22:47 Kartada biziñ nirdedigini-de bilmeýän iki million eýranly türkmen gardaşlarymyz | |
KARTADA BIZIÑ NIRDEDIGINI-DE BILMEÝÄN IKI MILLION EÝRANLY TÜRKMEN GARDAŞLARYMYZ
Edebi makalalar
Eýran türkmenleri Türk halky Eýrandaky türklere uly simpatiýa bilen çemeleşýär. Ýöne bu ýagdaý jogapsyz däl we hatda wagtal-wagtal Eýran döwleti üçin uly üns we gözegçilik astynda saklanmaly ugurlaryñ birine öwrülýär. Umuman alanda, eýran taryhynyñ soñky bir asyryny hasaba almanymyzda, türk taryhyndan başga zat däl. Häzir gürrüñi ediljek türkmenler Eýrandaky türkler bilen bulaşdyrylyp, umumy akymda ýitirilýär. Galyberse-de, olar barada bilýän zatlarymyz juda ujypsyz. Eýsem-de bolsa, eýran taryhyny ýakyndan okanlar Eýran türklerini we sebitdäki türkmenleri aýry-aýry öwrenmegiñ gerekdigini gowy bilýärler. • Türkmensähra meselesi we türkmenler Eýranda Günorta Azerbaýjan türklerinden soñky iñ uly ilatly türki halklaryñ biden Türkmensähra türkmenleridir. Eýranyñ propogandaçy syýasaty we onuñ türkler meselesindäki diýdimzorlugy zerarly eýran türkmenleriniñ ilaty anyk belli bolmasa-da, munuñ iki milliona golaýdygy çaklanýar. Türkmensähra türkleri Eýran türkmenlerini Günorta Azerbaýjan türklerinden tapawutlandyrýan iki esasy aýratynlyk bar. Bularyñ birinjisi - ulanýan dili anadoly türkçesine iñ ýakyn türki dilleriñ biri. Diñe şundanam olaryñ beýleki türkler bilen deñeşdirende Eýrandaky Türkmensähra türkmenleriniñ biziñ birinji derejeli garyndaşlarymyzydygyny bilse bolýar. Beýleki esasy aýratynlyklary bolsa, biziñ bilen bir - mezhepleriniñ sünni, yktykatlarynyñ hanapy bolmagydyr. Medeni we ynanç taýdan Konýa ýa-da Kütahýa türkünden tapawutlandyrmagyñ mümkin bolmaýşy ýaly, Türkmensähra türkleri barada jikme-jik maglumatlary edinmek beýlede dursun, gynansak-da, olaryñ ýaşaýan ýerlerini kartada görkezibem bilmejek derejede sowadymyz ýok. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyñ dürdäne beýtlerindäki Göroglynyñ obrazynyñ Anadoly bilen ýakynlygy şu setirlerde ýüze çykýar: Al-ýaşyl bürenip çykar perisi, Kükeýip bark urar anbaryñ ysy, Beg, töre, aksakal, ýurduñ eýesi, Küren tutar gözel ili türkmeniñ. Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi, Görogly gardaşy, serhoşdyr seri, Dagda, düzde kowsa saýýatlar diri Ala bilmez ýolbars ogly türkmeniñ. Köñüller, ýürekler bir bolup başlar, Tartsa ýygyn, erär topraklar, daşlar, Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniñ. Köñül howalanar ata çykanda, Daglar lagla döner gyýa bakanda, Bal getirer, joşup derýa akanda, Bent tutdurmaz, gelse sili türkmeniň. Gapyl galmaz, döwüş güni har olmaz, Gargyşa, nazara giriftar olmaz, Bilbilden aýrylyp, solup, saralmaz, Daýym anbar saçar güli türkmeniň. Tireler gardaşdyr, urug ýarydyr, Ykballar ters gelmez hakyň nurudyr, Mertler ata çyksa, söweş sarydyr, Ýow üstüne ýörär ýoly türkmeniň. Eýran türkmenleri • Eýran türkmenleriniñ garaşsyzlyk ugrundaky göreşi Bu ýerde ýaşaýan türkmenleriñ arasyny Türkmenistandaky garyndaşlaryndan ilkinji bolup bölen ruslar boldy. 1881-nji ýyla çenli ownuk han-beglikler görnüşinde hiç kime boýun egmän azat durmuşda ýaşan türkmenler uruşda rus basybalyjylaryndan ýeñlenden soñ Ahalteke şertnamasy esasynda iki döwletiñ arasynda bölündi. Olaryñ ýaşaýan sebitine Türkmensähra adyny şa režimi beripdi. 1923-nji ýylda Türkiýäniñem goldawy bilen azat-edijilik hereketini başlap gozgalañ turzan türkmenler Eýranda garaşsyzlygyny yglan etdi. Meýletin ýagdaýda köp sanly anadolyly türk ofiseri türkmensähraly gardaşlaryna harby tälim bermek üçin ýola rowana boldy. Elbetde, ýañy uruşdan çykan Anadolynyñ Türkmensähradaly garyndaşlaryna beren ýardamy ýeterlik bolmansoñ, Eýran we SSSR ikisi iki ýerden türkmenleriñ üstüne hüjüm etdi. Garaşsyzlygyny yglan edenine ýañy bir ýyl bolan ýaş Türkmen respublikasy iki döwletiñ deñ bolmadyk hüjümlerine garşy durup bilmedi. Eýran türkmenleri Eýran döwleti türkmenleriñ garaşsyzlygyny almak ugrunda eden synanyşygyndan soñ sebitdäki güýjüni artdyrdy. Pars dilinde bilim berýän mekdepleri hökmany etdi we türkleriñ garaşsyzlygynyñ nyşany bolan çarwa durmuşy gadagan edip, taýpalary mejbury oturumly durmuşa geçirtdi. Liderleri öldürilen we ýaşaýyş-durmuş formasy üýtgedilen türkmenler Türkiýedenem gerekli goldawy alyp bilmänsoñ, eýran režiminiñ öñünde kem-kemden umumylaşyp, ýuwaşamaga başlady. Eýran döwleti Muhammet Ryzanyñ döwrüne gelende türkmenlere garşy despotik metodlardan el çekip, sebitdäki türkmenleri öz razylygy bilen döwlete ýakynlaşdyrma ýoluny saýlap aldy. Şu manyda düýpli özbaşdaklygy gazanan Türkmensähra türkmenleri tizara sowatlylaşma prosesine girmek bilen birlikde eýran konstitusiýasynyñ öz ene diliñde bilim almaga berýän rugsady sebitdäki etniki toparlaryñ döwlete garşy gitmeklerini doly diýen ýaly aradan aýrypdy. Şeýle-de, eýranlylar ellinji ýyllarda ýurtda ýaşaýan türklere we kürtlere öz dillerinde metbugat organlaryny we neşir işlerini açmaga rugsat bermegi ýurtdaky beýleki etniki azlyklarda bolşy ýaly türkmenleri-de düýpli syýasy reaksiýany döretme babatynda durnuklylaşypdy. Başgaça aýdanda, Eýran düzümindäki etniki toparlary ilkibaşda gara güýç ulanyp golastynda saklasa-da, soñabaka örän demokratik ýollar arkaly etniki azlyklary döwlet saýawanynyñ astynda saklamagy başarypdy. Türkiýede "TRT Kürdi" telekanalynyñ 2009-njy ýylda gurlandygyny pikir etsek, Eýran bu ädimleri baryp-ha elli ýyl mundan owal ädip, diýseñ strategiki manýowrlary edipdi. Eýran türkmenleri • Türkmenler prezident bolup bilmeýär Ýokarda-da gürrüñi edilen demokratiki hak-hukuklara uly çaprazlyk döredýän bir ýagdaý bolsa türkmenleriñ öñünde goýlan syýasy çäklendirmelerdir. Türkmenler hernäçe häkim, ministr, halk deputaty ýaly wezipelere ýetip bilýänem bolsa, mezhepleriniñ sünni bolandygy sebäpli edil eýran kürtleri ýaly prezident wezipesine gelmegi kanuny taýdan gadagan. Bu çäklendirmä Günorta Azerbaýjan türkleri dahylsyz, çünki bu madda millete görä däl. Mezhep çäklendirmeleri zerarly sünnilere Eýranda prezident bolmak gadagan. Şonuñ üçin türkmenleriñ Kümmethowuzdan mejlise halk deputaty ugratmakdan başga gazanyp bilen syýasy ýeñşi ýok. Olaryñ azeri türkleri bilen mezhepleri aýry bolsa-da, kowumdaş bolansoñ biri-birlerine ýakyn duranyny kem görenoklar. Şonuñ üçin wagtal-wagtal azerilerden halk deputatlygyna ýa-da başga ýolbaşçy wezipä hödürlense, türkmenlerden goldaw tapýar. Ýerli saýlawlarda-da Bendertürkmen we Kümmethowuz ýaly şäherlerde köplenç türkmensähraly türkmenleriñ kandidatlary üstün çykýar. Syýasy taýdan bölünişikçi hereketleri bolmasa-da, türkmenleriñ has beter reformator syýasatçylara we partiýalara goldaw bermegi başgaça aýdanda, oppozision häsiýetini dowam etdirmegi olaryñ häzirem öz milli aýratynlyklaryny ýitirmän saklaýandyklarynyñ iñ uly alamaty bolup gözümize ilýär. Eýran döwletiniñem ýurtda kürtler bilen birlikde uly ünsde saklaýan jemgyýetleriniñ biri Türkmensähra türkmenleridir. Mehmet MAZLUM ÇELIK. @MMazlumcel celikmehmedmazlum@gmail.com Duşenbe, 25.11.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |