16:34 Saud patyşasy Faýsal Akýazyda nämüçin metjit gurdurdy? | |
SAUD PATYŞASY FAÝSAL AKÝAZYDA NÄMÜÇIN METJIT GURDURDY?
Patyşa Faýsal bin Abdyleziz / Fotosurat: Wikipedia Saud patyşasy Faýsal 1966-njy ýylda Akýazynyñ Byçykdere obasynda metjit gurdurdy. Bu metjidiñ añyrsynda bolsa türk melikesi Iffet hanym bardy. Saud Arabystany taryhynyñ başgalaryna meñzemeýän iki gahrymany Faýsal patyşa bilen Iffet hanymyñ nikasyna we Ýakyn Gündogar syýasatynda emele getiren üýtgeşmelerine bilelikde seredeliñ. • Patyşa Faýsalyñ perişan ahwaly Patyşa Faýsal bin Abdyleziz žurnalistlere onçakly ynam bildirmeýändigi üçin habar beriş serişdelerine kä interwýu bermändir. Ýönekeýje sada durmuşda ýaşamagy we göwnaçyklygy bilen tanalypdyr. Hulefaýy-Raşidin (Dört çaryýarlar) döwrüni ýatladýan hereketleri bilen özüniñ göze öwrenişilmedik portretini döredipdir. Aýaly melike Iffet hanymyñ doganyna köşkde ýaşasynyñ gelmeýändigini aýdyp, adaty öý gurdurypdyr, emma gurlan öýüñ haşamlylygyndan birahat bolup, ol ýerigem göçmändir. Saud köşgi Faýsal bin Abdyleziziñ döwründe ahlagyñ hakyky nusgasydy, görüm-görelde mekdebidi. Ol Malkolm Iks ýaly dünýä musulmanlarynyñ aktiwistlerini köşgünde garşylap, dertlerini diñleýärdi. Merhum patyşanyñ ýüreginiñ iñ uly düwüni Beýtulmukaddesdi. Taryha "meşhur Beýtulmukaddes nutugy" bolup giren çagyryşdaky sözleri şu günlerem öz güýjüni ýitirenok: "- Doganlarym! Nämä garaşyarys? Dünýäniñ wyždanynyñ oýanmagyna garaşýarysmy? Hany, nirde dünýäniñ wyždany? Mukaddes Kuddusy-Şerif sizi çagyrýar. Özüni halas etmegiñize garaşýar. Nämeden gorkýarsyñyz? Ölümden gorkýarsyñyzmy?" Konflikti çözmek üçin herekete geçen ABŞ-nyñ Daşary işler ministri Genri Kissinžer patyşa Faýsal bilen bolan duşuşygyny şu sözler bilen beýan edipdi: "Patyşa Faýsal diýseñ gaharly görünýärdi, aramyzda mylakatly söz alyşma başlar umydy bilen oña degişensiräp "uçarymyñ ýangyjy gutardy, uçarymyñ benzobagyny doldurmak üçin buýruk berseñiz, halkara bahasyndan puluny tölemäge razydygymy" aýtdym. Patyşa gülümsiredi we kellesini ýokary galdyryp, maña pert-pert şulary aýtdy: - Men indi garradym, ölmezden öñ ýeke-täk arzuwym "Mesjidi-Aksada" iki rekagat namaz okamak! Sen maña şu babatda kömek edip bilermiñ?" Inisi Faýsal bin Musaid mäşäni gysanda diñe patyşa Faýsal bin Abdyleziziñ janyna kast etmedi. Palestin göreşi uly ýara alşy ýaly, Saud Arabystanynyñ syýasy galkan hökmünde ulanýan "nebit syýasaty-da" köp möçberde ýok edilipdi. Patyşa Faýsal bin Abdyleziziñ ölüminden soñ Saud Arabystany nebiti syýasy arenada diñe ykdysady sebäpler bilen nyrh syýasatyny kesgitlemek maksady bilen galkan hökmünde ulanyp bildi. • Patyşa Faýsal bin Abdyleziziñ nebit syýasaty Saud Arabystanynyñ nebit syýasatyny 1975-nji ýyla çenli formulirlän üç esasy waka bardy. Bulardan birinjisi Musaddygyñ göreşi we "Aýaks operasiýasy". Ikinjisi bolsa Müsürde Jemal Abdynasyryñ ýöredýän syýasaty. Soñky üçünjisi-de Ysraýylyñ sebitdäki basybalyjylykly syýasaty we Beýtulmukaddesi okkupirlemegi Saud Arabystanynyñ nebit syýasatyny kesgitlän iñ esasy faktordy. Patyşa Faýsal bin Abdyleziz 1964-nji ýylda tagta geçende Nasyryñ syýasy ugruny oñlamaýardy. 1970-nji ýylda Nasyryñ aradan çykmagy bilen onuñ sekulyar nasionalistik syýasatynyñ ýerine yslamy bähbitleri öñe tutýan syyasaty sebitde güýçlendirmäge dyrjaşdy. 1969-njy ýylyñ 21-nji awgustynda awtstraliýaly fanat Maýkl Denis Rohanyñ "Mesjidi-Aksany" otlamaga synanyşmagy arap däl musulman ýurtlaryñam palestin dawasyna arka durmagyna getirdi. Patyşa Faýsal bin Abdyleziz Müsürde täze hökümetiñ başynda duran Enwer Sedatyñ hökümeti bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýup, sebitdäki Ysraýyl belasyny aradan aýyrmak isleýärdi. Patyşa şonda nebit galkanyny soñuna çenli ulanmakçydy we Ysraýylyñ sebitdäki täsirini kemeltmek babatda elinden gelenini gaýgyrjak däldi. Patyşa Faýsal bin Abdyleziziñ tagallasy netije beripdir. 1973-nji ýylyñ 6-njy oktýabrynda Müsür-Siriýa goşun bölümleri Ysraýyla hüjüm edipdi. Sinaý ýarymadasy okkupatorlaryñ elinden halas edilipdi we urşuñ başynda Ysraýyl uly ýitgilere sezewar bolupdy. Enwer Sedat maksadyna yetendirin öýdüp, goşunlaryna säginmegi buýran badyna, Ysraýyl az wagtyñ içinde güýjüni deñläp ýetişdi. Patyşa Faýsal bin Abdyleziz bu bolýan üýtgeşmeleri jany ýandy we wakalary keseden durup dolandyrmagyñ manysyzdygyny bilip, göni herekete geçdi. Patyşa Faýsal diñe Günbatar ýurtlaryna däl, Ysraýyly goldaýan ähli ýurtlata nebit bermekden ýüz öwürýändigini yglan etdi. Faýsal günbatarlylar näçe urunsa-da yza ädim ätmedi. Emma Saud Arabystanynyñ elinde nebitden başga kozyry-da ýokdy... Şol sebäpden 1974-nji ýylda Liwiýadan başga ähli arap ýurtlary nebit sanksiýasy meselesinee yza ädim ätdiler. Şular ýaly üýtgeşmelerden soñ Faýsal bin Musaidiñ atan oky soñky ýyllarda Saud Arabystanynyñ nebit syýasatyny köp möçberde başga şekile büräpdi... Patyşa Faýsal dünýäni we ýurduny şeýdip dolandyrjak bolup, şu ugurda şirin janyndan el üzen bolsa, onuñ añyrsynda kän bir ady tutulmaýan melike Iffet bolsa ýurtda aýal-gyzlara bolan garaýşy üýtgeden nusgalyk şahsdy. • Saud köşgüne türk eli aralaşýar Patyşanyñ aýaly Iffet hanym 1916-njy ýylda Stambulda dünýä inen, eje tarapy türk melikedi. Kakasy osmanly ofiserlerinden Muhammet bin Saud Al-Saniýan. Iffet hanym döwrüñ stambully gyzlarynyñ arzuw eden mugallymlyk kärini edinmek isläpdir. Tötänlikden şazada Faýsal bilen tanyşlygy onuñ durmuşyny düýbünden başga ugra gönükdiripdir. Iffetiñ agasy Ahmet beý maşgalasynyñ mirasyna eýe durmak üçin 1919-njy ýylda Saud Arabystanyna gidipdir. Şol ýerde Faýsla bilen tanşypdyr we onuñ ýakyndaky iş toparynyñ düzümine girupdir. Şonda we Iffetiñ daýzasynyñ ony haj zyýaratyna äkiden wagtynda Faýsal bilen Iffet tanşypdyr. Şazada Faýsal bu tanyşlykdan kän wagt geçmänkä kakasyndanam rugsat alman Iffet hanyma öýlenipdir we saud köşgüne muny telegramma bilen habar beripdir. Şeýlelik bilen şazada Faýsal bilen Iffet hanym 1932-nji ýylda nikalaşypdyr. Iffet hanyma täze durmuşy kyn bolupdyr. Sebäbi ýurduñ daşary işler ministri bolan äri şazada Faýsal ýygy-ýygydan daşary ýurtlara gidipdir we ýeke galan ayaly arap diluni bilmeýändigi üçin düýpli kynçylyklary başdan geçiripdir. Muny duýan şazada Faýsal garaşylmadyk öwrüm edip, resmi saparlarynda Iffet hanymy-da ýanyna alyp gitmäge başlapdyr. Bu ýagdaý Iffet hanymyñ hasam göze gelüwli we güýçli aýal hökmünde öñe çykmagyny ýola goýupdyr. Iffet hanym şazada Faýsalyñ bu goldawyny il-gün üçin bähbitli işlerde peýdalanypdyr. Äri patyşa bolandan soñ ilkinji gezek Saud Arabystanynda aýallaryñ arasynda melike (korolewa) titulyny Iffet hanym alypdyr. Iffet hanym melike bolandan soñ ýurtda ylym-bilim propogandasynyñ başyny başlapdyr. 1950-nji ýylda melike Iffetiñ tagallasy bilen "Dar el-Hanan" mekdebi gurlupdyr. Ýurtda sowat derejesiniñ 5 prosente-de ýetmeýän şertlerunde gyz çagajyklara niýetlenen ajaýyp mekdep açylypdyr. 1999-njy ýylda gurlan Iffet uniwersiteti-de sebit üçin rewolýusion gymmatlykdady. Ähli mugallymlarynyñ we talyplarynyñ aýal-gyzlardan düzülen bu ýokary okuw okuw jaýynyñ Iffet hanymyñ adyny götermegi patyşa äriniñ aradan çykansoñam onuñ ýurtdaky at-abraýynyñ nähili uly bolandygyny görkezýär. "Gyzlaryñ ýeke-täk ýaragy bilimleridir" şygary astynda oglan-gyzlara hyzmat eden iki aýry Riýad Yslam bilimi mekdepleri we yzyndanam Halkara el-Manarat mekdepleri munuñ üstüni doldurypdyr. Iffet hanymyñ bilim maksatnamasyny ýurduñ daşyna-da ýaýmak maksady bardy. Saud Arabystanynyñ Bilim ministrliginiñ maglumatlaryna görä, ýurtda okaýan gyz okuwçylaryñ sanynyñ oglan okuwçylardan 2019-njy ýyldan bäri öñde bolmagy Iffet hanymyñ taýsyz tagallasyny we gazanan üstünligini görkezýär. Melike Iffet hanymyñ ady köplenç äri bilen bile ýatlanýar. Emma ol çagalaryny-da aýratyn uly alada bilen ýetişdiripdi. Dokuz çagasy bolan melike Iffet hanymyñ çagalary Saud Arabystanynyñ howpsuzlyk gullugy, goşun, biznes dünýäsi ýaly birnäçe ugrunda täsirliliklerini saklap geldiler. Onyñ ogly şazada Saud el-Faýsal 1975-nhi ýylda Daşary işler ministri boldy we bu wezipede 2015-nji ýyla çenli işledi. Melikäniñ öweý dogany Kemal Edhem saud kontrrazwedkasynyñ başlygy wezipesine çenli beýgelipdi. • Iffet hanym we onuñ Türkiýe bilen gatnaşyklary Iffet hanymyñ atasy Abdylla el-Saniýan 1843-nji ýyla çenli Nejid emirligini dolandyran begzada adamdy. Şol wagt Faýsal el-Türki gozgalañy bilen Saniýanlar sebitdäki häkimiýetlerini elden giderip, Müsüre göçüpdir. Emir Abdylla gaýtadan sebitde häkimiýeti eýelemek üçin bu gezek Stambula gelipdir. 1880-nji ýylda paýtagta gelen Abdylla Soltan Abdylhamyt tarapynda hormat bilen garşylanypdyr we paşalyk çini berlipdir. Abdylla paşa Stambulda bolýarka Täze Ruh diýen çerkez gyzyna öýlenip, şäherde ymykly ornaşypdyr. Täze aruh dört çagany dünýä inderipdir. Bularyñ birem Iffet hanymyñ kakasy Muhammet Saud beý eken. Muhammet beý hem kakasyny gaýtalap çerkez gyzy Asiýa hanym bilen nikalaşypdyr. Melike Iffet hanym olaryñ nikasyndan dünýä inipdir. Emma Iffet hanym ýañy dört ýaşyndaka Muhammet Saud beý 1918-nji ýylda wepat bolupdyr. Ýagny Iffet hanym türk goşunynyñ hatarynda wepat bolan bolan şehit atanyñ gyzydyr. Iffet hanym melike bolandan soñam ata watany hasaplaýan Türkiýe respublikasy biken gatnaşygyny ýitirmändir. Arapçany suwara öwrenipdir. Ýöne ool patyşa ärine we çagalatyna türk dilini öwretmegi-de ýatdan çykarmabdyr. 1966-njy ýylda Faýsal patyşa Türkiýede resmi saparda bolabda melike Iffet hanymyñ ejesi Asiýa hanymyñ Akýazydaky obasyna metjit gurdurmagy üçin hut Faýsalyñ haýyr-sahawat kömegini etmegi dowam edip gelen gatnaşygyñ iñ aýdyñ subutnamasydy. Melike Iffet hanym patyşa äriniñ janyna kast edilip öldürilmeginden tegelek 25 ýyl soñ, ýagny 2000-nji ýylda aradan çykdy. Äri patyşa Faýsal sebit halkynyñ göwnüni awlap, saud syýasatynda yz galdyrypdy. Türki gelip çykyşly Iffet hanymam arap gyzlarynyñ durmuşyny özgerdip bilipdi. Gynansak-da, Iffet hanym türk jemgyýetçiliginde şindizem ýeterlik derejede tanalanok. Patyşa Faýsalyñ bakyýete göç etmeginden soñam haýyr-sahawat işleri dowam edipdir. Fuat Sezgin ýaly merhum alymlarymyz şonuñ eden kömekleri bilen ylmy işlerini azat şertlerde alyp barma mümkinçiligini tapypdyr. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Çarşenbe, 25.09.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |