07:25 Soltan Abdylhamyt we "Şerlok Holms" rowaýatlary: Soltan A.K.Doýl bilen duşuşdymy? | |
SOLTAN ABDYLHAMYT we "ŞERLOK HOLMS" ROWAÝATLARY: SOLTAN ARTUR KONAN DOÝL BILEN DUŞUŞDYMY?
Taryhy makalalar
Soltan Abdylhamyt halkara habar beriş serişdelerinde özi hakda ýazylan ähli ýazgylary yzygiderli okap-tanşyp durupdyr. Bulary terjimeçilerine üns bilen terjime etdiripdir we iñ ownuk detaly-da gözden salmandyr 1903-nji ýylda hindistanly ýazyjynyñ özi hakda ýazan makalasyny terjime etmek tabşyrylan terjimeçiñ gözi gazetiñ birinji sahypasyndaky hekaýa düşüpdir. Soltanyñ detektiw hekaýalary halaýandygyny bilýän terjimeçi hekaýany-da Soltan Abdylhamyt üçin terjime edipdir. Soltan Abdylhamyt üçin kitaplar we hekaýalar gündelik durmuşyñ hysyrdylaryndan ýadan wagty hezil beripdir. Aýşe Osmanogly bu ýagdaýy gürrüñ berende soltanyñ köplenç uklamazynyñ öñýany birine okadyp diñländigini aýdýar. Käwagt okalýan eser uklajak wagty soltanyñ ukusyny-da gaçyryp bilipdir: "- Gündizlerine meni başagaý eden işleriñ ýadawlygyndan çykmak, pikirimi başga taraplara sowup, kellämi ýeñletmek we rahat uklap bilmek üçin her gije otagymda kitap okadýaryn. Okadýan eserlerim gowy bolsa, bütinleý ukym gaçýar. Şonuñ üçin birnäçe romanlary terjime etdirýärin. Kiçi ýaşlarymda enekäm maña hüwdi aýdyp bererdi. Indem okalýan kitaplar maña şeýle ýakymly täsiri berýär. Köplenç ýarsyny diñleýän, ýarsyndan geçensoñ uklap galýaryn. Ine, meniñ ukymyñ dermany şu". (Aýşe Osmanogly "Kakam Soltan Abdylhamyt"). Kitaplara şolar ýaly ýakyn duran soltan aýratynam detektiw hekaýalary gowy görüpdir. Ine, şolar ýaly gijeleriñ birinde Soltan Abdylhamydyñ süýt emşen dogany Eswapşybaşy Ismet beý terjimeçiniñ terjime eden kiçijik hekaýasymy-da soltana okap beripdir. Soltan Abdylhamyt bu hekaýany haýran galmak bilen diñläpdir. Soltan Abdylhamyda şeýle täsirini ýetiren hekaýa ser Artur Konan Doýlyñ dünýä meşhur gahrymany Şerlok Holmsyñ gysgajyk başdan geçirmesi bolan "Boş öýde bolan waka" ("The Adventure of the Empty House") hekaýasydyr. Şerlok Holms barada eşiden Soltan Abdylhamyt iñlis ilçisine ýörite haýyş bilen ýüzlenip, ser Artur Konan Doýlyñ "Şerlok Holmsyñ" ähli ýygyndysyny getirtmegi sorapdyr. Soltan Abdylhamydyñ "Şerlok Holms" bilen gyzyklanyp başlandan soñ iñ köp gyzyklanylan soraglaryñ birem ser Artur Konan Doýl bilen duşuşyp-duşuşmandygy hakdaky meseledir. Soltan Abdylhamyt II / Fotosurat: Wikipedia • Soltan A.K.Doýl bilen duşuşdymy? Soltan Abdylhamydyñ "Şerlok Holmsyñ" awtory Artur Konan Doýl bilen duşuşmandygyny aýdýan iñ esasy çeşme awtoryñ öz ýatlamalarydyr. Doýl "Ýatlamalar we başdan geçirmeler" atly eserinde ilki Müsüre, yzyndan Grek adalaryna we ahyrynda Stambula gelendigini aýdýar. Ol Stambulda bolan günlerinde Soltan Abdylhamydyñ özüne adýudantyny ugradandygyny, onuñ bilen görşesiniñ gelýändigini, ýöne Oraza aýy bolandygy sebäpli görşüp bilmejekdiklerini aýdandygy barada ýazýar. Artur Konan Doýl Ýogsam bolmasa, Odýan epeniniñ öñe süren pikiri başga senarä esaslanýar. Odýanyñ pikiriçe Soltan Abdylhamydyñ Doýl bilen duşuşmazlygynyñ sebäbi gümanaly pikirleridir. Doýlyñ nähili ýiti synçydygyny bilýän soltan köşgüniñ iñ inçe detallaryna çenli hekaýalaryna geçirmekden gorkandygy üçin onuñ bilen görüşmändir. Kabul edişlik wagtynda patyşanyñ köşgüni mazaly gözden geçirip, täze ýazjak eserinde girizer öýdendigini, muny dost-ýarlaryna aýdyp, hatda redaktory bilen täze eser üçin ylalaşyk baglaşandygyny... Bärde iñ ilkinji we iñ güýçli çaklama: Soltan Abdylhamydyñ Doýl bilen görüşmändigini orta atýar. Bu babatdaky iñ esasy çeşme ser Artur Konan Doýlyñ özüdir. Ol ýatlamalarynda beýle duşuşygyñ bolmandygyny, ýöne soltanyñ özüne salam we "Şefkat" nyşanyny ýollandygyny aýdýar. Ýene bir çaklama bolsa Abdylhamydyñ Doýl bilen duşuşandygyny orta atýar. Bu pikiri öñe sürýänleriñ iñ esasy çeşmesi-de birnäçe ýyllap Stambulda bolan we jogapkärli wezipelerde işlän iñlis admiraly ser Genri F.Wuds. Wuds duşuşygyñ bolup geçendigini we özüniñem hut şol ýerde bolandygyny ýazýar: "Ol detektiw hekaýalary, aýratynam ser Konan Doýlyñ eserlerini gowy görerdi. Birnäçe ýyl öñ "Şerlok Holms" eserler tapgyrynyñ awtory aýaly bilen bile Stambula gelipdi. Meniñem gatnaşan dabaraly duşuşygymda Abdylhamyt Konan Doýla "Mejidiýe" nyşanyny dakypdy". Bu pikire salgylanýan çeşmeler has başga hili maglumatlary-da orta atýar. Gürleşip durkalar Soltan Abdylhamydyñ Doýla maddy kömek edendigi we kitap ýazmak üçin ýumuş buýrandygy aýdylyar. Ýöne muny tassyklap biljek birinji derejeli çeşme ýok. Soltan Abdylhamyt "Şerlok Holms" rowaýatlary munuñ bilenem çäklenmeýär. Ýerwant Odýanyñ ýazan "Abdylhamyt we Şerlok Holms" eseri bu rowaýatyñ kagyza geçirilen ilkinji romanydyr. Roman Soltan Abdylhamyt heniz aýatda dirikä - 1911-nji ýylda çap edilipdir. Eser döwrüniñ şertlerine laýyklykdamy ýa syýasy sebäplerden ötrimi, belli däl welin, assyrynlyk bilen ýygy-ýygydan Abdylhamyda dil uzadýandygy we duşmançylyk meýlini oýarmaga synanyşýandygy sebäpli okyjyny biraz ürküzýär. Beýleki bir tarapdan deñsiz-taýsyz temanyñ üstünde işleýär. Romanda Soltan Abdylhamydyñ howpsuzlyk gullugynyñ işgärleri yzly-yzyna öldürilýär. Ýöne bu jenaýatlaryñ añyrsyndaky adamy anyklap bolmaýar. Soltan Abdylhamyt munuñ üçin Londonyñ tanymal detektiwi Şerlok Holmsdan kömek soraýar. Holms çakylygy kabul edýär we jenaýatlaryñ üstüni açmak üçin Stambula gelýär. • Soltanyñ okan beýleki eserleri Soltan Abdylhamydyñ okan detektiw kitaplary "Şerlok Holmsyñ başdan geçirenleri" bilen çäklenmeýärdi. Soltanyñ söýgüli ýazyjylarynyñ arasynda Žýul Wern we Edgar Alan Po hem bardy. Eger Soltan Abdylhamyt Žýul Werniñ eserlerini şazadalyk döwründe okap başlan bolsa, bularyñ 1876-njy ýylda Soltan Abdyleziziñ meşhur syýahatynda görşen bolmagy-da ähtimal. Ýöne muny tassyklap biljek haýsydyr bir maglumat elimizde ýok. Žýul Wern / Surat: Artmajeur Soltan Abdylhamyt Žýul Werniñ kitaplaryndaky abzallara aýratyn uly üns beripdir. Käbir taryhçylar soltanyñ harby-deñiz güýçlerine beren iki suwasty gämisini Žýul Werniñ täsiri bilen alandygyny öñe sürýär. Gürrüñi hasam öñe uzadýan käbir eserler Soltan Abdulhamydyñ Stambulyñ Haliç raýonyndaky zawodlarda Žýul Werniñ eserlerindäki abzallara meñzeş abzallary ýasatjak bolmaga synanyşandygyny, ýöne ugrugyp gidibermändigini aýtjak derejede jedele girýär. Žýul Werniñ eserlerinde türkler aýratyn obraz hökmünde ýer tutýar. Hatda türkler barada söz açýan aýratyn eseri-de bar. Türk diline "Özdiýenli Keraban" ("İnatçı Keraban") ady bilen terjime edilen bu eser Žýul Werniñ beýleki kitaplaryndan has gowşak ýazylypdyr. Žýul Wern bilen Soltan Abdylhamydyñ arasynda gatnaşyk bolup-bolmandygyny bilemzok. Ýöne soltanyñ grek gozgalañy wagtynda Žýul Werniñ türk hökümetine sögünip ýazan hatyny okandygy welin mälim. Şular ýaly sebäpler ortada keserip durka soltanyñ onuñ bilen gyzyklanmagy mümkin däl ýaly bolup görünýär. Ahmet Mithat ependi / Fotosurat: "Derin Tarih" Başga ýurtlaryñ çeşmeleri bir ýana goýlanda, Soltan Abdylhamydyñ iñ köp okan detektiw hekaýalarynyn awtory Ahmet Mithat ependidir. Soltanyñ tabşyrygy bilen birnäçe detektiw eserleri ýazan Ahmet Mithat ependi şol bir wagtyñ özünde "Ýyldyz" köşgüniñem metbugat wekili bolup işläpdir. Ahmet Hamdi Tanpynar "täze döwrüñ press-sekretary" ("Yeni Devrin Sözcüsü") diýip atlandyran Ahmet Mithat ependi barada şeýle gürrüñ berýär: "Mithat ependäki jikme-jikligi bize belli däl bu gyzyklanmalara derek diýseñ agyr ýumuş buýrulypdy. Ol Mithat paşany sürgün bilen başlan we Mejlisi-Mebusanyñ bir müddet üçin 33 ýyl jemgyýetçilik nepagasy bilen gutaran Abdylhamydyñ iljinji agdarlyşyñ hökümeti efkary-umumyýäniñ garşysynda zerur hadysa ýagdaýynda görkezip biljek we aýratynam köşgüñ rus urşunda goşunlaryñ hereket edip bilme erkinlihini gadagan edip biljek görnüşde ygtyýarlyklaryny makul we ýerlikli iş ýaly öwüpdi". (Ahmet Hamdi Tanpynar "XIX asyr türk edebiýatynyñ taryhy" / "19. Asır Türk Edebiyatı Tarihi"). Gürrüñ gürrüñi açýar. Mesele Soltan Abdylhamyt bolanda, makalanyñ nirä çenli uzajagy-da belli däl. Şonuñ üçin şu ýerde säginip, sözümiziñ başyna gaýdyp gelsek: Biziñ pikirimizçe Soltan Abdylhamyt ser Artur Konan Doýl bilen ýüzbe-ýüz görüşmändir. Beýleki bir tandan bu duşuşugyñ bolmandygynyñ düýp sebäbi soltan köşgüniñ çeper eserlerde ulanylma ünjüsi bolup bilmez. Soltan Abdylhamydyñ ofis hökmünde ulanan dört sany kitaphanasy bolupdyr. Eger ol islese, şol kitaphanalaryñ birinde arkaýynlykda ýazyjy bilen duşuşybam bilerdi. Şeýle-de bolsa söýüp okan ýazyjysy bilen mümkinçiligi barka nämüçin görüşmändiginiñ jogabyny-da heniz anyklap bilemzok. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Çarşenbe, 23.02.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |