20:47 Durmuş sapaklary | |
DURMUŞ SAPAKLARY
Sözler
Ynam- üstünligiň hem bagtyň açary. Adamzat akyly hem kämil duýgusy bilen beýleki mahluklardan tapawutlanýarlar. Akyl-paýhas bilen iş tutýan ynsanlar hakykata gulluk edýärler, bolmanda, hakykata ymtylýarlar. Enmma duýgusynyň guly bolan adamlardan hemme zada garaşsa bolar. Adamlar näme üçin erbet zady çalt kabul edip, hakykaty gaty agyr, haýal kabul edýärler diýen sowala şeýle jogap bermek isleýärin: Adamzat erbet hadysalary duýgy bilen kabul edýär. Emma hakykaty adamzat akyly bilen kabul edýär, akyl islendik hadysany ýa aýdylany kabul edende, öz akyl eleginden geçirip kabul edýänçä, ep-esli wagt geçýär. Şonuň üçin ynsanlar tarapyndan hakykat agyr kabul edilýär. Akyldarlaram, dana adamlaram ýaman hadysalary görýärler, emma olar adaty adamlardan tapawutlylykda, görüp-eşidip, duýgusy bilen kabul eden ýamanlyklaryny akyly bilen basyp, şol bada unudýarlar. Halkyň mentalitetuiniň-dünýägaraýşynyň kämil bolmagyna her bir döwürde döredilýän oňaýly şertiň ähmiýetiniň uludygyna ynanýaryn. Emma doga guýmagursak talantlyň-zehiniň-Alyşir Nowaýy, Magtymguly ýaly akyldarlaryň döremegi şerte bagly däl. Talant-zehin döwrüň ýagdaýyna-zerurlygyna görä, edil Asmandaky dolan Aý ýaly bolup, köre-de ykrar etdirip orta çykýar. Hakykata gol ýapan adamlaryň kösenmän ýaşany ýokdur, Hakykata gol ýapan adamlaryň abraýy olar aradan çykandan soňra, has ýokary galýar. Magtymgulynyň döredijiligi türkmen üçin poeziýa derejesinden has ýokarda bolup, pederlerimiziň hakykata bolan ynanjynyň özen beýany hasaplanypdyr. Pederlerimiz Magtymguly geçmişi-geljegi bilýän akyldar hasaplapdyr. Halypa alym, professor, nermes dilini suwara bilýän Durdymuhammet Nuralyýew 1863-nji ýylda türkmen topragyna syýahat eden Wamberä salgylanyp şu wakany gürrüň beripdi: Iki sany sowatly türkmen haýsydyr bir mesele boýunça jedel edip durlarmyş. Özem ol türkmeniň biri pikirini tassyklamak üçin “Gurhanyň pylan süresiniň pylan aýaty meniň aýdanlarymy tassyklaýar” diýipdir welin, beýleki türkmenem oňa: “Gardaş, meniň aýdýanlarymyňam Gurhanyň pylan süresiniň pylan aýatynda delili bar. Şol sebäpli men seňkini tasyklap biljek däl, meniňki dogry” diýipdir. Bu iki türkmen soňam kän çekeleşip, waka şeýle gitse, olar ýumruklaşmak derejä barypdyrlar. Emma olaryň birden biri: “Gardaş, Magtymguly akyldaryň şygrynyň şu bendi meniň aýdanlarymy tassyklaýar” diýip, Pyragynyň bir bendini pikrine tassyklama hökmünde aýdypdyr welin, ikinji dawalaşyp duran şeýle diýipdir: “Gardaş, pikiriňi garjaşdyryp durman başdan Magtymguly işanyň bendini aýdan bolsaň, men dawa etmezdim. Akyldarymyz Magtymguly aýdandan soňra, bizde gep bolmaz” diýipdir. Şeýdibem çekeleşip duran iki türkmeniň dawasy ylalaşykly tamamlanypdyr. Magtymguly her bir türkmen üçin hakykatyň çeşmesi hasaplanypdyr. Beýik ýazyjy Çingiz Aýtmatow: “XVIII asyr Magtymgulynyň asyry” diýipdi. Sebäbi Magtymguly Orta Aziýa türki halklarynyň arasynda ykrar edilen ilkinji milli şahyr. Magtymgulynyň poeziýasyndan nusga alan beýleki türki halklarynyň şahyrlary milli duýgy bilen eser ýazyp başladylar. Eýýäm XIX asyryň başlarynda türki halklarynyň her biriniň milli edebiýaty kemala geldi. Magtymgulynyň döredijiligi türki şahyrlarynyň umumy türki-çagataý dilinde eser ýazmagyny togtatdy. Olaryň öz ene dillerinde hem milli duýgy bilen eser ýazmaklaryny çaltlandyrdy. Gurus ýanan tokaýy synlap barýan iki adamyň birinjisi içinden şeýle pikir edipdir: “Wah-eý, sümme tokaý gurus ýanypdyr, agyr bedbagtçylyk. Indi beýle tokaýa, biziň-ä däl, nesllerimiziňem ýüzi düşmez”. Ikinji adam bolsa şeýle oýlanypdyr:: “Agyr bedbagtçylyk tokaý gurus ýanypdyr. Ýöne han-ha, ýanan agaçlaryň aşagyndan çykyp gelýän bag nahallary ýetişse, ýigrimi-otuz ýyldan bu ýeri öňküdenem agyr, sümme tokaý bolar”. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |