20:19 Syganlara nämüçin pyrgunogullary diýilýär? | |
SYGANLARA NÄMÜÇIN PYRGUNOGULLARY DIÝILÝÄR?
Taryhy makalalar
Aýratynam türk edebiýatynda gaty köp şygyrda syganlara (çingeneler) pyrgunogullary (faraonogullary, ýagny faraonlaryñ nesli -t.b.) diýilýär. Bu kesgitleme pyrgun tipologiýasyndan ötri ýaramaz many añlatsa-da, iñ soñunda aýtjagymyzy başynda aýdyp, gürrüñimize başlalyñ. Bir zady aýratyn belläp geçmek gerek: Müsürdäki kyptylardan ugur alýan bu kesgitleme şahyrlarymyzyñ diline düşenem bolsa, bärde syganlar üçin utanar ýaly zat ýok. Hawa, faraonlaryñ birnäçe dini taryhymyzda ýigrenç bildirilen adamlar bolsa-da, öñe sürülşi ýaly syganlar faraon neslinden gelýändigi çyn bolsa, onda olar taryhyñ iñ beýik medeniýetlerinden birini gurandyklary üçin buýsanmaga haklydyrlar. Şundan ugur alyp, makalamyzyñ dowamynda aýtjak sözümiz taryhyñ iñ mazlum halky bolan rumynlaryñ tarapynda bolar we aýratynam diwan edebiýatyndaky bu duşmançylykly rumyn diskursyny okyjylarymyzyñ dykgatyna ýetireris. • Özlerine nämüçin "roman" diýýärler? Syganlara dünýäniñ her ýerinde birhili at berlipdir. Hindi dilinde "sazşynas" manysyny berýän "toýeng" diýilse, Türkiýede "Karaçi (garaçy), koçer, pypyry, kypty" ýaly atlar berilýär (türkmenlerde syganlara "jögi" diýlipdir -t.b.) Şeýle-de dürli ýurtlarda ýaşaýan adamlar syganlara ýaşaýyş-durmuş formasyndan we tenlerinden ugur alyp "mustalöinen" (gara), "Faraonepene" (faraonyñ neberesinden bolan) we "Kalo" (gara) ýaly atlary beripdir. Syganlar bolsa diñe "adam" manysyny berýän "roman" (ýa-da "rumyn") sözüni ulanypdyr. Hermen Berže "Sygan mifologiýasy" atly eserinde üç esasy topara bölmek bilen syganlaryñ gelip çykyşy barada şu maglumatlary berýär: Kaldera syganlary: Rumyn dilinde gazana "caldera" diýilýär. Atlaryndanam bilnişi ýaly olaryñ köpüsi gazançylyk bilen meşgullanýar. Olarda beýleki ähli sygan toparlary ýaly diñe özleriniñ hakyky syganlardygyny aýdýarlar. Ilkinji bolup Balkan ýarymadasyndan çykypdyrlar. Soñra Orta Ýewropadan Fransiýa geçip, lowariler, boýbalar, luliler, çurariler, turko amerikanlar ýaly bäş şaha bölünipdirler. Gitanolar: Daşky görnüşleri bilen kalderalardan tapawutlanyşlary ýaly, däp-dessurlary we dialektleri bilenem tapawutlanýarlar. Öz aralarynda ispaniýalylar ýa-da andaluslylar we kataloniýalylar diýen iki topara bölünýärler. Gitanolara hemme ýerde duşmak mümkin däl. Olara diñe Portugaliýada, Ispaniýada, Demirgazyk Afrikada, Günorta Fransiýada duşup bolýar. Manuşlar: özlerine Sinti hem diýýärler. Bu adyñ olara berilmeginiñ sebäbi Indus kenarlaryndan gelendikleri üçin berlen bolmagy-da ähtimal. Orta Ýewropadaky syganlar üç goşmaça şaha bölünýärler: walsikanlar (fransuz sintiler), gaýrikanlar (nemes sintiler), piemontesiler (italýan sintiler). Syganlar öz taryhynyñ dürli döwürlerinde kän-kän zulumlara sezewar bolup gelseler-de, ikinji jahan urşy döwründe Faşistik Germaniýa tarapyndan sistematiki genoside uçraýyşlary ýaly rehim-şepagatsyzlyga uçramandylar. 1942-nji ýylda faşistik serkerdelerden Genrih Gimmler tarapyndan alnyp barylan gyrgynçylykly operasiýanyñ dowamynda Ýewropa materiginde ýarym million sygan öldürildi. Nemes faşistleri "Einsatzgruppe" ýörite toparlary bilen uly sygan awyny ýola goýupdyr: Germaniýa, Belgiýa, Fransiýa, Gollandiýa ýaly giñ geografiki giñişlige ýaýran syganlary ýekän-ýekän üýşürip, adamzat taryhyna gara tegmil bolup girjek gyrgynçylykly operasiýany amala aşyrypdylar. Syganlaryñ gyrgynçylyga uçramasyndanam beter başga bir zat bolsa bu boýunça ýeke nemes faşistiniñ sygan genosidini amala aşyrmakda aýyplanyp jogapkärçilige çekilmänligidi. 1962-nji ýyla çenli dowam eden uruş günäkärleriniñ derñew işleriniñ hemmesine jöhit genosidiniñ çäginde seredilen bolsa, ýarym million syganyñ gyrgynçylygy dünýä jemgyýetçiliginiñ wyždany tarapyndan görmezlige salyndy. • Osmanly we çingeneler (syganlar) Syganlar taryh arenasynda birnäçe ýurda aralaşypdyr. Şol barlan ýerleriñ birem Müsür. Şol sebäpden Osmanly ýaly birnäçe ýurtda olara kyptylar hem diýlipdir. Düýş görenden soñ dünýäni aýlanyp jadylaýjy eser ýazan jahankeşdämiz Öwlüýä Çelebi syganlar üçin dürli kesgitlemeleri ulanypdyr. Çelebi "kowmy-kababete" diýip atlandyran syganlary üçin faraon neslinden gelen milletdigini öñe sürüpdir. Taryhçy Halil Inaljygyñ geçiren barlaglarynda, aýratynam Üsküdar sebitlerinde ýaşaýan syganlaryñ ilkinji gezek Stambula Fatih Soltan Mämmet tarapyndan getirilendigi we 31 maşgalanyñ bu göçüşlige degişli edilendigi anyklanypdyr. Rowaýata görä Nemrutyñ buýrugy bilen Ybraýym pygamberi oda atan Çin we Gen doganlaryñ (Çin+Gen=çingene -t.b.) nesli syganlara degişli hasaplanýanam bolsa, bu aýdylýanlar ullakan etimologiki ýalandan ybaratdyr. Parsça "çalgy" manysyny berýän "çeng" (türkmen diline "çeññi" görnüşinde geçipdir -t.b.) sözünden ýasalan "çingene" - raks edip tans oýnaýan manysynda ulanylýar. Osmanly döwründe-de syganlar has hem toý-dabaraly durmuşyñ esasy bölegi bolup bilipdir. • Iñ tanymal syganlaryñ biri Garagözdi Syganlar Osmanlynyñ gurlan döwründen başlap toý-dabaraly durmuşynda öz ýerlerini tapypdyr. Munuñ iñ anyk mysaly Hajy Ewhat, ýagny tanalýan ady bilen Garagözdi. Aslynda syganlaryñ şum takdyrynyñ bolandygyny iñ gowy görkezýän mysalam Hajy Ewhadyñ ömrüdir. Orhan Gazynyñ döwründe osmanly raýatlygynyñ içinde musulman bolan Garagöz dosty Hajy Iwaz (Hajiwat) bilen birlikde halky şadyýanlyga we şowhun-şagalaña şeýle bir imrindiripdir welin, bu ýagdaý birtopar garasöýmez adamlaryñ nägileligine sebäp bolupdyr. Orhan Gazy gelýän tankydy bellikleriñ netijesinde Hajy Ewhady we Iwazy bogdurypdyr. Ýöne ol beýdendigi üçin soñ ökünipdir. "Möwlidiñ" awtory Süleýman Çelebi Garagözüñ jemgyýetde döreden täsiri we güýçli mirasy üçin şeýle setirleri ýazypdyr: Nakşy-sunyñ remzeder hüsnünde rüýet perdesi, Hajeýi-hükmi ezeldendir hakykat perdesi". Syganlar Garagöz mysalynda görlüşi ýaly halk tarapyndan halansa-da, ýene şol halkyñ ýigrenjine-de sezewar bolup bilipdir. Munuñ belki-de iñ ýaramaz subutnamasy aýtgylarymyza we nakyllarymyza ýerleşen sygan sözleridir: - Sygan köpelse, ýanyçarbaşy öwnüp başlar; - Syganyñ öýi ýanar, özi dowul kakar; - Sygan çalar, kürt oýnar; - Syganyñ öýünde tekje; - Sygan bergisi; - Syganlyk; - Syganlaşmak... Sanyny artdyrsañ artdyrybermeli. Bu aýtgylar syganlara bolan umumy garaýşy orta çykarýar, haýsy gözden seretseñ seredibermeli-dä... Birem Ahmet Haşimiñ seredişi ýaly görüp bilmek üçin owaly bilen doly adamkärçilikli terbiýäñ we estetikañ bolmaly: "Sygan - adam tebigatyna iñ ýakyn galan owadan görnüşidir. Bu bürünç ýüzli, fagfur dişli gyryñ ýaşaýjylary adam sypatyna giren birnäçe gök agaçlardyr öýdülýär. Sygan bahar paslynyñ özüdir. Çagalygymda gören baharlarymdan häzir ýadymda galan sudur: gyzyl, ýaşyl, sary şalwarly (gyýma balakly), aýdym aýdýan we el çarpýan bir süri ýaş oglan-gyz tagta surnaý çalyp bu sazyñ wagşy gülkileriniñ yzyndan meñzeş çaprazlyklary bilen dag-dereleri zaryn-zaryn iñledýän ýene şol syganlardyr". Osmanlynyñ syganlar bilen taryhda iki esasy gatnaşygy bolupdy. Birinjisi, Müsüriñ eýelenmeginden soñ çöle sürülen syganlar. Munuñ iñ esasy sebäbi, gapma-garşylyklar netijesinde emele gelen alamançylygyñ öñüni almakdy. Beýlekisi-de Andalusdaky (Ispaniýadaky) gyrgynçylyk wagtynda Osmanly tarapyndan halas edilen jemgyýetleriñ birem syganlardy. Osmanlyda möhüm döwlet işlerinde wezipe berilmedik syganlar jemgyýetiñ ýörite günlerinden bolan durmuş toýlaryny geçirmegiñ ýeke özleri hötdesinden gelişleri ýaly düwünçilik, demirçilik, seýislik ýaly kärleriñem gözlenýän ussatlarydy. Munuñ bilen birlikde jemgyýetiñ ýerine ýetirmekden gaça durýan kürekçilikdir jellatlyk ýaly kärleriniñem köplenç syganlar tarapyndan edilmegi olaryñ ýaramaz şan-şöhrata eýe bolmagyna getiripdi. Taryhçy Reşat Ekrem Koçu osmanly syganlarynyñ köp sanly kriminal wakalaryñ baş aktýorydyklaryna garamazdan, öz aralarynda zynadyr gomoseksualizm ýaly azgynçylyklaryñ bolmandygyny we olar hakdaky aýyplamalaryñ köpüsiniñ esassyzdygyny aýdýar. Şeýle-de Osmanlydaky kypty syganlarynyñ musulmançylyga geçenlerindenem jizýe salgydynyñ alynmagy şerigata gabat gelmeýän ýagdaýlaryñ biridi. Muña garamazdan syganlardan jizýe alynmagy tankyt edilen mesele bolmagynda galýardy. Syganlara şeýle çemeleşilmeginiñ düýp sebäbi Osmanlynyñ salgyt syýasaty görkezilse-de, musulman syganlaryñ musulman däl syganlar bilen bir ýerde ýaşamagyna dowam etmegi-de esasy tutaryklaryñ biri hökmünde görkezilip bilner. Musulmanlaryñ arasynda Ybraýym pygamberi (a.s) oda atmakda we faraonyñ neslinden bolmakda aýyplanylýan syganlar hristianlar tarapyndanam Isa pygamberi (a.s) haça çüýlän çüýleri ýasap çüýlemekde günäkärlenipdir. Şeýle esassyz aýyplamalar olaryñ köp din tarapyndan gyrakladylmagyna sebäp bolupdyr. Hatda käbir eserlerde syganlaryñ döwlet işlerinde işledilmezligini ündäp we hamana ata-babalady bolan faraonyñ gargyşsiñen nesli hökmünde baha berlip Mämmet IV-iñ döwründäki köplere belli hekaýat bilen düşündirilýär. • Faraonyñ perzentleri diskursy Diwan edebiýatymyzda syganlara garşy örän agyr sözler aýdylypdyr we olar köplenç faraonyñ nesli bolmakda aýyplanypdyr. B.e.öñki III müñýyllykda Demirgazyk Afrikada Müsür merkezli gurlan Gadymy Müsür döwleti taryhyñ iñ uzak ömürli döwletleriniñ, hatda medeniýetleriniñ birisir. Dünýä halklarynyñ aglaba bölegi şol döwür gowaklarda ýaşap ýörkä, müsürliler kosmos ylmyny ulanyp matematiki hasaplamalary işläp düzüpdiler we Nil derýasynyñ suwunyñ dolup-daşyna görä ekin ekýärdiler. Ieroglif diýilýän özlerine mahsus ýazuw sistemasy we ösen edebi medeniýetleri bilen şol wagtky dünýäniñ merkezidiler. Şeýle-de özleri bilen deñeşdirilip bilinjek gadymy grek we hindi medeniýetleri Müsüriñ ýagty güneşiniñ astynda aýdyñlanypdy. Elbetde, islendik medeniýetiñ çäkli ömri bardy bularam ajaly golaýlaşdygyça zalymlaşýarsy. Soñky döwür faraonlaryñ syýasy taýdan özlerini alyp barşy esasan din bilen kesgitlenen öz mäkäm çäklerini goramaga gönükdirilipdi. Gullaryñ we ýönekeý ynsanlaryñ öñbaşçysy bolan yslam pygamberi Musa pygamber (a.s) ýaly şahsyýetleriñ garşysynda hökmürowanlyklaryny saklajak bolup eden hereketleri Allanyñ näletine duçar bolupdyr. Allatagala iñ soñky mukaddes kitaby (Gurhan) günäniñ diñe ony edene degişlidigini aýtmak bilen bir adama ýa-da jemgyýete bolan ýigrenjiñ adamy adalatsyzlyk etmäge itermeli däldigini ündeýär. Ýagny Allatagala tutuş Müsüri ýa-da faraon neslini näletlemän, "faraonlyga" garşy çykýar. Muña garamazdan şahyrlarymyz yslama ters setirleri ýazmaga çekinmändir. Geliñ, olaryñ käbirine seredip geçeliñ. Mahmur beg eger mejlise balgam byrakursa Firawn enigidür Karyşma söze sus bire çingane disünler Itmeñ sözin isgâ (Tyrsi). Şahyr bu ýerde mahmur halyndaky aşygyñ şerap mejlisine balgam goýan ýagdaýynda onuñ pyrgun güjügidigini aýdýar. "Pyrgun güjügi" diýmek bilen syganlar göz öñüne tutulýar. Arabuñ çingenesi oldygyna şübhäm ýok Ṣûretu-sîreti zîrâ ki budur hep anuñ. (Boluly Hanif). Terjimesi: Arabyñ syganydygyna şübhäm ýok. Sebäp onuñ daşky sypaty, ahlagy şeýle. Çingâne midür asly rakybyñ nedir aýa Gördüm any sûk içre bugün geçdi elekle (Leýla hanym). Terjimesi: Şu gün garşydaşy bazarda eli elekli geçip barýarka gördüm, eýsem onuñ asly syganmydyr? Çingânesin desem saña bardyr mahalli kim Kaýsy-fürûş aks-i tabatyny be-heý byrak (Hanýaly Nury Osman). Terjimesi: Eh-eý, miwe satýan, gaharly bolşuñdan el çek, bu bolşuñ bilen saña sygan diýsemem bor. Käbir şahyr muny ten jynsparazçylygyna çenli ýetiripdir: Benzemez hîç birine ûetmiş iki milletden Çingene derdüm eger olsa sary Çingâne. (Nafi). Terjimesi: Ýetmiş iki milletiñ hiç birine meñzemez, Sygan diýerdim eger sary sygan-da bolsa. Jynsparazçylykly diskursdan halas bolup bilmedik ýene bir şahyrymyz bar: Çekmedi wakaýy kybty-da bu rütbe hawfy Kawmy-Firawnyñ elinden dahi Musaýy-Kelim. (Sünbülzada Wehbi). San-sajaksyz mysallar bilen gürrüñi edilýän jynzparazlygyñ sanyny artdyrmak mümkin. Diwan edebiýatymyzda ýagdaý şular ýaly ýaramaz. Häzirkizaman prozasyna seredenimizde-de syganlara bolan garaýyş şundan gowy däl. Geljekki makalalarymyzyñ birinde hökman munuñ üstünde-de durup geçeris. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Şenbe, 23.11.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |