15:47 Basybalyjy mongol sülsadyna türk diýmek dogrumy? | |
BASYBALYJY MONGOL SÜLSADYNA TÜRK DIÝMEK DOGRUMY?
Taryhy makalalar
Çingiz han taryha giren meşhur ýasalarynda (kanunlarynda) döwletiniñ adynyñ türk-mongol döwletidigini aýdýan haýsydyr bir söz ulanypdyrmy? Elbetde, ulanan ýeri ýok. Mongollaryñ basybalyjylykly hinterlandynyñ merkezinde Hytaý ýerleşýärdi. Emma taryhda "Hytaý-mongol" döwleti diýen adalga ýokdugyna garamazdan, soñky ýyllarda mongollaryñ soñabaka türkileşendigi göz öñüne tutulyp, taryhyñ uñ gorkunç döwletine we liderine Türk-mongol döwleti diýmegiñ özi gödek ýalñyşlyk bolup garşymyza çykýar. Mongollaryñ özbaşyna medeniýeti bolmandygy sebäpli basyp alan ýerleriniñ medeniýetine siñip gidýärdiler. Hytaýy basyp alanlaryndan soñam köp möçberde hytaýlylaşypdyrlar, emma hytaýlylar özlerine şeýlekin uly zyýan ýetiren wagşylar sürüsini hiç haçanam taryhlarynyñ bir parçasy hökmünde garamandyrlar. Üstesine taryhda bir zarbada türki halklary gyrgyna salan we iñ ajaýyp türki şäherleri ýakyp-ýandyryp, tekizläp we ahyrynda tary-mar edenem mongol sülsatlaryndan başga ýogam bolsa, "türk-mongol" psihologiýasynyñ düýp maksadyna göz ýetiräýmek kyn. Mongol ordalary Türküstana, Hytaýa, Owganystana, Anadola uzaýan ümmülmez geografiki giñişlikde basybalyjykly ýörişleri eden we taryhda iñ wagşyýana gyrgynçylyklary amala aşyran gözi ganly ganojaklar hökmünde ýatlanýar. Atamälik Jüweýni bu ordanyñ taryhymyzyñ iñ gadymy türki welaýatlaryndan Horasana ýetiren zyýanyny şu sözler bilen beýan edýär: "Bu iki sebit kyýamat-ahyra çenli öñki ilatynyñ ondan bir bölegine-de ýetip bilmez. Häzirki harabalar we weýran bolan jaýlar bu ýerde bolup geçen wakalara şaýatlyk edýär". ("Älemi eýeleýjiniñ taryhy") • Buhara ýangyny, Samarkant betbagtçylygy, Horezm kyýamaty Bu adamhor sülsadyñ ýykan şäherleriniñ arasynda baý ylym we medeniýet ojagy bilen öñe saýlanan şäherlerimizden Buhara bardy. Bu masgaraçylykly basybalyjylygy ýene Jüweýniden okalyñ: "Çingiz han atyny uly metjidiñ içine sürüp, mährabyñ öñünde durdy. Ogly Tuly hem atyndan düşüp münbere çykdy. Säherdäki sazandalary metjidiñ içine üýşürdiler. Metjidiñ içinde şeraplar dolup-daşdy. Kurany-Kerimler atýataklarda at toýnaklarynyñ aşagynda depgilendi". (Ady agzalan kitaba seret(). Çingiz hanyñ türki halklara eden wagşyýanalygy metjitleri başyna ýumurmak bilen çäklenmändi. Horasan şäherini oda berip, türkleri diriligine ýakypdy: "Şäheri oda berdi. Şäheriñ jaýlary agaç bolansoñ birnäçe günläp ýandy. Şäher daşardan atylan ýanyjy maddakar bilen lowlap duran tamdyra döndi. Kañly kowmundan hiç kimi diri goýmadylar, 30 müñden gowrak adamy öldürdiler. Diri galanlaryñ hemmesi gul edildi. Galan birküç sany buharaly şeýle diýdi: geldiler, ýykdylar-ýumurdylar, ýakdylar-ýandyrdylar, öldürdiler, äkitdiler, gitdiler". (Ady agzalan kitaba seret). Ahyrynda Türküstandaky üçünji esasy şäherimiz Samarkant bu wagşyýanalykdan paýyny alypdy. Ýene Jüweýniden okalyñ: "Mongollar şäheri gije-gündizläp taladylar. Halky aýal-erkek ýüz adamdan toparlara bölüp, şäheriñ daşyndaky düzlüklere çykardylar. Gün batýança türkleriñ ömür güneşini söndürdiler. Müñlerçe türk(men) mongollaryñ öldürme keýpiniñ gurbany boldy". (Ady agzalan kitaba seret(). Mongollaryñ ýakyp-ýumran sebitleriniñ arasynda şübhesiz ýürekleri daglanlarynyñ başyny Horezm çekýär. Bu sebit türkleriñ Andalusydyr. Ibn Sina, Biruny, Ibnul-Hammar, Ebu Sehl el-Mesihi, Ebu Mansur es-Sealibi, Ibn Yrak ýaly alymlar horezm köşgünde sylanýan adamlar bolup, bu ýerleriñ ylmynyñ başyny çekipdiler. Otraryñ häkimi Gaýyr han Ynaljygyñ buýrugy bilen bulagaýlyk döreden mongol delegasiýasynyñ uçdantutma kellesiniñ kesilmeginden soñ Çingiz han 90 müñ adamlyk goşuny bilen türkleriñ üstüne çozdy. Bu gyrgynçylyk barada Jüweýni şeýle ýazypdyr: "Mongol atlylary bukulyp ýatan ýerlerinden çykyp, horezmlileriñ üstüne okduryldy. Çopanstz goýun sürüsine çozan aç böriler kibi hemmesini öldürdiler. Mongollaryñ gelendigini gören horezmliler galadan çykyp, olara garşy gorandylar. Agşama çenli ýüz müñ adam ölüp, ýere serildi". (Ady agzalan kitaba seret). Çingiz han bu ajaýyp ýurdy weýran edenden soñ ogly Juçä bagyşlapdyr. Negözel ýurt eýranly häkimleriñ we mongol serkerdeleriniñ at dabradýan öli topraklaryna öwrülipdir. Çingiz han ýene bir türk şäheri Gaznany-da wagşyýanalyk bilen tary-mar edipdir. Beýleki türk şäherlerinden tapawutlylykda bu şäherde diñe senetkärleriñ ýaşamagyna rugsat beripdir. • Mongollar haçparazlary heýjana salypdy Mongollaryñ yslam älemine we türklere ýetiren zyýany haçparazlary artykmajy bilen begendiripdi. Aýratynam Anadolyda emele gelen weýrançylyk yslam äleminiñ doly ýok edilmegi taýdan Günbatar dünýäsinde täze umyt ýalkymlaryny döredipdi. Şeýle haos şertlerinde-de türkler hususanam Balkan ýurtlarynda yslamyýeti yzygiderki ýaýmagyñ hötdesinden gelmegi haçparazlary lapykeçlige uçradypdy. Her şerde bir haýyr bardy. Samarkant, Buhara, Horezm ýaly ýerler weýran bolansoñ, erenler-pirler Anadola we Balkanlara sary göç edipdiler. Sary Saltyk, Hajy Bekdaş Weli ýaly şahsyýetler hem özler hem-de ýetişdiren şägirtleri bilen Balkanlaryñ tiz wagtda yslamlaşmagyny üpjün etdi. Günbatar türk-yslam äleminiñ çagşamagyna garaşyp durka, türkler bu gezek alymlary bilen Günbataryñ bir ujundan girip barýardylar. Halyk Inaljyk halypanyñ aýtmagyna görä, soñky asyrlarda-da, haçparazlar mongollardan umydyny kesmändir. Hristofor Kolumbyñ syýahaty-da şeýdip başlapdy. Amerika materigine sary agyr ýolagçylyk bilen dünýä taryhyny üýtgeden Hristofor Kolumbyñ ahyrky maksady Beýtulmukaddesi (Ierusalimi) basyp alyp biljek uly goşun düzmekdi. Merhum taryhçymyz Halil Inaljyk Kolumbyñ bu pikirini şeýle beýan edýär: "Hristofor Kolumbyñ Täze dünýäni açmagy bir tarapdan Ortaýer deñzinde Ispaniýa bilen Osmanlynyñ arasyndaky göreş bilen baglanyşykly ýaly bolup görünýär. Kolumb "Gündeliginde" ony herekete geçiren hakyky pikiriñ yslam dünýäsini ýeñseden urup, hristianlaryñ Gündogardaky dosty mongol hany bilen göni aragatnaşyk açmakdygyny, Hindistan söwdasy ýola goýmak üçin Hind okeanyñ deñiz ýoluny aşmakdygyny, Günbatar we Gündogar hristianlarynyñ bileleşmegi bilen Beýtulmukaddesi (Ýerusalem) almakdygyny mälim edýär". Taryhçy Halil Inaljygyñ aýtmagyna görä bolsa, Kolumbyñ Beýtulmukaddesi mongol goşunlary bilen basyp alma meýilnamasynyñ añyrsyndaky niýet hem Kiçi Ermenistandaky nestury hristianlaryñ Kubilaý hanyñ ilçisi bilen ýola goýan gatnaşygyna goldanýardy: "Eýran mongollary Anadoly türkmenleriniñ we mamlýuk soltanlarynyñ baş duşmanydy. Mongollar haçparaz goşunlaryñ hereket merkezi saýýan Kiçi Ermenistany (Çukurowa sebiti) howandarlygy astynda saklaýardylar. Mamlýuklara garşy mongollar bilen ýewropa köşkleriniñ arasynda ikitaraplaýyn ilçiler gatnaýardy. Argunyñ (1284-1291) hristian-nestury ilçisi Rim papasy Nikola IV-e hanyñ adyndan şeýle diýýärdi: "Han katolikler dünýäsi bilen dostlukda birleşmegi we Siriýadyr Palestinany eýelemegi teklip edýär hem-de Ierusalimiñ basyp alynmagy üçin ýaranlyk etmegiñizi isleýär". Mongollar bilen Günbatar hristian dünýäsiniñ arasynda gatnaşyklar şondan soñam dowam edipdir. Kolumba degişlidigi aýdylýan "Gündelikde" ol ispan hökümdarlary Izabella we Ferdinanda "Grankanyñ (Kubilaýyñ) ýurduna deñiz ýolundan baryp ýetjekdigini, ol ýerdäki butparaz halky hristianlyga çagyrjakdygyny" aýdýar". (Rim papasy pygamberimiziñ jansyz bedenini ogurlatmak üçin Medinä 20 sany içaly pop ugradypdy – "Haber Türk" gazeti). Hristofor Kolumb Kuba baryp ýetensoñ Ispaniýa ugradan ilkinji habarnamalarynda az wagtyñ içinde Kubilaý bilen görüşmegi umyt edýändigini ýazypdyr. Emma Kolumbyñ dünýä taryhyny düýpgöter üýtgedip taşlajak "Täze materigi açanlygyndan habary ýokdy. Elkyssa, esasy gürrüñimize gaýdyp geler bolsak, Çingiz hanyñ we onuñ ordasynyñ türk-yslam älemine ýetiren zyýany görnüp durka, belli-beterem Çingiz hanyñ özi munuñ baş inisiatory bolup çykyş edip durka, bu hapa ruhly warwar sülsady türk medeniýetiniñ we taryhynyñ parçasyna öwürjek bolmak näderejede dogry? Türk medeniýetine we taryhynyñ munuñ näme goşandy, näme peýdasy bar? Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Çarşenbe, 18.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |