08:25 Dilewarlyk sungatynyň gudraty | |
DILEWARLYK SUNGATYNYÑ GUDRATY
Edebi makalalar
Adamzat döräli bäri haýyr bilen şeriň – hak bilen nähakyň göreşi dowam edýäEr. Islendik halkyň ruhy düşünjesinde ahyrynda şer işler berbat bolup, hakykat ýeňýär. Sebäbii köp halklaryň ruhy dünýäsindäki düşünje boýunça hakykat Ýaradanyň adamzada kesgitläp beren dürs ýoludyr, halkyň kämil edim-gylymy, däp-dessurydyr. Şonuň üçin “Halkda Hakyň ady bar” diýen aýtgy döredilipdir. Hakyň-hakykatyň ýeňşi hakyndaky synmaz düşünje her bir halkyň durmuş pelsepesidir, Halkyň ruhy dünýäsinde adamzat ýaşamak ugrundaky göreşinde hakykata gol ýapyp, ynsan bagta ýetip, abadan ýaşap biler diýen filosofiýa höküm sürüpdir. Mahlasy, halkyň kalbynda hakykat adamzadyň ýaşamak ugrundaky göreş filosofiýasynda şerden islendik ýagdaýda üstün çykypdyr. Emma durmuş diňe göreşden ybarat bolan bolsa gaty içgysgynç bolardy. Şonuň üçin adamlar nähili agyr günde ýaşanam bolsalar oýun-henek etmäge, dynç almaga wagt tapypdyrlar. Pederlerimiziň dynç almagynyň, oýun-henek etmeginiň dürli görnüşleri bolupdyr. Olar nesilleriň dilewar, ugurtapyjy bolup ýetişm üçin, meşhur şahsyýetleriň nusgalyk ömür ýoly hakynda her dürli hekaýatlary, rowaýatlary aýdyp, ondan adalatly netije çykarypdyrlar. Pederlerimiziň oýun-heneginde, nesilleriň dilewarlyk sungatyny ösdürmek tagallarynda jemgyýetçiligiň abadançylygyna zeper ýetirmeýän jaýdar aýdylan sözler hakykatdan üstün hasaplanypdyr. Halkymyz dilewarlyk sungatyna uly hormat goýup, taryhy şahslaryň arasynda bolup geçen ýa-da olara ýanalýan söz bäsleşigini beýan edýän hekaýatlary dilden-dile geçirip ýat tutupdyrlar. Pikirimizi subut etmek üçin, Myraly bilen Soltan Söýüniň söz bäsleşigini edýän şu hekaýatyna ýüzleneýin: Dilewarlykda bäsleşenlerinde Myraly mydama Soltan Söýünden üstün çykypdyr. Kelläňe gelmejek sözler tapyp, Myraly Soltan Söýüniň aýdýany dogry bolsa-da, ondan dilewarlykda üstün çykypdyr. “Biz adam dälmi“ diýen rowaýaty derňäp geçeliň. Bu rowaýatyň gysgaça manysy şeýle: “Soltan Söýün bütin Horasana höküm etse–de, siňege höküm edip bilmändir. Ol Myrala ýüzlenip: – Hiý siňegiň ýok ýeri barmyka?! – diýip sorapdyr. Myraly oňa: – Adam bolmadyk ýerinde siňek bolmaz! diýipdir. Soltan Söýün öz ýanyndan Myralyny şu sapar gepde ýeňerin diýip oýlanypdyr-da: – Atlan diýipdir. Olar çöl-beýewana baryp düşenlerinde, bir siňek wyzz edip gelipdir-de, Soltan Söýüniň ýüzüne gonupdyr. Soltan Söýün Myrala garap: – Adamsyz ýerde siňek bolmaz diýmänmidiň?! Bu näme siňek dälmi“ diýipdir. Myraly oňa: – Ikimiz näme adam dälmi? diýip jogap beripdir”. Häzirki ýaly ösen ylym bolmasa-da, ol zamanlarda hem pederlerimiz adam bolmadyk ýerde-de siňegiň ýokdugyna akyl ýetiripdirler. Ýöne Soltan Söýün adamsyz ýerde siňek ýokdugyny subut etjek bolup, Myralyny çölbeýewana getirip, adamsyz ýerde oňa siňegiň bardygyny görkezende, Myralynyň “Ikimiz adam dälmi“ diýmegi Soltan Söýüniň pikiri dogry bolsa-da, Myraly ony gepde basyp, näalaç dymmaga mejbur edýär. Belki, Myraly bilen Soltan Söýüniň başyndan şeýle waka bolup geçenem däldir. Ýöne ata–babalarymyz dilewarlygyň ähli kynçylykdan baş alyp çykýandygyny subut etmek üçin, şeýle rowaýatlary döredipdir. “Çyna berimsiz ýalanyň“ zerurdygyny dabaralandyrýan “Ikimiz adam dälmi“ diýen ýaly rowaýatlar Myraly ýaly halk içinde abraýly adamlaryň ady bilen aýdylandygy üçin, onuň ähmiýeti has hem artypdyr. Umuman, taryhy şahslar, şol sanda Myraly hem Soltan Söýün bilen bagly aýdylýan hekaýatlar barada şuny aýtmak derwaýys. Myraly hem Soltan Söýün hakyndaky rowaýatlaryň bir bölegi olaryň başyndan geçen wakalar bilen bagly bolsa, beýleki bir bölegi halkyň özi tarapyndan döredilipdir. Ýöne olar hakyndaky rowaýatlar, şorta sözler, nakyllar derňew edilende, ynha bu olaryň başyndan geçen wakasy, bular bolsa halk tarapyndan olara dahylly bolmasa-da döredilipdir diýip, anyk aýyl–saýyl etmek mümkin däl. Dilewarlyk sungatynyň gudraty baradaky hekaýatlarymyzy köpeldibem bilerdik. Halklaryň dilewarlyk sungatyna goýýan hormaty biziň şu mysal alan hekaýatymyz bilenem düşnükli bolandyr diýip pikir edýärin. Özem mysal getiren “Biz adam dälmi” diýen hekaýatymyz özbek-garagalpak halklarynyň arasynda hem meşhurdyr. Indi jaýdar, dilewarlyk bilen aýdylan sözüň hakykatdan üstün çykýandygy hakyndaky meselä dolansak, dilewarlyk sungatynyň gudratyny dünýä ýüzündäki hemme halklar bilen birlikde pederlerimizem ykrar edipdir. Hatda dilewarlyk sungaty döwlet derejesinde Çingiz han ýaly hökümdarlar tarapyndanam ykrar edilipdir. Elbetde, bu mesele aýratyn gürrüňi edilmeli tema. Ýöne şu haklykatam unutmaly däldiris. Her halkyň oýun-heneginde, dynç alma pursatynda aýdylýan hekaýatlarynda dilewarlyk sungatynyň gudraty ykrar edilipdir. Emma durmuş ýüzünde hakykatyň-şerden, asla hemme zatdan üstündigi, bolmanda her bir halkyň ruhy dünýäsinde ýaşapdyr. Döwletmyrat ÝAZKULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |