07:17 Ärlerini arkasynda göterip jeñ meýdanyndan alyp gaçan aýallar | |
ÄRLERINI ARKASYNDA GÖTERIP JEÑ MEÝDANYNDAN ALYP GAÇAN AÝALLAR
Geň-taňsy wakalar
Weýnsberg gabawy Taryhda diýseñ täsin wakalar bolup geçipdir. Aslynda munuñ düýp sebäbi taryhyñ düýn bolup geçen durmuş hakykaty bilen baglanyşykly. Durmuşyñ özi ýaşap ýörkäñ juda täsin. Wakalar sebäp-netije baglanyşygyñ çäginde elmydama garaşylyşy ýaly bolup geçmändir. Käbir hadysalara ýalanyñ hapasy bulaşyp biljegi ýaly, legendalaryñ ýüki astynda-da ezilipdir. Weýnsbergiñ günortasyndaky orta asyr galasynda bolup geçen waka-da hakykat bilen legendalaryñ arasynda gysylyp galypdyr. "Royal Chronicle of Cologne" ýaly ygtybarly çeşmede agzalmagy waka üns bermegimize sebäp bolýar. Konrad III Mukaddes Rim-German imperiýasynyñ çäklerini berkidip ýörkä bolup geçen waka Weýnsbergiñ biziñ günlerimizde "Aýal wepalylygy" ("Weibertreue") diýip ýatlanmagyna sebäp bolupdyr. Wakanyñ hronikalarda birinji gezek 1175-ni ýylda bolandygy ýazylanam bolsa, 1140-njy ýylda bolup geçendigini bilýäris. Nemesleriñ öz aralaryndaky häkimiýet ugrunda alyp barýan göreşlerinde Konrad haýal etmän agzybirligi üpjün etmek üçin gozgalañçy ilatly nokatlary ýekän-ýekän basyp almaga başlapdyr. Welf dinastiýasynyñ baştutany Genri şol bir wagtyñ özünde Konradyñ öweý dogany bolupdyr, şonuñ üçin ol tagta özüniñ mynasypdygyny öñe sürüpdir. Bu ýagdaý Konradyñ gozgalañçylara garşy rehim-şepagatsyz çemeleşmegine sebäp döredipdir. Weýnsberg galasyndaky goranyşam şu manyda Konrad üçin örän bökdençli ýagdaýa öwrülipdi. Weýnsberg galasy Uzaga çeken işleriñ netijesinde galanyñ gabawy böwüsme mümkinçiligini aradan aýran Konrad iñ soñky zarbany urup, ganly gyrgynçylyga taýýarlyk görüpdir. Bu gozgalañçy şäherdäki gyrgynçylyk beýleki begzadalara-da sapak bolmalydy. Konrad etjek gyrgynçylygyndan öñinçä aýallaryñ galadan çykmagyna rugsat berjekdigini we arkalaryna ýükläp bilen zatlary bilen galadan çykyp biljekdiklerini habar berdi. Galadakylar munuñ merhemetden nyşan däldigini we soñky garşylyklaýyn hüjüm bilen galadaky ähli erkekleriñ gylyçdan geçiriljekdigini bilýärdiler. Dañ atan nadyna galanyñ diwarlary açylsy. Gören zatlarynyñ garşysynda Konrad we onuñ esgerleri añk bolup galypdyr, çünki aýal-gyzlar arkalaryna galany goran ärleridir erkek doganlaryny alyp daşaryk çykypdyr. Konrad gören ýagdaýyna näme etjegini bilmän galypdyr. Ilki aýallaryñ galadan ärleri bilen çykmagyna rugsat berilipdir. Konrad Yzyndan galadan çykanlaryñ daşy gabaldy. Konrad göz üçin galadakylary gylyçdan geçirmegi meýilleşdirip durka gören zadyna näme etjegini bilmän galypdyr. Gersog Fridrih we serkerdeler ilkibada muña gülenem bolsalar, gören zatlary ýiti täsirini ýetiripdir. Ol Konradyñ ýanyna gelip, aýal-gyzlaryñ we arkalaryndaky erkekleriñ arkaýyn geçmegine rugsat bermegini sorapdyr. Konrad ilki özüni aldanan ýaly duýanam bolsa, korola sözünden dänmek bolmaýandygyny aýdyp, olaryñ geçmegine rugsat beripdir. 1140-njy ýylda Weýnsbergde bolup geçen bu waka nemes aýallarynyñ batyrgaýlygynyñ we wepalylygynyñ nyşany hökmünde taryha giripdir. Weýnsbergiñ aýallary ärlerini ölümiñ gujagyna taşlap gitmegiñ ýerine, olary jeñ meýdanyndan alyp gaçyrmagy başarypdyr. Konradyñ bu bolşy rehimsizliginden has beter täsir edipdir, ahyrynda ol 1150-nji ýylda Genri bilen söweş meýdanynda ýüzbe-ýüz bolşupdyr. Bu ýerdenem ýeñiş bilen aýrylan Konrad öz dinastiýasynyñ tagtyñ absolýut eýesi bolmagyny gazanypdyr. Şol gabaw döwründe Konradyñ gyrgynçylyk etmeginiñ öñüni alan gersog Fridrih Morsakal (Barbarossa) indiki tagta geljek şahsdy. Fridrihiñ agalyk süren döwrüniñ taryh taýdan iki möhüm netijesi bar: Biri nasistleriñ "Altyn asyr" diýip ideallaşdyran döwrüniñ hökümdary bolanlygydyr. Beýleki möhüm hadysa onuñ Ikinji haçly ýörişinde boýnuna alan jogapkärçilikli roludyr. Siriýany musulmanlardan arassalamak üçin girişilen bu operasiýada Mahmyt Nureddin Zeññi ýewropalylary ýol söküp gelenine puşman etdiripdir. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Anna, 15.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |