07:16 Soltan Abdylhamydyñ kiçijik esgerleri: Jansyz kepderiler | |
SOLTAN ABDYLHAMYDYÑ KIÇIJIK ESGERLERI: JANSYZ KEPDERILER
Taryhy makalalar
Guşlar yslam mifologiýasynda-da, osmanly edebiýatynda-da elmydama aýratyn orna eýe bolup geldiler. Hezreti Süleýman pygamberiñ Hüthüt guşy kontrrazwedkaçy kimin duşman ýurtdan habarlar getiren bolsa, Ebabil atly guş hem zulma garşy simwoldyr. Şeýle-de Ybraýym pygamberiñ taşlanan oduna bir damja suw daşan serçe merhemetiñ nyşany bolup, tasawwufda Symrug taglymaty wahdet garaýşynyñ esasy faktorlarynyñ biri hökmünde garşymyza çykýar. Osmanlynyñ iñ esasy patyşalaryndan Soltan Abdylhamyt hem guşlara bildiren içgin gyzyklanmasy bilen tanalýar. Elbetde, soltanyñ haýwanlara bolan ýakynlygy guşlar bilenem çäklenmeýärdi. "Ýyldyz" köşgi dünýäniñ iñ çet ýerlerinden Stambula getirilen seýrek haýwanlaryndan doludy. Bütin bu haýwanlaryñ içinde Soltan Abdylgamydyñ aýratyn üns berýän jandarlarynyñ başyny kepderiler çekýärdi. Munuñ düýp sebäbi-de kepderileri hat-habar alyşma we kontrrazwedka işlerinde ulanmak maksady bilen okadylmagydy. Şonuñ üçin bolsa gerek, kontrrazwedkada işleýän käbir ofiserlere "guşçybaşy" diýilipdir. • Kepderileriñ kontrrazwedkaçylygy Kepderiler höwürtgelerine öwrenişdirilenden soñ uzak aralykdan tapyp bilme ukyplary arkaly kiçijik kagyzlara ýazylan bellikleri göni getirip beribilipdirler. Bu emel rimlilerden müsürlilere çenli gaty köp medeniýetler tarapyndan ulanylyp gelinen gadymy kontrrazwedka tilsimidi. XIX asyrda Osmanly döwleti döwrabaplaşmagyñ iñ esasy ugurlarynyñ biri hökmünde poçta aragatnaşygy edarasyny kämilleşdirende bu gadymy emele-de üns beripdir. "Düweli-Muazzamanyñ" hemmesi diýen ýaly kepderileri howpsuzlyk gullugynda ulanmagy osmanly ýolbaşçylaryny-da bu meselä çynlakaý seretmäge mejbur etdi. Abdylhamyt "Ýyldyz" köşgünde "Guşlugy-Humaýun" gurduryp, ýurdunyñ çar künjünden kepderi görnüşlerini getirtmäge başlady. Soltan Londondyr Pariždenem Osmanly ýurtlarynda ýok käbir kepderi görnüşlerini getirtmek üçin döwlet apparatyny aýaga galdyrypdy. Osmanly patyşasynyñ kepderiler bilen içgin gyzyklanýandygyny bilen fransuz alymy H.Deklerk kepderiler üçin ýörite daşama kapasasyny taýýarlap, osmanly köşgüne ugradypdyr. Abdylhamyt kepderileri harby maksatlar we hat-habar alyşmak üçin ulanmak pikirini doly durmuşa geçirmek inisiatiwasyny uzak wagtlap "gizlin" dowam etdiripdir we garşydaş kontrrazwedkada ulanylaýmasyn gaýgysy bilen gijikdiripdir. Munuñ düýp sebäbi-de ruslaryñ kepderi kontrrazwedkasy boýunça juda ösen tilsimleri bilýändikleridi. Şol sebäpden osmanly ofiserleri doly taýýar bolýança şeýle zada taýýarlyk görülýändigini gizläpdir. Ahyrsoñunda 1901-nji ýylda "Harby çaknyşyk kepderileri düzgünnamasy" ("Askerî Muhâbere Güvercinleri Nizamnâmesi") çap edilip, kepderiler resmi ýagdaýda goşunyñ bir bölegine öwrülipdir. • ABŞ-dan kepderi getirtjek boldy Osmanly patyşalarynyñ arasynda ABŞ bilen iñ köp aragatnaşygy bolan we bu täze döwlet bilen gyzyklanan patyşa Abdylhamyt bolupdy. Onuñ bu gyzyklanmasy amerikan ilçisi Uolles bilen ömürleriniñ ahyryna çenli dowam etjek dostlukly gatnaşygyñ dowam etmegine getiripdi. Uolles ýurduna gaýdyp baransoñ, soltan bilen dostlugyny ebedileşdirmek üçin ýatlamalaryny we ondan alan sowgatlaryny görkezýän dostluk muzeýini açypdy. Soltan Abdylhamyt bütin dünýä tarapyndan wagşy we howply hasaplanýan indeýleri öräm garawsyz halk hökmünde görýärdi. Indeý medeniýetiniñ ýok edilmegini müñlerçe kilometr uzaklykdan gynanç bilen synlaýardy. Hatda ol indeý medeniýetiniñ doly ýok edilmezligi üçin birnäçe maşgalanyñ Stambula getirilip, gorag astyna alynmagyna hem synanyşypdy. Soltanyñ ABŞ boýunça gyzyklanýany diñe indeýler däldi. ABŞ-nyñ diýseñ başarnykly kepderiler-de ony özüne çekýärdi. Ramazan Erhan Gülli bu gyzyklanmany şeýle beýan edýär: "1883-nji ýylda Waşingtondaky ilçi Tewfik paşadan köşge gerekli käbir zatlary getirmegi soran soltan mebel, nasos, temmäki ýaly zatlar bilen birlikde ilçiden at, kepderi hem haýyş edipdi. Eldeki we ýabany haýwanlaryñ her biriniñ aýry görnüşleriniñ bardygyny aýdýan soltan dürli şäherlerden we sebitlerden tutulan aýry-aýry görnüşli kepderiden bir jübüt ugradylmagyny soraýardy. Ýolda ynjaman gelmeklerini üpjün etmek üçin ykjam sandyklara ýerleşdirilmegini, sandyklara seretmek üçin şol ýerden birini hakyna tutup, kepderileriñ Stambula getirilmegini isleýärdi". ("XIX-XX asyrlarda Ýewropada we Türkiýede harby poçta kepderisiniñ ulanylyşy" / "19-20. Yüzyıllarda Avrupa'da ve Türkiye'de Askerî Posta Güvercini Kullanımı") Soltan Abdylhamydyñ guran kepderi rotalaryndan Birinji jahan urşunda-da, Milli Azat-edijilik urşunda-da aktiw peýdalanyldy. Soltan Abdylhamydyñ iñ uly gaýgysy bu guşlaryñ garşydaş kontrrazwedkada ulanylmagydy. Ahyrynda onuñ bu eden gaýgysy-da ýersiz bolup çykmady. Jahan urşy wagtynda sionistler tarapyndan gurlan "Nili" kontrrazwedka gullugy kepderileri Palestin frontunda iñlislere maglumat getirmek üçin ulandy. Bu gullugyñ zyýanly operasiýalary netijesinde müñlerçe türk esgeri Gazada we Haýfada wepat boldy. Kepderileriñ iñ uly gowşak tarapy zäherli gazlara garşy diýseñ ynjyk jandarlar bolmagydy. Mustapa Kemal Atatürk Milli Azat-edijilik urşy ýyllarynda peýdasyna ýakyndan şaýat bilan kepderileriniñ himiki ýaraglardan goranmal ukyplaryny kämilleşdirmek üçin işleriñ geçirilmegini buýruk berip, kepderileriñ goşunyñ bir bölegine öwrülmegini ýola goýupdyr. Welhasyl, Soltan Abdylhamydyñ şahsy maksatnamasy bolan kontrrazwedkaçy kepderiler meýilnamasy taryhymyñ iñ gyzykly sahypalarynyñ birini düzýär. Bu meýilnama Jahan urşunda-da, Milli Azat-edijilik urşy döwründe-de mazaly peýdasyny ýetiripdi. Respublika döwründe-de kepderiler goşundaky ýerini goramagy başarypdyr. Kepderileriñ häzirkizaman tehnologiýasy ornaşandan soñ aradan aýrylandygyny pikir etmäñ. MRU (CIA) "Sowuk uruş" ýyllarynda "Tacana" meýilnamasy bilen kepderilerden kän ýerde peýdalanypdy we iñ strategiki ýumuşlary şolara ýerine ýetirdipdi. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Penşenbe, 10.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |