýip aýdylyp ýörlen milliondanam köp. Şolaryň uly bölegi ýalan. Ymam Agzam diňe 17 sanysynyň dogrudygyna kepil geçipdir. Men yslama uýýan, ýöne din ynsanyň ruhy dünýäsi. Emmä durmuş diňe ruhy dünýäden ybarat däl. Pylan halkyň pylan taýpasy maýmyn ýa doňza öwrülipdir diýmek şu dünýäbiň ýaşaýyş kanunyny bilmezlikden başga zat däl. Berdinazar ahun ýaly adamlar "Şeýtan ýüz zat aýtsa, 99-ny dogry aýdyp, birini-özen hakykaty ýalňyş aýdýar" diýip aýdypdyrlar. Yslamy bilmän diniň adyndan gürleýän adamlar yslamy filosofiýasyny çykgynsyz ýagdaýa salýarlar, Akyl tarapdan özünden ähli babatda ýokary pikirlenip bilýän halka hiç zat edip bilmänsoňlar, olaryň bir böleginiň geçmişde haýwana öwrülendigi barada ýalan-ýaşryk, akyldan daş zatlary ýaýradýarlar. Yslamyň näçe akymynyň bardygyny Ýaradandan başga bilýän ýok. Şol akymlaryň hersem diňe özüniňkiň dogrudygyny aýdýar. Hatda yslama, özem şolaryň ynanýan akymyna ynanmasaň, adamy "öldürmeli" diýýän akymlaram az däl. Umuman, men dinden söhbet edesim gelenok. Ýöne dünýä döräli bäri hiç bir adamzadyň haýwana öwürmeledigini tebigat kanuny, diniň sagdyn mantygy boýunça anyk bilýän. Şu zeýilli zatlara ynanyp, diňe ynanmagam däl, pikirini wagyz edip ýören adamlara haýpym gelýär. Olara hiç zat düşündirip bilmersiň, hatda düşündirjek bolmagam manysyz.

1
7 Saylaw  
1486
He объясняй, потому что ты тоже не знаешь

0
8 Babyşgalaly58  
1794
Екарда Пеззек языпдыр гызамык барада. Менем барыпха 77-нжи йылда 11 яшымда бир кесел бн кеселледим. Гыздырып, баш айланып, йурек буланып йорэбем билмедим. Озем гыш каникулда Ашгабада гелен вагтым болды. Догрусыны айтсам шол вагт олуп гиденми кем горемокдым. Элхенч агыры ызадан яна. Ядыма душйэни, Ашгбатда Кошинин янында, Бекрева гидйэн елун чатрыгында инфекционный больница ерлешдирдилер. Менингит болупдырын. Элден, янбашдан урлан санжымлары айдыбам отурмайын, асма санжымын уллакан чуйшеси хенизем гоз онумден гиденок. Онургадан алнан сувуклыклар хакында ятласам, ятан еримден туруп гезмелеберйэн шу вагтларам. Аллажан, горкезмесин хич киме бу дерди. Бир ярым ай ятдым. Сагалып ое гелемде гарры энемин бегенип аглайшы ядымдан чыканок. Чунки 60-нжы йылларда ики агтыжагы ызлы ызына ёгалыпдыр 3 яшынада етман. Худая шукур, докторлара миннетдар. Галыберсе-де, шол санжым дерманларыны ойлап тапанлара 1000 эссе миннетдар. Олмэн-э галдык наме болса-да. Галанам алла иши... Шуны язмак билен дийжек боляным. Дерманлар пейдалымы я зыянлымы дийип жеделлешйэнлере орсларын айдышы ялы, "проверь в собственном шкуре" дийип айдасым гелйар.

0
9 Moderator  
1471
Adamyñ haramzadalygynda çäk ýok. Bu dogry. Youtube-de "Yer6 Film" diýip gowy kanal bar. Bilýänler bilýändir, bilmeýänlere görmegi maslahat berýärin. Gurhanda hem aýdylyşy ýaly, bize ölümden gowy wagyz, ölümden gowy nesihat ýok...
Kanalyñ babalylar (öli ýuwýanlar), müjewürler we ş.m.-ler bilen geçiren gyzykly gepleşikleri bar.
Bir müjewür şeýle gürrüñ berýär: Bir gün gije ýarymdan soñ gonamçylygyñ içinde adam sesleri eşdilýär. Müjewür ýuwaşlyk bilen ses eşdilen ýere barýar welin, ýañky adamlar gaçyp gidýär. Barsa iki sany mazary gazyp oturan ekenler. Ol bu barada polisiýa habar berýär. Polisiýa işgärleri gelip ýarpy goýlan mazary açyp görýärler welin, onda merhum däl-de, içi geroinden doly tabyt ýatan eken... Göz öñüne getirip görüñ, gündiz iliñ gözüniñ alnynda öli getiren ýaly "harytlaryny" getirýärler we gije-de yzyna almaga gelýärler. :)

* * *

Bizde-de şeýle wakalar bolan däldir öýtmäñ. Birwagt Owganystanda wepat bolan esgerleriñ tabydyny açmaly däl diýlip, hossarlaryna ugradýardylar we şo durşuna jaýladýardylar. Barigalar bilen dilleşikli sowet ofiserleriniñ şeýle tabytlary tirýekden dolduryp ugradýandyklary we soñ baryp mazary açyp alýandyklary barada dokumental faktlar bar. Bu barada ýalñyşmasam A.Nurgeldiýewiñ "Gijeki yzlar" diýen detektiw powesti hem bolmalydy. (saýtda bolmaly). Esgerleri okuñ öñüne sürüp, özleri gara nebisleri bilen başagaý bolandygy hakda ruslaryñ çykaran "9-njy rota" kinofilminiñ soñunda hem gahrymanyñ dilinden juda täsirli we kinaýaly dil bilen aýdýan epizody bardy...

* * *

Ýakynda obalaryñ birinde şeýle waka bolup geçdi: Ýaşy ulurak aýallaryñ biri aradan çykýar. Ol aýalyñ 32 dişi-de sap altyndan guýma eken. Syrkaw ýatan aýalyñ adamsy onuñ agzyndaky altyny dirikä almalymy ýa ölenden soñ diýip oba mollasynamy ýa ymamamy birine sala salýar. Olam munuñ iki ýagdaýda-da adama zulum boljakdygyny aýdyp, degmezligi maslahat beripdir. Şeýdibem görgüli aýal altyn dişleri bilen bakyýete göç edýär. Bir sebäp bilen ýañky aýalyñ altyn dişi bilen gidendigi eşdilýär we iki gezek yzly-yzyna onuñ mazaryny gazyp, dişleri alynmaga synanyşylýar. Üçünji gezekde gonamçylygy garawullap we it bilen kowalap tutdylar. Mazary gazmaga synanyşan üç sany ýaş oglan hakyna tutulypdyr. Ony buýran başga biri. Oglanlardan "nädip beýle zada milt edip bilýäñiz, öliden gorkañzokmy?" diýseler, içýakgyç jogap berip: "Näme bar gorkar ýaly? Ölüden gorkmaly däl indi, diriden gorkmaly" diýip jogap berýärlermiş...

Şondan soñ gonamçylyga prožektor çekildi, wideokameralar goýuldy. Magtymguly atamyzyñ "Pelle-pelle aşak düşer adamzat" diýýäni boldy. Indi gonamçylyklarymyza çyra çekip, wideokameralary oturdyp goraýmaly bolarmykak...
Neşäniñ ýaş ýigitlerimizi birlaý süpük edip taşlan ýyllary şeýle wakalar birýarym eşdiler durardy. Indi neşedem-ä ýok. Näme bolýarka adamlara?..
Dogrusy, adamlaryñ päli azdy. Ony-muny günäkärlemek gerek däl. Diagnozymyz belli, bejergisi-de belli: Günäni her kim özünden gözlemeli. Ýogsa, äjit-mäjide hajat ýok, ýagdaý şunlugyna gitjek bolsa, Deçjalyñam biziñ bilen işi bolmajaga meñzeýär...

* * *

Jahanda şeýle gabahatlyklar bolup durka, saglygymyzy sap derman serişdelerine we medisina baglanyşdyryp goýaýmak barypýatan akmaklyk bolar. Medisina ylmyna dogry amal edilende, elbetde onuñ gazanan üstünlikleriniñ adamzat üçin peýdasy bahasyz. Emma farmasewtika pudagy gynansak-da nädogry adamlaryñ elinde (hatda "ylym" diýilýän zadam) we biz islesek-islemesek dermanlara garaşly ýagdaýda. Nämüçindir muña D.Ýazkulyýewem düşünmek islänok, beýleki teswirçilerem onuñ düýp aýtmak islän pikirini añşyrmadylar. Diagnozy her kimem goýup we aýdyp biler. Şondan añsat zat ýok. Biz bolsa mundan diñe çykalga gözlemeli. Bu çykgynsyz ýagdaýlaryñ çözgüdi nämede, bejergisi nähili bolmaly? Ýa-da öz milli derman önümçiligi senagatymyzy kemala getirip, global derman önümçiligi läheñlerinden arany açyp bilerismi? Ine, meseläniñ iñ tommaýly we çatak ýeri! Geliñ, şunuñ üstünde kelle döweliñ.

0
10 Döwletmyrat  
1892
Hormatly Moderator! Men saglygymyzy bütinleý medisina ýa derman senagatyna baglamaly diýen pikiri asyl ündemedim. Biz ynsan hökmünde ykbalymyzy medisina hem derman senagatyna baglamzok diýeli. Emma häzirki ösen medisina hem derman senagatynyň täsiri biziň ykbalymyz bilen bitewi. Hatda açlyk etme, halk tebibine ýüz tutmagam, öt-çöp bilen özüňi bejermegem ösen medisinanyň netijesi. Adamlaryň bu ugurdan kämilleşmeginiň subudy. Mundan 40 ýyl öňem medisinada şeýle üstünlikler ýokdy. Biz gözümiz bilen görüp duran hakykatymyzy ykrar edip bilmeýän bolsak, men näme diýjegimi biiemok. Biz bilmeýän zatlarymyzyň gürrüňini etmäge ökde. Meniň "Adamyň ýaşynyň uzaklygy medisinanyñ hem derman senagatynyň üstünligi" diýip beren maglumatymy ýalana çykaryp bilmän ýazylan zatlaryň hiç biriniň onuň bilen baglanyşygy ýok. Temadan çykylyp, "yslam piri" bolup çykyş edip otyr. Ikinji biri medisinanyň korrupsiýadaky meselesi hakynda sahypalap terjimäm diýip iberýär. Siz bir dogry düşüniň ahyry...

Siz, injener, dinden gürlär ýaly siz kim, özüňizi tanadyň ahyry. Adamlaryň maýmyna öwrülendigi haýsy Hadysda bar, çeşmesini görkezäýseň?! Siz bir aýdylan pikiri ýa tassyk etmeli ýa anyk maglumat bilen inkär etmelidigine düşünmän, tema degişli bolmadyk zatlary ýazyşdyryp, bu saýty dini pikirleriňi wagyz etmäge ulanmak isleýärmiň?! Diniň adyndan ýalan-ýaşryk zatlary aýdyp ýöreniňi bilýärmiň?! Maksadyňy aýat et, onsoň siz bilen açyk gepleşerin.

0
12 hanturebs  
755
Hadysda däl, göni Kuranda geçýä:
Bakara süresi 65-nji aýat:

"Kasam bolsun! Siz öz içiňizden şenbe güni azgynçylyk edendikleri üçin (Biziň olara): «Betnyşan maýmynlara öwrüliň!» diýendigimizi, elbetde, bilýänsiňiz".

Agraf süresi 166-njy aýat:

"Tekepbirlik edip, gadagan edilen zatlara boýun bolmazlykda aýak dirändikleri üçin, olara: «Betnyşan we eýmenç maýmynlara öwrüliň!» diýip emir etdik".

Mäide süresi 60-njy aýat:

"(Eý, Muhammet!) Aýt: «(Biziň bu işimiz aýyp bolýan bolsa, men size) Allanyň ýanynda mundan has erbet zady habar bereýinmi? Alla kimi näletlese we gazabyna duçar edip, olary maýmyna we doňza öwürse hem-de taguta (şeýtana) gul bolsalar, ine, bular erbet ýerde bolan we dogry ýoldan azaşanlardyr».

0
14 Döwletmyrat  
1892
Men, injener, sizden anyk bir halkyň bir taýpasy maýmyn boldy diýen sözüňiziň jogabyny soranymda şeýle ýazdyňyz:. Siziň jogabyňyz (11nji teswir, bir halkyň bir taýpasynyň maýmyna öwrülip, maýmynyň adamdan emele geldi diýeniňiz 5-nji teswir) jogabyňyz, : "meniň size aýdan zadym hadysda bar" diýdiňiz. Ýazgyňyz dur. Hantöre Gurhanyň azgyn adamlary maýmyna, doňza öwrendigini delilendirýän aýatyň terjimesini berdi. Ony men bilýän. Siz gepi başga ýana sowjak bolmaň. Ýazgyňyz dur. Siz bir halkyň ( halkyň adyny tutasym gelenok) bir taýpasynyň anyk maýmyn, doňuz bolandygyny ýazdyňyz. Gurhanyň aýaty seniň diýýäniňe jogap däl. Haýsy Hadysdan, çeşmesini görkez. Onsoňam Gurhanyň süresinde azgyn adamlaryň nejis maýmyna, doňza öwrendigini ýazýar. Ýaradan adamdan maýmyn, doňuz ýaratdym diýenok. Ynha, siziň çala eşidip çatma ýykýan sözleriňiz. Gurhanda aýdylýan siziň aýdanyňyzdan bütinleý başga pikir. injener, siz, ýazan ýekeje pikiriňizi delillendirip bilmersiňiz?! Siziň ýazgylaryňyz dur, bolmasa, boýunam almazdyňyz.

0
27 Demirgazykly  
1528
"Bakara" süresiniñ 65-nji aýatynda aýdylanlar ýewreýlere yşarat edýär. Sebäbi şolara öñ şenbe güni işlemezlik we başga işler bilen meşgullanmazlyk buýrulan. Olara buýruga boýun egmeýändiklerini ýatladyp, Musanyñ kanunlaryna bolşy ýaly uýmaga çagyrandygy üçin ýewreýler Isa pygamberi haça çüýläp öldürmäge synanyşýarlar.
Döwletmyrat aga, ýalñyşyñyzy ýüzüñize basyp durlaram welin boýun almak islemeýäñiz :)

0
11 Babyşgalaly58  
1794
@ Injener, иним шу вагт о кесел долы диен ялы ёк эдилди. Йоне адам пахыр дине беденде дорэн насазлык себапли медицина билен иш салышмалы боланок. Дашкы ягысам етик. Ынха гечен томус голайракда яшаян обадаш 9-10 клас огланы меллеклеринде йылан чакыпдыр. Озуни билмэн бир хепдеденем коп реанимацияда ятды. Алла горапдыр, она соз ек. Эмма бендэм бендэме себап диен созем инкар эдип болмаз. Эдилен дэри-дерманлар яш огланы олумден халас этди. Этмели ишини билйан окде докторларын азабы ерине душди. Улаг хелэкчилиги, янгын ве шуна мензеш бетбагтчылыклы ягдая душйэнлерин дадына ене шу дерман-дэрилер етишйар. Озунизем горенсиниз бейле хадысалары. Мен-э дурмушда горен вакаларымдан сапак алып оз пикирими айдярын. Бэрде хич кимин тарапыны тутмак максадым ёк.

0
15 Döwletmyrat  
1892
Hormatly okyjylar!!! Görýäňizmi, nähili ýalanlaryň ýazylýandygyny?! Gurhanda adamdan maýmyn, doňuz ýaratdym diýenok. Azgyn adamlary şol haýwanlara öwürdim diýýär, Men Gurhany düşündirip biljek däl, ýöne bir zady anyk bilýän. Diniň adyndan gürleýänlerden ägä boluň. Akymlar köp. Meniň bir aýdan hakykatymy inkär edip bilmän nämeler ýazmadylar. Men bu teswirlere ýene bir makalada has giňişleýin jogap bererin. Indi näme ýazýarkalar göreli bakaly...

0
13 pezzek  
1631
Juda täsirli teswirler ýazdyňyz agzalar! Özüňçe pikir edip analiz edäýmeli. Ýöne her kim bir pikire gulluk etýär.

Şu ýerde ynanç diýen bir zat bar. Meselem adam dermansyz derde sataşsa. Özüni susty pes alyp barsa. Öljegine gözi ýetse ölýär. Emma, keseli ýeňmege ynansa, ýeňýär ýa-da gijiräk ölýär.
Hakyky realny dialog.
- Öýdäkini tebibe alyp gitjek. Arkasy gaty agyrýar.
- Birinji ynandyr, Soňra arkasyny oýkalap ber , gutylar. (gülýär)
Ýaňky hassa zenan, tebibe ynanyp barsa, ol gutulýar. Bolmasasa tebibpleriň elem biziňki ýaly el. Şonuň üçünem, keseli ýeňmekde ynam gerek. Şol ynamam 99% miz ynanyp bilemzok. Şeýdibem ömürlik hassa bolýas ýada ölýäs.

@hanturebs siz ýalňyşmasam
@Khanture agza bolmaly islenende.
Ýadyňyza düşýändir şonda Keaip_begconyň analiz edişini. Şonda geň gaty haýran galypdym

0
16 Moderator  
1471
Ýoldaş D.Ýazkulyýew! "Köp pikirlilik bolmaly we diñe şeýdilende hakykat ýüze çykýar" diýseñizem, bu pikiriñize ilki özüñiz garşy gidýärsiñiz.
Süýtden gan gözlemän, ýazanlarymyzy ünsli okasañyz gowy bolar. Biz size haýsydyr bir pikiri ündeýärsiñizem, ündemeýärsiñizem diýemzok. Gaýtam tersine, ýaşlary sowukganly we salyhatly düşünişmäge çagyryp, siziñ aýtmakçy bolýan düýp pikiriñize ünsi çekmäge synanyşdyk.
Aslynda şu ýerde hiç kimem medisinanyñ gazananlaryny inkär edenokmyka diýýäris. Ýa biz ýalñyşýasmy? Haýsy dermany nähili reseptde içmelidigini bilemzok, ýene-de medisinadan leksiýa bermäge dyrjaşýarys. Bilmeýän zadymyzyñ gürrüñini etmekde diñe biz däl, tüweleme sizem adama ýeñ berjege meñzäñzok. Mundan kyrk ýyl öñ däl, 90-100 ýyl öñ ýurdumyzyñ Lebap welaýatynyñ Hojambaz etrabynda häzirkizaman medisina ylmynda bejerip bolmaýan kesel hasaplanýan düwnügi bejerip bilýän tebip mamanyñ ýaşap geçendigini bilýärin. Aýtmaklaryna görä, onuñam ejesi Buhara emiriniñ köşgünde tebipçilik edipdir. Kolhoz gurlan ýyllary täze hökümete ýaranjak bolýan kolhoz başlygy "tebipçilik edýäñ" diýip türmä basdyrypdyr, onuñ bir gara öý doly "kesel taryhy" we kimi näme bilen bejerendigi hakdaky eden bellikleri toplanan arhiwini-de otladypdyr. Naýynsap... Men muny ondan-mundan eşdip aýdamok, şol tebip mamanyñ agtygyny tanaýaryn.
Eger şeýtmände, belki-de häzir türkmen topragynda düwnük keselinden ýogalýan ildeşimiz bolmazdy, belki-de dünýä medisinasy häzirem emi tapylmaýan düwnügi şol mamanyñ üsti bilen 90-100 ýyl öñ başyndan dep ederdi...
Ylymam, medisina hem şu günki dogry hasaplan zadyny ertir ýalñyş hasaplap biler. Ylym şonuñ üçin ylym, medisina şonuñ üçin - medisina! Eger şu metodikada işlemese, onda ösüşiñem, özgerişiñem gürrüñini edip oturmagyñ geregi ýok. Şu günki ösüş düýnki ýalñyşlygynyñ üstünden atanak çekmek esasynda gazanylýar. Muña adamyñ özü-de degişli. Üýtgewsizlik Allanyñ kelamyna mahsus, biziñ kelamymyza däl. Üýtgemeýän, özgermeýän bolsa, ösüşde däl, tesişdesiñiz. Şoña görä-de, sizden etjek iñ uly haýyşymyz "her harpyma jogap bererin" diýip eýýäm endige öwrüp başlan sözüñizi aýtmañ, eger oñarsañyz. Ýogsa, ýaşlar üstüñizden kän düşer. Aýyplaşmañ.
Men gaty dogry düşündim.

* * *

Inženeri bizden gowy hiç kimem tanaýan däldir. Ol siziñ çak edişiñiz ýaly oglan däl. Aslynda eger garşysyndaka şyltak atmasa, şahsyýetine dil ýetirmese pikiriñize deñ gelmeýän pikirini erkin beýan eden islendik agza ýa okyjy özüni tanatmaga borçlumy? Ýa-da siziñ ony tanajak bolmagyñyzyñ näme manysy bar? Ylalaşmak hökmanmy?
Gaýrat ediñ, beýdip okyjylary ürküzmäliñle. Çeşme sorapsyñyz, ana, oglanlar Gurhandan aýatlary getiripdir subutnama hökmünde. Mundan başga nähili subutnama isleýärsiñiz?
Saýt häzire çenli hiç kime hiç hili dini akymy ýa syýasy ugry wagyz etmäge ýol bermedi, indem bermez.
Biz mahal-mahal "Awestany" okaýarys. Onda türkmen halkynyñ gadymdan gelýän irki urp-adatlary bilen birentek baglanyşyklary tapmak mümkin. Hatda "behişt", "dowzah" ýaly sözlerem "Awestada" gabat gelýär. (Jennet, jähennem sözleri arapçadan geçen).
Eýse biz ýeri gelende "Awesta" salgylansak, ýa käbir soraglaryñ jogabynyñ ol kitapda bardygyny aýtsak, bizi zoroastrizme uýýan diýip yglan edäýjekler-ow.
@Inžener dogry aýdýar, okan zadyña salgylananyñ bilen, oña uýdugyñ bolmaýar. Onuñ haýsy aýdan zadynda ýalan-ýaşryk bar? Ýalñyş ýeri bolup biler. (Meselem, ol bir halkyñ taýpasynyñ maýmyna öwrülendigini aýtmak bilen az-kem öte geçen bolmagy mümkin. Siz bolsa muny rowaýata meñzeş ýalan gep-gürrüñ hasapladyñyz. Indem başga bir agza adamyñ maýmyna öwrülip biljekdigini görkezýän aýatlara salgylandy welin, başga tarapdan tutdurýarsyñyz. Yslamdan öñki ymmatlaryñ haýwanlara öwrülmegi ýa başga jezalar bilen jezalandyrylmagy ýaly adatdan daşary wakalaryñ bolandygyny tassyklaýan birnäçe sahyh hadyslar bar). Şeýle ýerine gabat gelseñiz, siz dogrusyny ýazyñ-da, ondan başga ters "maksat" gözlemäñ, haýyş edýärin. Ýogsa, bu eýýäm betniýetlilik bolýar.

0
19 Döwletmyrat  
1892
Hormatly Moderator! Men siziň ýagşy niýet bilen iş edýändigiňizi bilýän. Aslynda men siziň ýagşy niýet bilen köp pikirlilige hormat goýýandygyňyz üçin, şu saýt bilen hyzmatdaşlyk edýärin. Diniň adyndan ýalan-ýaşryk zat ýazmak pikirmi?! Hakykatdanam, Yslama hormat goýulýan bolsa Gurhana, Hadysa her kim düşündirip berip ýörmeli däl. Men köp pikirlilige garşy däl, ýöne ýalan-ýaşryk aýdylýanlara welin garşy. Men Injeneriň aýdýanlarynyň yslam hakykaty bilen baglanyşygynyň ýokdugyny anyk bilenim üçin, onuň hünäri bilen gyzyklandym. Sebäbi onuň aýdýanlarynyň çeşmesi nirede?! Şonuň bilen gyzyklandym. Jogap berip bilmejeginem bilýän. Gurhandan getirilen mysal, onuň aýdýan sözleriniň asyl delili däl. Siziň 5-11-nji teswirleri üns berip okamagyñyzy haýyş edýärin. Men edýän işimi hakykatyň hatyrasyna ak ýürekden edýärin...

0
24 Döwletmyrat  
1892
Men siziň molla keşbinde däldigiňizi öňem bilýän, ýöne siziň aýdanlaryňyz meniň sowalyma jogap däl. Siz sowallara dogry jogap bermegi öwrenip, jedele giriň...

0
28 Saylaw  
1486
Ты сказал, что он этого не сделал. Он лжец.

0
36 Zöhre  
1396
Bu adam ýalançy däl, aklyndan azaşypdyr. Nokat.

0
17 Moderator  
1471
* * *

Öz garaýşyñyza gabat gelmese, hadyslary-da inkär etmäge synanyşýarsyñyz. (Şu ýerde-de Magtymgulynyñ goşgulary barada köre-körlük bilen öñe sürýän ideýañyza çapraz pikir ýöredýärsiñiz. Eýse Magtymgulynyñ adyndan giden käbir goşgular onuñ özünki, emma hadyslaryñ köpüsi pygamberiñ agzyndan çykmady, soñ tosladylar, şeýlemi?)
Magtymguly we onuñ goşgulary entek bize ullakan tapmaça bolup galsa-da, hadysşynaslyk ylmynda haýsy hadysyñ sahyhdygy, haýsysynyñ ygtybarsyzdygy, gowşakdygy müñ ýyl mundan öñ hadys alymlary tarapyndan aýdyldy, kesgitlendi. Bu boýunça düşünmez ýaly hiç zat ýok. Şolardan gowy bilýärmikäk ýa?
Şeýle-de, Gurhany hut şol hadyslary aýdan sahabalar toplady, kitap görnüşinde biziñ günlerimize çenli gelip ýetmegine sebäp boldy. Hadyslary inkär etmek - Gurhany inkär etmek, Gurhany bize yetiren sahabalary inkär etmek bilen barabar. Hadyslara ynanmazlyk etmek üçin ilki sahabalary ýalançylykda gümanlamaly bolýarys, bulam öz gezeginde olaryñ pygamberiñ agzyndan eşdip bize ýetiren Gurhanyna şübhe döredýär. Özümizi nähili howply ýagdaýa salýandygymyzyñ parhyndamykak?

* * *

Bize-hä şular ýaly çekişmeleriñ asla gyzygy ýok. Şu gün jañ edeniñizde-de aýtdym. Her kim islänini ýazar. Eýse munda sizi näme biynjalyk edýär? Teswirleri köplenç okamzok. Okasak wagtymyz gidýär, ünsümiz sowulýar. Onsoñ öz etjek işimizi edip, ýazjak zadymyzy ýazyp bilemzok. Size-de şony maslahat beripdim. Üçürdikläp geçip gidýäs, bize sögüşme we goh bolmasa bolýar. Edil bärde bolmasa-da, elektron salgymyza sögünip ýazýan näkeslerem tapdyrman duranok. Hiç birine jogap beremzok. "It üýrer, kerwen geçer". Jogap bersek it bolup üýrene üýrüp jogap berdigimiz bolar-da. Beýdilse dagy näderdiñiz siz? Köpçülik bilen işleşýäs, şony ýatdan çykarmalyñ. (Näçe kyn düşse-de, ýañy bu teswirleri özümize zor salyp okamaly boldy). Teswirler boýunça däl-de, öz hünäriñiz we edebiýatyñ meseleleri boýunça makalalary ýazsañyz, bizi has gowy begendirerdiñiz.
Aý bolýa-da, näme edende gowy boljakdygyny özüñiz bilýänsiñiz...

0
18 Demirýolçy5778  
1928
Düwnigi (rak) tebip mamanyň bejerenligi barada aýdanda Alkaýar (Çüriýew) agaň bir gündeliginde okanym ýadyma düsýä, awyternegiň ýedi damjasy bilen bir stakan süýt bilen ragy bejerşi. Şolam-a biläýmeli zat ekeni.

0
21 Döwletmyrat  
1892
Hormatly Moderator! Eger siziň gymmatly wagtyňyzyň ýitmegine sebäp bolan bolsam, çynym bilen ötünç soraýan. Men alan terbiýäm boýunça ýalan-ýaşryk zatlar aýdylsa, onda-da dini bilmän gürlense, saklanyp bilemok. Siz maslahat berdiňiz, onyňyz dogry. Özüme basalyk etmäge çalyşýan. Ýöne öte geçip ýalan sözlense, jogap bererin. Ýöne siziň bir diýeniňizi hökman ederin. Edebiýat, žurnalistika meniň ykbalym. Ol temalardan hökman ýazaryn.

0
22 Saylaw  
1486
У вас есть диплом в журналистики или в каком организация ты член?

0
25 Döwletmyrat  
1892
Saýlaw näme diýjek bolýaňyz?! Pikiriňizi açyk aýdyň?!

0
26 Saylaw  
1486
Kогда и где ты изучал журналистику?
Членом какого союза журналистов является? Это то, что я имел в виду. Вопрос неясен?

1
20 Moderator  
1471
Biziñ real durmuş bilen baglanyşygy ýok hasaplaýan rowaýata meñzeş käbir gürrüñleriñ hakykatdanam bolup bilýändigini koronawirus pandemiýasy döwründe şaýat bolduk. Hemmäñizem şaýat bolduñyz. Meselem, zamana ahyr bolanda, tehnologik enjamlaryñ, kompýuterleriñ, awtoulaglaryñ, uçarlaryñ "stuk" berjekdigini, ot açýan ýaraglaryñ işlemejekdigini, adamlaryñ ýene gylyçly-naýzaly döwürdäki ýaly döwüri başdan geçirmeli boljakdygyny birnäçe gezek birnäçe ýerde eşdipdik.
Biz muny amala aşmajak erteki hasaplaýardyk we gülýärdik. Emma haçanda, koronawirus pandemiýasy dünýäni gulgula salanda, ýüz müñ-ýüz müñ janköýerli futbol stadionlary bir demde boşap galdy ýa-da uçar, otly we beýleki transport gatnawlary birden kesildi welin, eger Allatagala emr etse, bolmaz diýlen zadyñ bolýandygyny gördük.
Tehnologik enjamlara-da "stuk" berdirmek kyn däl, Hytaýda öndürilýän barmak ýalyja batareýalar bolmasa, häzir köpümiziñ öýünde ýaşaýyş gutarýar. El telefonlary diñlenýär diýip, liwanlylaryñ geçen rasiýa enjamlarynyñ ýakynda ysraýyllylar tarapyndan birin-birin öz ellerinde partladylandygyny-ha özüñizem eşdensiñiz...
@Inženeriñ komplimasiýalaryna şu tarapdanam gulak salyp görüñ :)

0
23 yagsymadowabibi  
1850
Salam hemmäňize. Döwletmyrat aga, Siz nädip Darwiniň teoriýasy dogry diýip bilýäňiz, özünizem teswirleriňizde "men musulman" diýipsiňiz?! Ýokdan bar eden Alla keramatly Kuranyň 96-njy "Alak" süresiniň 2-nji aýatynda: "Perwerdigär ynsany gan lagtasyndan ýaratdy";
"Tin" süresiniň 4-nji aýadynda "Takyk biz ynsany iň ajaýyp görnüşde ýaratdyk";
"Leýl" süresiniň 3-nji aýatynda "Erkegi we aýaly ýaradana kasam bolsun";
"Taryk" süresiniň 6-7-nji aýatlarynda, ynsan bil we göwüs süňküniň aralygyndan çüwdürlip çykan suwdan ýaýradyldy (spermatozoidleriň erkegiň bil süňkünden aýalyň bolsa göwüs süňkünden akyp çykýandygy we birleşýändigini ylym tassyklady). "Abese" süresiniň 19-njy aýatynda "Ynsany bir damja nutfadan ýaratdyk we şekil berdik" diýýär ahyry.
"Bakara" süresini okap görüň, ýöne ýüregiňiz bilen okaň. Pygamberimize inderilen ylyma ýalňyş diýjek bolup, Kurandan ýalňyş gözlan gaty köp Ýewropa, Amerika alymlarynyň iň soňunda musulman bolandyklaryny internetden okap bilersiňiz. Soňam, dinsiz ylym ýok, aňrybaş ylymam, metafizikada ahyrky netijede dine direýändir. Elbetde, Kuranyň sözleri bilen aýtsak ähli ylymlaryň eýesi Alladyr.

1
29 Gündogarly  
1691
Men-ä şu temany okap bolup, teswirlere gowy syn etdim, hemme tarapdanam injeneriň aýdanlary dopba-dogry ýürege baryp dur hakykat Injeneriň aydyanlarynda diyip duşunyan, belki beýleki okyjylaryň men ýaly pikirde bolsalar gerek.

0
32 Döwletmyrat  
1892
Hormatly injener!
Siziň bir halky kemsidip, şol halk hakynda ýazan teswirleriňde aýdanlaryň anyk mazmuny şeýle: “Alla ýewreýleriň 2 taýpasynyň birini doňuza, birini maýmyna öwrüpdir. Adamzatdan maýmyn emele gelen, tersine däl. Ol Hadysda bar. Agam (Ol maňa ýüzlenýär), ömrüňize ynanyp ýören zatlaryňyz ýalan çykdy. Meniň aýdanlarym (injener özüne aýdýar) hakykat. Siz bir kapyra (Men haýsy kapyra ynanýarkam, özüm-ä bilemok) däl-de, watandaşyňa ynanmaly. Resmi taryham ýewreýleriň iki taýpasynyň sessiz-üýnsüz ýitendigini tassyklaýar. Bu hem meniň aýdanlaryma (injener öz aýdanlaryna subutnama diýýär.) subutnama”.
Injener teswirleriňde köp kişä, şol sanda maňa-da eden “bolsadylaryny”, “akyl” öwretmeleriňi hasaba almanyňda-da meniň ömrüme ynanyp ýören zatlarymyň ýalandygyna kepil geçdiň. Men özüm hakda aýdanlaryňyzyň gürrüňinem edemok Siz haýsy ahlak, kanun esasynda anyk bir halkyň iki taýpasynyň maýmyna hem doňza öwrülendigini, adamzatdan maýmyn emele gelendigini aýtdyňyz?! Sizden aýdan zatlaryňyzyň anyk çeşmesini görkezmegiňizi isleýärin. Akyla sygmaýan (bolmanda, men akyl ýetirip bilemok.) bu pikirleriňizi subut etmelidir diýip pikir etmeýäňizmi?!

Hormatly Moderator!
Siziň yslam hakykatyndan daş pikirlere bitarap bolmazlygyňyzy haýyş edýärin. Gynansagam, injeneriň aýdanlary köp pikirlilik däl. Gurhandan alnan aýatlar onuň aýdanlarynyň hiç bir subutnamasy däl. Gurhanyň ol aýatlarynyň Injeneriň aýdan anyk pikirlerine delil däldigini gaty gowy bilýänsiňiz diýip umyt edýärin. Onsoňam Injeneriň pikirine beýle üns bermezdimem. Emma Injener, soňky ýazan teswirinde “Her kim öz pikirinde (manysyny aldym) galýar” diýipdir. Diýmek, ol öz aýdan zatlaryna ynanýar. Ol ynanýan adatdan daşary hadysasyny, aýdan sözlerini subut etmeli bolar ahyry. Onuň bu pikiri saýty okaýanlara täsir edäýse nähili bolar?!

Hormatly Moderator, kitapсy.ru saýtynyň döredýän mümkinçilikleri üçin, çäksiz minnetdar. Ýöne bu saýtda, gynansagam, dini bilmezden, yslamyň adyndan gürlemek, ýazylýan zatlara dini nukdaýnazardan baha bermek agdyklyk edýän ýaly. Ýadyňyza düşýändir, Geldimyrat agaň bir şygryny diniň adyndan ýazgarmaga başladylar, ýöne şonda siz, soňra men onuň beýle däldigi barada çykyş edip, ol ýazgaramalaryň öňüni aldyk. Özem dini bilmän, yslamyň adyndan çykyş edýänler 3-4 adamdan kän däl. Men köp pikirlilige hormat goýýan, ýöne Injeneriň aýdanlarynyň köp pikirlilik bilen dahylynyň ýokdugyny bilýän.
Hormatly okyjylar, men mydama ýaşlar köpçüliginiň hakykaty bilýändigine berk ynanýan. Teswirlerinde meni goldap, hakykaty ýazan ýaşlara tüýs ýüregimden minnetdarlygymy bildirýärin. Hakykaty goldan ýaşlaryň köpdügini görüp, hasam begendim. Ýaşlar, hakykat bilen dahyly bolmadyk, bilmeýän zatlaryňyza kepil geçmezligiňizi sizden haýyş edýärin.

0
33 Döwletmyrat  
1892
Hormatly injener!! Siz meň dini, Gurhany bilmeýändigimi nireden bilýäňiz?! Bilesi gelmeýän adama men hiç zady düşündirmen. Yslam temasyndan ýazan makalalarym, sowallara beren jogaplarym metbugatymyzda dur, isleseňiz tanşyp bilersiňiz. Sizden başga zat soramok. Temany giňeldip başga gürrüňleri etmäli. Öz aýdyşyňyza görä, logikany gaty gowy bilseňizem, siz tema dahylsyz gürrüňleri kän etdiňiz. Men sizden bir halk hakynda aýdan, özem eliňiz bilen ýazan Hadysda bar diýen sözüňizi subut edip, şol Hadysy-çeşmäni görkezmegiňizi soraýan. Başga zat soramok...

0
34 hanturebs  
755
Döwletmyrat aga, size şuwagt geň galýan. Şol maýmyna we doňuza öwrülen kowmuň ýahudylardygny hemme musulman diýen ýaly bilýärä. (ýewreý, jöhit, ibrany, musaýy, ysraýylogullary tüweleme ady hem köp bu halkyň)
Bakara süresiniň 63-65-nji aýatlary:
63. (Eý, ysraýyl ogullary!) Biz sizden
(Töwrata uýjakdygyňyz barada) ähtipeýman
alypdyk. (Soň siz bu lebziňizi
ýuwdandygyňyz üçin) Tur (dagyny)
siziň üstüňize galdyryp: «Takwalardan
bolmagyňyz üçin size beren zadymyza
(Töwrata) mäkäm ýapyşyň we onuň
içindäkileri ýat tutuň (amal ediň)!»
diýipdik.

64. Soň munuň (Töwraty kabul edişiňiziň)
yzyndan siz (beren ähti-peýmanyňyzdan)
dändiňiz. Eger size Allanyň pazly-keremi
we merhemeti bolmasady, elbetde, siz
zyýan çekenlerden bolardyňyz.

65. Kasam bolsun! Siz öz içiňizden şenbe
güni azgynçylyk edendikleri üçin (Biziň
olara): «Betnyşan maýmynlara öwrüliň!»
diýendigimizi, elbetde, bilýänsiňiz.

Düşündiriş: Bu aýatda şenbe güni balyk tutmak
gadagan edilse-de, ol gadagançylyga uýmadyk
ysraýyl ogullary barada aýdylýar. Kuranda we
hadyslarda irki döwürlerde şular ýaly käbir
günäkärleriň Allanyň näletine galyp maýmyna,
doňza öwrülendikleri, soň gysga wagt ýaşap,
ölüp gidendikleri barada aýdylýar.

Häzirki wagtdada ýewreýleň dininde şol şenbe gadagançyly (Şabat, Sabbat) bar.

Bu halky kemsitmek däl, olary Allah näletlän halk. Delil gerekmi, ine.
Bakara süresi 88-nji aýat: (Olar): «Biziň kalplarymyz möhürlenen» diýdiler. Ýok! Olaryň
küpürleri sebäpli, Alla olary näletledi. (Şonuň üçin hem) olaryň (içinde) ynanýanlary azdyr.

Bakara süresi 159-njy aýat: Takyk, Biziň inderen äşgär delillerimizi we kitapda ynsanlara anyk
görkezenimizden soň dogry ýolumyzy gizleýänleri Allanyň (näletleýşi ýaly) ähli näletleýjiler hem olary näletlärler.

Maide süresi 78-nji aýat: Ysraýyl ogullaryndan kapyr bolanlar Dawudyň we Merýem ogly Isanyň
dilinde näletlendiler. Bu olaryň asy bolandyklary we hetden aşandyklary sebäplidir.

Bu halkyň nähili halkdygny bütin dünýä gaýrydinleri (kapyr diýmäýin) musulman bolýalar. Näme üçin? Palestinada, Gazada eden etdilikleri üçin...

0
37 Döwletmyrat  
1892
Hormatly Hantöre!
Men siziň diýýäniňize düşünýän. Azgyn ýahudy-ýewreýi, şol halkdan bir bölegini, (Olar birden artyk bolsa olar bolýar) maýmyna öwrüpdir Ýaradan. Emma injener şol halkyň tutuş taýpasyny, özem iki taýpasyny maýmyna, doňza öwrüpdir diýýär. Özem şol taýpalar ýitipdir, şolaryň ýitmegem, onuň aýdanlaryna subutnama. Hantöre Gurhanda aýdylýan hakykat bilen injeneriň diýenleriniň tapawudy bar-a. Görnüp duran tapawut bilinmeli ahyry.

0
38 Döwletmyrat  
1892
Hormatly injener!
Siziň aýdan zadyňyzy men okap, ýene men subut etmeli däl. Bakara sürä diýýäňiz. Siz aýtdyňyz. "Meniň aýdanlarym Hadysda bar". Şu sözüňize jogap beriň. Hadysyň çeşmesini görkeziň. Gurhandaky aýdylanlar siziň aýdanyňyzyň subutnamasy däl. Siz logikany gaty gowy bilýäňiz, aýdan sözüňi subut etmeli bolar-a. Temany giňeltme. Men size gaty anyk sowal berdim. Dünýä ýüzünde 8 milliard adam bar. Musulmanlar iň uly hasapda hem 2 milliarda ýetenok. Siz "Ýer ýüzi diýip gürleýäňiz. Siziň bu sözüňiziň subut bolmagy üçin dünýädäki adamlaryň ýarysyndan bir adam köp ynanmaly, emma men siziň aýdanlaryňyzyň ýalandygyny bilýän. Ýalňyşyňy boýun almak mertlikdir. Size ýalňyşyňyzy boýun almagyňyzy maslahat berýärin. Sizden çeşmäňizi görkezip bilmejek bolsaňyz, temadan çykyp, başga zatlary ýazmazlygyňyzy haýyş edýärin. Wagt alyşmaly.

0
39 Döwletmyrat  
1892
Hormatly Injjener!!
Siz maňa haýsy niýetde agam diýip, ýüzleneniňizi bilemok. Ýöne şol sözüňizde, bolmanda, hakykatyň alamaty bardyr diýip, şu maslahatlary bereýin. Sizde, umuman ýaşlarda zehin bardygyny bilýän, ýöne zehin akyl-paýhas däl. Ýaşlygyň zehine görä hyjuwy bar, Hyjuw - duýgy. Siz duýgyňyz bilen däl-de, zehiniňizi akyl-paýhasa ýugrup pikir aýdanyňyzda, täsirli hem dogry bolar. Durmuşyňyza sapak bolar diýip, şu maslahatlary berýän.
1. Biziň ýurdumyzyň döwlet gurluşy dünýewi. Şonuň üçin ýazýan makalalaňda, teswirleriňde subut edip bilmejek ýa dawa sebäp boljak dini pikirlerden saklan, aýtma.
2. Aýdýan pikiriň dogry bolsa-da, subut edip bilmejek zadyňy hiç haçan, ýazma, aýtma, hatda şol hakda pikirem etme.
Ynha, şu iki maslahat ýadyňda bolsun. Men siziň ýaşlyk hyjuwdaky ýoluňyzy geçdim. Hyjuw - duýgy, duýgy bilen ýazylýan zatlar gyzykly bolup biler, emma ýalňyşy köpdür. Şonuň üçin siziň ýazýan makalalaryňyzda pikir bar, gyzyksyz däl. Emma ýazylyş derejesi çeper höwesjeň derejede bolansoň, beýle täsirli däl. Siz özüňden ululara bolan göwnüýetmezçiligiňi aýyr, pespäl bol. Yhlas etseň, kämillik ýoly siziň öňüňizde açyk dur... Ýaşlaryň bizden artykmaç tarapy dil bilýäňiz. Sizden akyl-paýhasly gowy zatlara garaşýas.

0
44 Saylaw  
1486
"Hatda şol hakda pikirem etme"
Как это? У вас есть еще один приказ?

0
42 Döwletmyrat  
1892
Aýal dogan salam. Türkiýede işleýän bolsaňyz, sag-aman işläň. Men aýal adam bilen sanaşyp durmagy özüme uslyp bilemok, alan terbiýäm boýunça-da islendik aýal adam meniň aýal doganym, başarsam, gelin-gyzlara kömek ederin. Zyýann etmen. Indi siziň makalama beren bahaň meniň pespäl bolmagyma ýardam edýär. Men jurnalistik edebiýatşynaslyk hünärimde-de meni tanamaýan käbir adamlaryň ykrar etmegine mätäç däl. Ýurdumyzyň merkezi, daşary ýurtlaryň metbugatynda, ylmy žurnallarynda çap edilen makalalarym az däldir, iki el-aýagyň barmak sanlary bilen sananyňda hem,, azyndan ýigrimi gezegä sanamaly borsuňyz. Teswirlerde jogap berilmedik sowallara ýörite makala ýazjak. Şonda jogap berilmedik sowallara, siziň Darwin hem din hakynda aýdanlaryňyza hem gaty anyk jogap bererin. Men indiki makalamda gaýtalamaz ýaly, Darwin hakynda aýdanlarymy ünsli okaweriň. Siziň "sora" diýip beren sowallaryňyza (ony özüňizem sorap bilerdiňiz, birine sargyt etmän) hem jogap bererin. Jogaplar bilen tanşar ýaly 10 gündenem bir gireweriň. Sebäbi ýene alty aýdan girseňiz, materiýal könelip, gyzyksyz bolmagy mümkin. Häzirlikçe sag-aman işläň.

0
43 Demirgazykly  
1528
"Jurnalist" däl, žurnalist. Towariş :)
Aýdýanlañ çyn bolsa, hünäriñi dogry ýazmakdan başlaly. Mekdepde hem halys ikilikçi okuwça "at-familiýasynam dogry ýazyp bilenok" diýilýär.

0
45 Döwletmyrat  
1892
Gündogarly sag-aman işle, belligiňi hökman göz öňünde tutaryn. Ýaşlara hökman ýol bermeli, ýöne ýaşlar aýdan sözüne jogap bermelidigine-de düşünmeli. Ýöne ýaşlara diňe ýol bermek däl, olary goldamalam. Men indiki makalamda tekliplerimem aýdaryn. Žurnalistika diýen söze bellik eden, inim, belligiň gaty dogry. Gyssagara ýazyp, üns beren däldirin, ýöne ol bahana bolmaly däl. Minnetdar. Indi men teswirlere sowal gelse-de jogap bermen, dogrusyny aýtsam özümem ýadadym....

0
35 Döwletmyrat  
1892
Gurhanyň aýatlary siziň diýýäniňize subutnama däl. Siz öz diýen sözüňizi gaty gowy bilýäňiz. Ýa şol aýatlaryň düşündirişini çap etmelimi?! Gaýtalap oturmaly. Siz "adamzatdan maýmyn emele geldi" diýdiňiz, emma Gurhan aýatlarynda azgyn, tekepbir adamlaryň maýmyna öwrülendigi ýazylypdyr. Halkyň ady ýok. Siz logikany gowy bilýäňiz-ä. Zat bilmeýän men size öwredip otursam nähili bolar?! Onsoňam siz ýazýan zadyňyza jogap bermelidigine düşüniň."Saýtda 30 müň tema bar..." (ýazan zatlaryňyzyň yzyny gowy bilýäňiz) diýip, meniň aýdan sözlerimem üýtgedip alypsyňyz. Saýtda jemi bar makala, şygyr we beýleki hemme materiallaram 30 müňden beýle kän däldir, ýetmeýän bolmagam mümkin. Meniň sözlerimem üýtgedip alypsyňyz Sözleriň manysyna dogry düşünip, takyk jogap bermelidigine düşüniň...

1-15 16-20
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]