16:05 Türk Nostradamusy Muşdak baba we onuñ öñdengörüjilikleri | |
TÜRK NOSTRADAMUSY ŞAHYR MUŞDAK BABA we ONUÑ ÖÑDENGÖRÜJILIKLERI
Geň-taňsy wakalar
Şahyr Muşdak (Müştak) babany jemgyýetçilik taryhçy Myrat Bardakçynyñ 2007-nji ýyldaky şu sözlerinden soñ ýakyndan tanady: "Nostradamusyñ öñdengörüjilikleri Muşdak babanyñ ýazanlarynyñ ýanynda ýönekeýje erteki ýaly bolyp galýar. Hurufy ynanjynyñ soñky tapgyrlarynda "ebjed" diýilýän hasap metodlaryndan gelip çykýan we sanlaryñ kegi bilen boljakdygy aýdylandygyna ynanylýan sistema gabat gelinýär. "Jifir" ady berlen, ýokary matematikany ýatladýan we berk düzgünlere eýerýän sistemanyñ binýady elipbiýdäki her harpyñ belli san gymmatyny saklamagyna esaslanýar. Her sözüñ özüni emele getirýän harplaryñ gymmatynyñ jemi bolan san garşylygy bar. Geçen asyrlarda ýaşan we köpüsi hurufy bilan jifirçiler öñdengörüjiliklerini aç-açan däl-de, parollar bilen ýazypdyr we jifiriñ Türkiýedäki iñ uly ussady XVIII asyryñ otuzynjy ýyllarynda jadygöýlükde aýyplanyp ölüm jezasyna höküm edilen şahyr Muşdak babadyr. Muşdak babanyñ ölüminden soñ 1846-njy ýylda çap edilen "Diwanyndaky" käbir şygyrlarynda köp sanly öñdengörüjilige duş gelnipdir. Şahyr Ankaranyñ 1923-nji ýylda Stambuluñ ýerinu alyp, paýtagt boljagyny baryp-ha ýüz ýyldan gowrak wagt öñünden aýdypdyr". Ilki bilen makalamy okamaga girişen okyjylarymyza şuny ýanjamak bilen gürrüñime başlasym gelýär. Bu boýunça meniñ öz şahsy garaýşym Gurhanyñ "Neml" süresiniñ 65-nji aýatyna esaslanýar. Aýatda mesele kesgitli goýlupdyr: "Aýt, "Göklerde we ýerde Alladan başga hiç kim akla sygmajak hakykatlary asla bilmez. Şolaram ölenden soñ nähili we gaçan direldiljekdiklerini bilýän däldirler". Şonuñ üçinem Muşdak babanyñ ebjed hasabyny we aýdanlaryny diñe medeniýetiniziñ taryhyny öwreniş nukdaýnazarynyñ çäginde orta atýaryn we okyjymyzyñam meselä diñe şu tarapdan çemeleşse gowy boljakdygyny bilýärin. • Ebjed hasaby näme? Ebjed esasan arap dilundäki harplaryñ añsat görnüşde ýat tutulmagy üçin işlenip düzlen manysyz sekiz sözi öz içine alýan sistemadan ybarat. Bu sözler nobaty bilen ebjed (أبجد), hewwez (هوز), hutti (حطي), kelemen (كلمن), safes (سعفص), karaşet (قرشت), sehaz (ثخذ), dazag (ضظغ) görnüşinde ýazylýar. Ebjedde görlüşi ýaly birinji söz we sistemanyñam umumy adyna öwrüldi. Bu sistemanyñ iwrit we arameý diline nabati dilinden geçendigi çaklanýar. Rimlilerden bäri ulanylýan bu tilsim jöhit tefsir garaýşy bolan kabalaçylymda öñe saýlanýar we biziñ däbimizdäki "ebjed hasaby bilen taryh düşme adaty" köp derejede şeýdip ýüze çykdy. Bu tilsim has köp diwan edebiýatynda eseriñ ýazylan senesini bellemek üçin ulanylýar, emma beýleki bir tarapdan jady we doga-tumar nilen meşgullanýan käbir adamlar şy tilsime ýüz urýar. Muşdak babanyñ aýdandygyna ynanylýan öñdengörüjilikleriñ aglabasy hurafadan we ýalan-ýaşrykdan ybarat. Ol aýdylýanlara, has dogrusy guýrukly ýalanlara geñ galmaz ýaly däl. Osmanlyda Ankara Muşdak babany şeýlekin meşhurlyga ýetiren zat bolsa, onuñ ebjed hasaby bilen ýazan şygyrynda çykan Ankara ady we senesi. Muşdak baba Hajy Baýram weliniñ kümmedine zyýarat edenden soñ şu şygryny ýazypdyr: Gözel ýurda kim müñler täç olursa, Hökman ol ýurt Stambul bilen bir bolar. Nun we kalam başyndan alynsa nun Ýunus, Alynanda beýleki harp açyk yşarat bolar. Kaf süresiniñ açary iñ soñundadyr, Pygamber ependimiziñ hormatyna guralmaly. Habaryñyz bolsun, Allanyñ saýasynda soñky maksat ýüze çykdy, Welileriñ iñ ulusynyñ öýünde arafasy Juma bolan haj güni. Eý belent patyşa, soltan Hajy Baýram, Ruh hödür istäp aşyk gul bolmagy arzuwlar. Orginal nusgasynda Me'wâ-ýy nâzenîne kim elf olursa efser Lâ-büdd olur o me'wa İslâmbol ile hemser Nun ve'l- alem başyndan alynsa nun-y Ýunus Aldykda harf-i diger olur bu remz ızhâr Miftâhy-sureýi Kaf ser-had-i kaf tâ kaf Munzamm olunmak ister Râ-ýy Resul-i Peýamber Hâýy-huý ile âhir maksud oldu zâhir Beýt-i weliýýü'l-ekrem Elhâj Abd-i ekber Eý pâdişâhy-fehhâm Sultan Hajy Baýram Rewhân ister ikram-ı Müştâk-ı abd-i çâker. Osmanlyda Ankara Bu şygryñ orignalyny ebjed hasaby bilen tablisalaşdyranymyzda şeýle netije çykýar: Efserden türkçe "A" harpynyñ garşylygy (elif) ANundan, türkçe "N'' harpynyñ garşylygy (nun) NKafdan, türkçe "K" harpynyñ garşylygy (kaf) KResuldan, türkçe "R" harpynyñ garşylygy (rı) RHaýdan türkçe adyñ "e, a" halynyñ garşylygy (he) A. Netijede garşymyza "ANKRA" çykýar duruberýär. Özem munuñ köne dilde Ankara diýmegi añladýandygyny bilýäris. Bu şygryñ ebjed hasaby urlanda Ankaranyñ paýtagt ediljek ýyly ýüze çykýar. Muşdak babanyñ öñdengörüji bilgiç bilandygy hakdaky pikir hem ýokardaky okan meselämize goldanýar. Muşdak babany türk Nostradamusy hökmünde tanadan ylmy işleriñ subutnama hökmünde hödürlän beýleki esasy argumenti Muşdak babanyñ ölümi bilen baglanyşykly. 1758-nji ýylda Bitlisde dünýä inen Muşdak baba Stambula göçüp gelenden soñ döwlet apparatyndaky birnäçe adam bilen ýakyn gatnaşyklary açypdyr. Haçanda dogduk şäherine dolanyp gelende jadygöýlük bilen meşgullanmakda aýyplanyp öldürilipdi (öldürilen wagty 1247/ 1831-32). Şahyryñ öñünden görüp aýdanymy ýa içinden geçen pikirimi... belli däl, ýöne şu setirleri entek ölmänkä ýazypdy: Wepasy ýok bu çarhy bi wepanyñ ahyry, Müebbet bolmady ziri pelekde Rüstemi Dara. • Osmanlyda öñdengörüjilik Şygyrlarynda Muşdak babanyñ ölümini öñünden çak urmagyndan ötri ýaşan ýurdunyñ syýasy gabanjañlyklarynyñ tankydy edilse has dogry bolar. Sebäp onuñ eýeleýän orny we at-owazasy belli bir adamlarda görübilmezçilik döredipdi. Ölüminden soñ "jadygöýlük bilen meşgullanýardy" aýyplamasy-da megerem jenaýatyñ üstüni örtmek synanyşygyndan başga zat däldi. Netijede pygamberiñ şanyna ýazan odalary bilen tanalýan bitlisli diwan şahyry Muşdak babanyñ ady ýygy-ýygydan türk Nostradamusy hökmünde agzalýar. Hajy Baýram weliniñ kümmedini zyýarat edenden siñ ýazan şygry bu ýöñkemeleriñ süññüni düzýär: çünki ebjed hasaby bilen Ankaranyñ atlaryny ee paýtagt edilen senesi tapyp bolýar. Munuñ düýp maksadyny, takyk dogrusyny bizem doly bilemzok, ýöne şundan hereket edenimizda şahyry bilgiçlik bilen meşgullanan adam hökmünde tanatjak bolmak biraz öte geçmek durýar. Sebäp Muşdak baba diýseñ görnükli diwan şahyry we jahankeşde bolansoñ biri-birinden gymmatly eserleri miras galdyrypdyr. Mehmet MAZLUM ÇELIK / @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Penşenbe, 20.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |