15:01 Hökümetiñ emelsizligi sebäpli Soltan Abdylhamyt tas greklere ýesir düşýärdi | |
HÖKÜMETIÑ EMELSIZLIGI SEBÄPLI SOLTAN ABDYLHAMYT TAS GREKLERE ÝESIR DÜŞÝÄRDI
Taryhy makalalar
Soltan Abdylhamyt geleñsiz emeldarlar sebäpli tas greklere ýesir düşýärdi. Soltan Abdylhamyt bilen geçmişe goldanýan hukuklary we syýasy bähbitleri bolandygy üçin nemesler soltany sag-salamat Stambula getiripdir Soltan Abdylhamyt mejlisiñ özüni tagtdan indermek hakyndaky kararyny eşidende hiç hili garşylyk görkezmändir. Ol köp wagtdan bäri döwlet işlerinden çekilmegiñ pikirini edip ýördi. Özüne bu karar mälim edilende diñe Stambuldan sürgün edilýändigine gaharlanypdy. Hökümetden "Çyragan" köşgünde galmak üçin haýyş edipdi, emma hökümet oña dessine Stambuldan çykmagy buýrupdy. Soltan Abdylhamydyñ Stambuldan gidişi şäheriñ gazetlerinde şeýle beýan edilipdi: "...Abdylhamydyñ ikameti (ýaşamaly ýeri) üçin Selanikde Alatini doganlaryñ köşgi taýynlanypdy. Bu köşk Selanigiñ iñ owadan binasydyr. Abdylhamydyñ ýanynda orta ululykda üç çemodan bardy. Ol "Sirkeji" stansiýasynda bir bardak suw içesi gelip, suw getirip berene 30 teññe eçilipdir. Otly ugramaly wagtyndan bir sagat elli minut geçirip ýola düşüpdir we düýn agşam Selanige baryp ýetipdir. Abdylhamydy Selanige äkiden adam müñbaşy (maýor) Fethi Okýar beý bolup, garamagynda az-owlak esger bolupdyr. Soltan Abdylhamyt Selanige pikir edilişi ýaly añsat barylmandyr. Hem ýol azaby hem ýolagçylyk wagtynda ýaramaz çemeleşmeler öñki soltan Abdylhamydy we garamagyndakylary perişan edipdir. Baryp düşen öýleri-de gazetde aýdylyşy ýaly däl eken. Çola ýerde ýerleşen jaý eýýäm haraba öwrülip ugran derejede könedi. Şeýle-de gündelik işleri etmek üçin gerekli zatlaryñ birem jaýda bolmandyr. Bu biçärelige sürgüniñ jogapkärçiligi tabşyrylan Fethi begiñ özem dözmändir: "Fethi beý uklamak üçin otagyna gitjek bolup ýanymyzdan gidende bir diwanyñ üstünde süýji uka giden iki ýaşlyja jigimi gördi we çagany ogşady. Onuñ "görgüli balajyk" diýendigini we gözünden akan ýaşdan bir damjanyñ çaganyñ ýüzüne düşendigini gördüm". (Şadiýe Osmanogly / "Durmuşymyñ ajyly-süýjili günleri") Soltan Abdylhamyda ýatara ýer bolmandygy üçin "Alatini" köşgünde iki kreslony birikdirip, özüne ýatar ýaly ýer ýasanypdy. Garamagyndakylary bu ýagdaýa gynandyrmazlyk üçin ýylgyrma bilen kreslolary görkezip, "Ine, ýatara ýerim" diýip, lapykeçligi ýatyşdyrmaga synanyşsa-da, köşkdäki gorkunç günler indi başlaýardy. Soltan Abdylhamydyñ sürgünlikde ýaşan "Alatini" köşgi • Soltan Abdylhamyda ok atdylar we ogluna kakasyna "eşek" diýdirmäge synanyşdylar Azatlyk meýilleri tutuş ýurdy wagtlaýyn baýramçylyk howasyna salýan wagtynda Soltan Abdylhamyt "Alatini" köşgünde hemme zatdan mahrum edilen durmuşda ýaşaýardy. Maşgalasynyñ ilkibaşda daşaryk çykmagy gadagandy, Abdylhamyt bolsa günüñ belli sagatlarynda eýwanda diñe asmana seredip bilýärdi. "Alatini" köşgi sürgüninde kiçijik çaga bolan Abid ependi ýazan hatlarynyñ birinde bolan gynançly pursatlary şeýle janlandyrýar: "..."Alatini" köşgüne haçan aýak basanymyz ýadyma düşmeýär. Ejemiñ gujagynda uklan ekenim. Soñ eşdişime görä meni götermekden ejemiñ ýadandygyny bilen ofiser Umumy Howpuzlyk (Emniyet-i Umumiye) müdiri miralaý Galib beý (soñ paşa) eken. Ol meni ejemiñ gujagyndan alma sypaýyçylygyny edenmiş we meni alanda ejeme "beriñ maña şu ýylan çagasyny!" diýipdir. Özem sözüñ doly manysynda gopbamsyraýan žentlmen adam eken bu azatlyk gahrymany! Muny aýdan Hereket goşunynyñ ýaş we ýañy gulluga başlan ofiserlerinden biri bolsa bagyşlardymam, emma bu adam şonda miralaý (albaý, polkownik) we azyndan kyrk ýaş çemesi bar eken. Şol ikiarada Ali Fethi beý (birnäçe ýyl soñyñ premýer-ministri Fethi Okýar( "görgüli çagajyk!" diýip meni gujagyna aldy, hatda onuñ gözünden bir damja ýaş syrygyp gaýtdy... ..."Alatini" köşgüne ýerleşen başky günlerimizde howlynyñ daşyna pessejik demir gözenek aýlanandy. Soñ kerpiç haýat örüldi. Garaburuna çykýan köçe şu demir gözenegiñ öñünden geçerdi. Men köplenç howla çykardym we gözenekden aslyşyp köçäni synlardym. Muny pederime habar beripdirler. Meni öñlerine salyp atamyñ öñüne dikenlerinde erbet käýeldim. "Gaýdyp şol gitmersiñ! Gaýdyp şol ýere gitmersiñ!" diýip elindäki ýogyn hasasyny batly ýere uruşy häzirem gözümiñ öñünde. Gorkuzmak üçin hasasyny diñe ýokaryk galdyryp düşürmek bilen çäklenipdi, hiç ýerime urmandy. ...Goragçy ofiserler örän sylanyşyksyz hereket ederdiler. Bulardan Salim diýlen leýtenant penjireden seredip duran kakama agaçlaryñ añyrsyna bukulyp ok hem atypdy!.. Beýlekiler-de birgiden edepsizlikler etdiler. Meselem, bir hadysa diýseñ gowy ýadymda galypdyr: ...Bir wekilharç Hasan ependi bardy. Haremhananyñ bazardan alan zatlary onuñ sargydy bilen gelerdi. Olam daşardan getirenlerini zabitleriñ (ofiserleriñ) öñünde harem agalaryna tabşyrardy, olaram hareme äkiderdiler. ...Bir gün maña ýaşyl, mawy, sary, reñbe-reñ oýunjak hasalary getiripdir. Zabitleriñ ýanynda maña bermelidi. Menem nämüçindir şular ýaly zatlara köp imrinerdim. Howludakak getirilen hasalaryñ hemmesi maña beriljek bolup durlan wagty zabitler bir hokga tapdy oturyberdi: "Git, kakaña "eşek" diý. Diýmeseñ hasalary berjek däl". Menem bu sözüñ gowy däldigini duýýardym. Ýöne hasalary-da alasym gelýärdi. Ahyrsoñy aglaý-aglaý köşge gitdim. Hareme girdim. Hernä öñümden Gülşen kalfa çykaýdy, ol menden "hojaýyn, nämüçin aglaýañ?" diýip sorady. Menem bolşy ýaly gürrüñ berdim. Olam mebi "Beýle-de bir zat bolarmy? Heý saña gelişjek zatmy?" diýip, uludan demini aldy. Menem şeýdip kakama o sözi aýtmadhm. Ahyrynda hasalar ýene elime geçdi. Megerem zabitler edenlerine utanyp hasalary beren bolmaly. Gynansak-da, zabitlerden haýsysynyñ şeýdendigi anyk ýadyma düşmeýär. ..."Alatini" köşgüniñ howlusynda togalak, gülli depejik bardy. Ofiserler bu depäniñ töweregine güller bilen "Azatlyk, adakat, deñlik, doganlyk" diýip ýazypdylar. Okap bilsemem bu sözleriñ näme many añladýandygyny bilemokdym. Köşgüñ penjirelerjnden depäniñ diñe bir tarapy görülýärdi... Kakam ol ýerde näme ýazylandygyny bilesi gelip meni çagyrdy. "Oglum, git seredip görsene, ol ýerde näme ýazypdyrlar" diýdi. Gitdim, okap gaýdyp geldim, aýtdym. Ol diñe "Bä-ä-ä!.." diýdi, başga hiç zat diýmedi. Ittihatçy ofiserler "Azatlyk, adalat, deñlik, doganlyk" sözlerini ýere ýazmak bilen hemme işi çözendiris öýdýärdiler. ...Haklaryny iýmezlik üçin şuny-da aýdaýyn: Pederime garşy şeýlekin edepsizlikleri edenler meniñ gowy okamagymy islediler, içinden käbirlerune meni okatmagy tabşyrdylar. Ilkinji mugallymym Nazim beý atly bir ýüzbaşydy (kapitan). Ol meni alty-ýedi okadandan soñ başga ýere buýrugy çykyp gitmeli boldy. Ondan soñ respublika döwründe Siirt şäheriniñ deputatlygyny eden we "Milliyet" gazetini çykardan Mahmut beý (Soýdan) mugallymlyk etdi". • Ahlaksyz zabitler Soltan Abdylhamydyñ gyzlarynyñ namysyna göz dikýär Soltan Abdylhamydy iñ köp alada goýan zatlarynyñ başynda durmuşa çykarybermeli bolan gyzlarynyñ ýagdaýy bardy. Bu ýagdaý ony şeýle bir kejikdiripdir welin, Stambula ýazan hatlarynyñ birinde köşgüñ bu ýagdaý bilen gyzyklanmagyny haýyş edipdir. Soltan Abdylhamydyñ bu boýunça darykýandygyny gowy bilýän zabitler gözastynda saklanýan soltanyñ gyzlaryna juda ahlaksyz teklip etdiler: "Harem agalaryndan birini zabitler ýanyna çagyryp, maña şu habary ýollapdyr: "Bu gije otaglarynyñ astyna gaz ýerleşdirdim. Sesýeterde duran "Musudiýe" bronemaşyny köşgi bombalamakçy. Kakalary we köşk asmana uçurylar. Gyzlar entek ýaş, olara nebsimiz agyrýar. Gije ýarymdan soñ doganlary bilen bile biziñ ýatýan otagymyza gelsinler. Biz olary gorarys". Munuñ nähili hapa we aýylganç pygyldygyna düşünmek üçin ullakan akyl gerek däl. Biçäre harem agasy muny çyndyr öýdüp, kakamyñ başyna injek betbagtçylykdan erbet gaýgylanmaga başlapdy". (Şadiýe Osmanogly / "Durmuşymyñ ajyly-süýjili günleri") • Sähel haýal-ýagallyga ýol berlende soltan ýesir düşmelidi Soltan Abdylhamyt sürgünlikde ýaşan wagtynda tutuş Rumeliniñ elden giderilmegine sebäp bolan uruşlar turdy. Hökümet soltany Stambula getirmek üçin halas ediş operasiýasyny taýýarlady. Edil şol wagtam hökümet çalyşdy welin, meýilnama-da goýbolsun edildi. Duşman şäheri çar ýandan gabawa aldy. Stambuldaky hökümet ýolbaşçylary alada galdylar we Germaniýa imperiýasyndan Soltan Abdylhamydy halas etmek üçin kömek sorady. Nemesler bu teklibi kabul etdi, ýöne bu gezek soltany Germaniýa äkidip, ol ýerde "Ittihat we Terakki" jemgyýetinin garşysyna oppozisiýany taýýarlamagy bu gezek başga bir aladany döretdi. Žurnalist Süleýman Tewfik şol günlerdäki haosy şeýle gürrüñ berýär: "Selanik asudalaşansoñ ol ýerde "Alatini" köşgünde oturan Abdylhamydyñ ýaranlaryñ eline geçmegi, şol sebäpdenem döwlet üçin uly kynçylyklaryñ döreme ähtimallygyny göz öñüne tutan hökümet bilen partiýalar ony Stambula getirmegi makul bildiler. Emma nädip we haýsy ýoldan getirmeli? Selanik-Dedeagaç demirýoly bolgarlaryñ elinde bolandygy üçin bu ýoldan gitmegiñ pikiri etmegem dürs däldi. Italýanlaryñ golastyndaky "On iki adadan" başga ähli adalarymyzy basyp alan grekleriñ flotiliýasy bilen Ortaýer deñzinde selpäp ýörendikleri üçin deñiziñ üsti bilenem getirip boljak däldi. Şol wagt hökümetiñ, has dogrusy ittihatçy jemgyýetiñ ýadyna nemes ilçihanasyna ýüz tutmak düşdi. Abdylhamydyñ ýakyn dosty we ülpedi bolan kaýzer Wilgelmiñ ony ýesirlik howpuna düşmekden halas etjekdigi şübhesizdi. Germaniýanyñ Stambuldaky ilçihanasyna giden delegasiýa Abdylhamydyñ paýtagta getirilmegi üçin kömek sorady. Ilçihana telegramma arkaly Berlinden rugsat sorandan we razylyk alandan soñ ilçihananyñ garamagyndaky "Loreley" gämisini herekete geçirendigini mälim etdi. Çünki nemes baýdagyny göterýän gäminiñ grek garakçylary tarapyndan durzulyp, döküş geçirmäge milt etmejekleri bellidi. Abdylhamydy getirmek üçin hökümet we ittihatçy jemgyýet tarapyndan bellenen üç işgär bilen nemes konsuly Selanige gidip Abdylhamydy aldylar we Stambula getirdiler. Gämi "Beýlerbeýi" köşgüniñ öñünde durup, çagalary we maşgalasy bilen birlikdw Abdylhamyt düşürildi. Öñki patyşa indi şu köşkde bolmalydy. "Loreley" gämisi gaýdyp gelýänçä ittihatçt jemgyýetiñ öñbaşçylary uly gaýgyda boldy. Çünki gämä grekler çozmagynyñ aladasyndan beter Abdylmaydy alyp Germaniýa gidilmeginden gorkulýardy. Şeýle zatlaryñ bolup geçendigini Stambulyñ ýönekeý halky Abdylhamyt gelip köşkde ykjam gorah astyna alynandan soñ bilip galdy". (Süleýman Tewfik Özzorlyogly "Ikinji meşrutyýetden respublika çenli elli ýyllyk ýatlamalarym) [i]"Beýlerbeýi" köşgi Osmanly döwletini otuz üç ýyllap dolandyran we eden işleri bilen biziñ günlerimiziñem syýasy çekişmeleriniñ obýekti bolup bilýän Soltan Abdylhamyt emelsiz ýolbaşçylar sebäpli tas greklere ýesir düşýärdi. Soltan Abdylhamyt bilen geçmişe goldanýan hukuklary we syýasy bähbitleri bolandygy üçin nemesler soltany sag-salamat Stambula getiripdir. Soltan Abdylhamydyñ jynazasy Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Çarşenbe, 25.05.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |