00:27 Ýogaldy | |
ÝOGALDY
Goşgular
![]() Ýogaldy, pahyr. Ýetde-gütdedi güni. Üýşdiler ýakyn-ýatlar, Gömmäge görgülini. Gollandy ýerli-ýerden, Kim mal, kim pul getirdi. Ýene iki-ýekesi, Ulag işin bitirdi. Batgaly howla, köçä, Düşediler çagyly. Bejerip, beýgeltdiler, Ýykyk-ýumruk agyly. Ýapjagyn, galan karzyn, Duýdurdy bir işewür. Hakly hem aýtdy ogla: - “Adymdan bar, işe gir!” Gurplysy bar, gurpsyzy, Garaz, il-gün dik durdy, Garaşylan dek onuň, Täzelärine ýurdy. Ýogaldy. Ýoksuldy, mertdi, kişä ýapja bolup ýörmezdi. Ýöne bu goldawlaryň, Gören bolanda ýaryn, Ölmese-de ölmezdi. 2024 ý. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |