12:22

Kyýamata goýlan goşgy

Goşgular
Категория: Goşgular | Просмотров: 454 | Добавил: Geldimyrat | Теги: Geldimyrat Seýidow | Рейтинг: 4.8/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Magtymguly Pyragy / Goşgular - 27.08.2024
Ýarym degişme / Goşgular - 11.12.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
Söýgime ynanyň / Goşgular - 16.11.2024
Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024
Takdyr / Goşgular - 14.11.2024
Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024
Agyr meseläniň ýeňil çözgüdi / Goşgular - 23.05.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024

Teswirleriň ählisi: 30
0
1 Moderator  
1471
Geldimyrat aga, ady-da, özi-de gowy goşgyñ bilen şeýdip begendirip dur bizi.

* * *

Ilki düşünmedim. Ikinji gezek okadym. Düşündim, ýöne adaty goşgy okan ýaly onçakly täsir etmedi. Üçünji gezek okadym. Bu gezek hem ýylgyrtdy, hem duýgylandyrdy, hem oýlandyrdy...

* * *

Siz durmuşdan susup alýan çuñ manyly we agras gylykly şygyrlaryñyza pelsepewi many çaýmaga synanyşýarsyñyz. Bu hem size köp derejede başardýar.

0
2 Money  
1834
(akylly bol-how beh) :)

Käwagt-a, şu goňşylaň gelinleri göze ýakmanam duranok-how, ýöne nätjek-da....:)))

0
3 yagsymadowabibi  
1850
Kyýamat gün soralanda,
Wah şahyr, kyn bolar saňa
Biriniň halalyna bakmak:
Halamak hem gözüň dikmek,
Gowşaklygyň bolar diňe!

0
4 Moderator  
1471
Allanyñ Resuly Hezreti Muhammet (s.a.w):
"(Hakyky) musulman boljak bolsañ, goñşularyñ bilen gowy gatnaş" diýipdir. Şeýle-de ýene bir hadysda goñşa edilen bir haksyzlygyñ başgalara edilen ýedi haksyzlygyñ günäsindenem agyr boljakdygy aýdylýar.

Bu ýerde şahyryñ pikirini terse çekere haksyzlyk ýokmuka diýýäs biz-ä. Çünki Geldimyrat aga iki agzalan hadysdaky aýdylanlara amal edip ýaşap gelen adam. Şoña amal edýändigi üçinem her bir ynsana mahsus sere gelip biläýjek şeýle pikirini ýedi gat ýeriñ teýine gömendigini boýun alýar. Ýöne Alladan ýaşyryp bilmejek zadymyzy bendesinden ýaşyryp nädeliñ? Şygryýet diýilýän zat aýdylmaýan duýgulary inçelik bilen gelşirip aýtmak üçin dörän ajap sungat dälmi näme...
Hiç kimse serinden geçen pikiri üçin jogapkärçilige çekilip bilinmez, eger ol şoña basalyk berip bilmän herekete öwürmedik bolanlygynda.

Geldimyrat Seýidowyñ ajyly-süýjili we geçen ýeñil bolmadyk durmuş ýoly, zähmet tejribesi biziñ ýaly ýaşlara görüm-görelde bolup geldi. Häzirem şeýle. Hernäçe dymmaga çalyşsa-da, eden işleri barada gürlemegi halamasa-da, setanda-seýranda agzyndan gaçyrýan geçmişe degişli ýatlamalary bize ýol-ýörelge bolmaga ýetýär.
Şahyryñ goşgudaky niýeti arassa, göwnündäkini aýdýar we şuña meñzeş pikir dörände nädip özüñe basalyk bermelidigini öwredýär.

@Ýagşymädowa, şoña görä hem siziñ eden belligiñizdäki ýaly pikiriniñ bolmandygyny anyk bilemizsoñ ýazdyk şuny. Sizem ters düşünmäñ. Bellikleriñizi çekinmän ýazyp bilersiñiz.
Aslynda tankydy bellige açyk ýaşulynyñ özem şeýdilmegini isleýär.

0
7 Money  
1834
Hiç kime doly derejede anyk häsiýetnama berip bolmaz. Ýat adam barada gürrüňem ýok, hatda ýoldaşyň (äriň, aýalyň) ýa çagaň bolsun onuňam içini doly we anyk bilip bolanok. Bu diýdigim islendik manyda bolup biler esasy zat maksady niýeti arassa bolsun. Adamyň tebigaty hemme adamda birmeňzeş, plany plan etmez diýip bolmaz. Adam beýnisi haçanam bola (minut soň, ýa ýyllar soň tapawudy ýok) üýtgäp biljegne düşünmeli. Buny aýtmak bilen şahyra bu goşgusynyň üsti bilen gara ýüklejek bolmadym. Emma şahyram, mollada, hatda ýaşyna seretmezden hemmeler tebigaty birmeňzeş bolan jandar. Şonuň üçin elmydama kimiň kimligini her wagt öwrenip durmaly bolýar, adam daşyndaky atmosfera, jemgyýete görä çalt üýtgemäne örän ukyply. Kim bilýär belki bir wagt pikiri niýeti üýtgär.

0
5 hanturebs  
755
Dinde ýalňyşmasam (ýalňyşýan bolmagymam ahmal) adamyň amalyndanam niýeti möhüm hasap edilýän bolmaly. Ol wagtky hyjuw, niýet hiçle, "onça-munça borla Gunça" diýseňem soňundan kişi maşgalasyna goşgy goşup köpçülige ýaýradyp ýörmek azyndan türkmençiligi ündeýän adamlara gelişjek zat dälmikä diýýän. Garaz, goňşyň şahyr bolmasyn.))

0
6 Moderator  
1471
Sizde adamyñ niýetini okaýan abzal barmydy?
Bärde niýet barada aýdylanog-a. Islendik adamyñ serinden ýagşy-ýaman pikir geçip biler. Meselem aýdaly, şeýtan böwrüñize dürtüp etmesiz "pylan işi et" diýýär, sizem erkiñize buýrup edeñzok. Niýet munuñ niresinde?!. Eýse siz indi özüñizi şol etmesiz işiñ seriñizden geçendigi üçin günäkär hasaplap bilersiñizmi? Amal, gymyldy-hereket diñe niýetiñe düwülende orta çykýar.
Düşünsek, düşünmesek, kesgitleme berjek bolup "at yzyny it yzyna garmalyñ".

* * *

Goşgy goşmak we köpçülige ýaýratmak barada ýokarda aýtdym. Ikilenç gaýtalamak uslyp bolmaz.

0
9 Money  
1834
Ýene-de diýýän, hiç kime doly derejede ynam etmeli däl. Has beterem ynam edip, onam mydamalyk ynama öwürmek 2-nji ýalňyşlyk.

0
8 Money  
1834
Adamyň niýetini hiç wagt bilip bolmazmyka diýýän. Bir tarapdan kişi maşgalasyna goşgy goşmak niýetiň düzüw bolsa erbet däl, ýöne niýetiňi diňe Alla bilýär. Erkek, zenan tapawudy ýok goňşylar öwse bu gowy zat. Emma seň aýdyşyň ýaly niýet gizlin ýatyr. Şu zady her tarapa çekse bolýar.

0
10 Döwletmyrat  
1892
Goşgydan logika gözlenmeýär. Şygyr diýmegiň özi duýgy, adamyň duýgusynda nämeler bolup geçmeýär. Şahyryň ýazýan wakalarynyň hemmesi onuň başyndan geçenem bolman biler. Geldimyrat aganyň bu şygrynyň ideýasy gaty kämil, kesä çeker ýaly hiç zat ýok. Ýaşuly şu zeýilli şygyrlaň höwri köp bolsun.

0
11 Moderator  
1471
Tüweleme, soñky ýaşlar şygyrdan başga hemme zada baha berip bilýärler...

0
12 Döwletmyrat  
1892
Moderator aga, olar şygra-da baha berýärler, hatda kämil şygyr ýazsaňam, seniň näme ýazmalydyňa çenli salgy-da berýärler... :)
Ýöne ýaşlaryň saýt okaýandygy hem teswir ýazýandyklary üçin ýürekden minnetdar.

0
16 Döwletmyrat  
1892
Geldimyrat aga, şygryň ideýasy gaty kämil, ýöne şygryň beýan ediliş usulynda, dilinde kemçilik bar,. Seň şygryň hakynda negatiw gürrüňleri etdirýän şygryň dili. Şygryň dilini kämilleşdireweri, agam. Kerim agaň, Atamyrat Atabaýyň hem Nobatguly Rejebiň şygyrlarynyň beýan ediş usulyna seret.. Kerim aganyň "Ýaşlyk dramasyna" seret. Sen şygryňda logika yzygiderligini saklajak bolýaň, şygyr duýgudyr, agam!!!

0
14 kyssacy  
1745
şu pikire menem goşulýan, onsoňam her bir goşgynyň döreýiş taryhy bolýar, döremegine sebäp bolýan bir waka bolýar. megerem, bu goşgynyň döremegine Geldimirat aganyň halk içinden eşiden gürrüňleri sebäp bolandyr. "Daşoguz habarlarynda" işläp ýören döwürleri (2008-2009-njy ýyllardy öýdýän) duşuşanymyzda şahyr Mämmetnazar Babanazarow bir märekede bir adamyň başga bir aýal dogrusynda aýdan gürrüňlerini halamandyr. şoňa şol adama bagyşlap goşgy ýazanyny aýdyp beripdi.

0
13 yagsymadowabibi  
1850
Salam Moderator aga, gepleşmek oýny bolanda dagy kubok eýesi boljak ekeniňiz-ä. :) Meniň pikirimçe goşgy duýgy dogry, emma goşgydan bir zat öwrenmek, ýüregiňe siňdirmek üçin okalýar. Magtymgulynyñ, G.Ezizowyñ, Kerim aganyň goşgularyny okasam agzymy şapbyldadyp esli pikirlenýäň, edil süýji nahar iýen ýaly lezzet alýaň. Gowy eseriň, kitabyň ysy, tagamy, reňki bolýar, men-ä şolary duýýan. Bu birinjiden. Ikinjiden goşgyny okamakdan maksat - bir zat öwrenmek, durmuşynda çelgi edinmek. Okaýan zadymyz bize informasiýa berýär we öz galybyna salyp ýugurýar, ýaş beýnilerden şekil ýaşaýar. Ýaşam bolsam kä-ä-än gördüm goňşusy gelni kalbynda sena edinip maşgala dargadýanlary. Edil şahyry garalamak niýetim ýok, ýöne ýaşlara nusga boljak Gözel ahlak barada köpräk ýazylsa döwrüň talabyny ödedigimiz bolardy.
Moderator aga ýuristlerde bir aýtgy bar "her bir jenaýat niýetden döreýär".
Döwletmyrat aga, Şygra baha berilýän bolsa, baha laýykdyr. Siziň pikiriňižçe kämil goşgy, başga adamyň pikiriçe beýle däl bolup biler.

0
15 Döwletmyrat  
1892
Hormatly Ýagşymyradowa! Ilki bilen bu şygryň ideýasynyň kämildigini islendik ýerde zerur bolsa subut ederin. Goşgynyň bir ýerinde hem goňşy gelniň biriniň halalydygy aýdylanok. Goňşy gelne ýekeje ýerde hem onuň mertebesi-de deglenok. Şahyr kyýamatda açyljak duýgusyny beýan edipdir. Kerim Gurbannepesi mysal getirdiňiz, hemmämiziň bilýän "Ýaşlyk dramasy" atly şygrynyň birje setirini mysal alaýyn: "Bir menzile gitdim yzyňdan ylgap..."
Şahyr ene-atanyň razylaşyp beren, biriniň gelin edip alyp barýan halalynyň yzyndan ylgapdyr. Biz munuň üçin şahyry ýazgarýasmy?! Ýok, aýdym edip aýdyp ýörüs... Ýa beýle dälmi?! Men gepimi uzaldyp oturmaýyn, hatda klassyk şahyrlarymyzda hem entek öz halaly bolmadyk gelin-gyzlara düzülen şygyrlar bar. Muňa durmuş diýýärler. Şu şygyrda kesä çeker ýaly ýeke sözem ýok. Diňe kalbynda ýaşyran, kyýamata goýan duýgusyny beýan edipdir. Duýgyny şeýle basyp bilmegiň özi uly mekdep. Ynanyň, dogan, ýöne bu şygyr kämil diýenimde, siziň ýazan zadyňyzy gözöňünde tutmadym. Her kim pikirini ýazyp biler, ýöne iliň pikirine hormat goýmagam öwreneliň, gaýrat edeliň.

0
21 Money  
1834
Kerim şahyryň setirini getireniňe jogap: ol setirde ylganynyň sebäbi onuň söýgülisini alyp barýarlar. Ylgaýany biriniň maşgalasy bolandan soň duşany däl. Ol goşgy nire bu goşgy nire. Parallelleşdirýän zadyňyz gabat gelenok gardaş. Size ýenede diýýän hiç kimem bu goşgyny we bu goşgy sebäpli şahyry garalajak bolanok, EMMA haýsy gapdala çekseň çekip bolýar we durmuşda şeýle ýagdaýlar, adamlar bar. Her kim düşünmek isleýişi ýa gözleýän zadyny görenok-da, görýän zady gözüne ýakmansoň hemde düşünýän zadyny kabul edesi gelmänsoň tankydy pikir galdyrýar. Ýenede gaýtalaýan gardaş, hiç kimem şahyry garalajak bolanok-da haýsy gapdala çekseňem logiçniý, realnyý dogry. Onsaň tankyt etýän şeýle göreldäni hiç kime görkezilmezligini isläp bellik etýär. Hemme kişi seniň pikir edişiň ýaly pikir edip bilenok bu tebigatyň kanuny. A başga bir tarapdan seniň dogry düşünýäniňe nädip ynanmaly :))? Belki ýüregiňiz bilen beýniňiz deň pikirde däldir :)
Garaz çekeleşseň çekeleşip durmaly. Senem özüňkä delil taparsyň başga birem özüniňkä delil tapar. Şonuň üçin uzaga gitmek zerurlygy ýokmuka diýýän. Galanynam şahyram teswirleri okaýar, olam indi her kime dogry düşünendir diýip umyt etýän :)

0
24 Döwletmyrat  
1892
Moneý inim!!! Haçanda şerigat arassalygy barada gürrüň gidende, Kerim aganyň "Ýaşlyk dramasyndaky" beýan edýän wakasy bu şygyrdakydan has gözeilginç. Ene-ataň öňünde boýun alyp bilmedik bolsa, gyzda söýgi bolmandyr. Siziňçe, meň söýgülim diýip, biriniň gelniniň yzyndan ylgasaň bolýar, ol günä däl, emma özüňe basalyk beren duýgyňy aýtmak bolanokmy?! Kerim aganyň döredijiliginiň, şol sanda agzalan şygrynyň hem gaty kämildigii hakykat. Men ussat şahyryň näme üçin beýle ýazandygyna gaty gowy düşünýän. Şygyrda beýle zatlary beýan etmegiň mümkindigini ussat şahyrdan mysal alyp, subutnama hökmünde ýazdym..Kerim aganyň agzalan şygrynyň döreýiş taryhyny hem bu goşgynyň içinde ýatan gizlin syrlarya gaty gowy bilýän.Wagty gelende, bu şygyr barada gürrüň ederis.

0
27 Money  
1834
Bolar gardaş, şu şygyrlar barada özüňe amatly wagtda öňräginden habarly et. Gürrüň edeli. Edil edebiýatdan sizçe başym çykanok emma durmuşa bakyşymça çekeleşip biljegim welin anyk

0
17 Moderator  
1471
Aleýksalam, Bibigül dogan. Gaçgynym kubokly, medally, baýrakdyr sowgat-peşgeşli ýerler.
Teswirlerde ýazylanlary okyjylar bilen özara pikir alyşmalar tertibinde geçýän mesawy gürrüñdeşlik hökmünde kabul etseñiz gowy bolar. Biz diñe öz pikirimizi ýazýarys. Kimdir birine görünjek bolup ýa kimdir birinden "kubok" hantamaçylygy bilen ýazmaýarys. Size nähili görünýänini bilemzok, emma biziñ ýazanymyza käbirleri gaharlanýandyr, käbirleri dawalaşýandyr öýdýär. Öz pikirimizi beýan edişimiz şeýle. Aslynda gaty zerur hasaplan ýagdaýymyzda goýlan materiala ýalñyş düşünmezlikleri üçin ýönekeý okyjy hökmünde goşulaýmasak, moderator hökmünde okyjylaryñ gürrüñine-teswirine goşulmasak kem göremzok welin, kämahal goşulmaly-da bolýar. Ýogsa saýtda goýlan her bir eseriñ we çykyş edýän awtoryñ goşmaça aklawjy talap etmejek derejede özüni goramaga ukyplydygyny bilýäris.

Edebiýat teoriýasy, şygyr formalary... boýunça düşünjämiz azda-kände bar. Her kimiñ aýry pikiri bolup biler. Ylalaşmagyñ ýa ylalaşmazlygyñ hökmanlygy ýok. Şol sebäpli soñky ýazanlaryñyz boýunça hiç zat ýazyp biljek däl. Barybir pikirimiz deñ gelmez.

Duýgy, pikir, niýet, söz, hereket, jenaýat... ýaly kesgitlemeleriñ tapawudyny seljerip bilmez ýaly hem ýuridiki düşünjämiz ýoksuz däl. Şol sanda Geldimyrat aganyñ özem pensioner ýurist.

Umuman, janyñyz sag bolsun. "Çekişmän bekişmez". Ýazyp duruñ.

0
18 yagsymadowabibi  
1850
Tankyt, garşylyk ösüşi döredýär. Gynansak-da, biziň pikirlerimizi açyk aýtmagymyz jedel döredip dur. Jedelleşmek iň ýigrenýän zadym. Kimiň mamladygyny wagt görkezýär we men şu goşgy barada öňki pikirimde galýan. Hemmäňize üstünlik.
Moderator aga size ideýalarym bardy:
1). saýty offlaýn priloženiýa görnüşinde etseňiz tel.ýüzünde durýar, açmak we ulanmak aňsat bolardy, her gezek gugl aga ýalbaryp
öturmazdyk.
2. Awtorlary ýa döwürlere bölmeli ýa at-familiýa boýunça, ýa dereje boýunça ýerleşdirmeli,bir awtory tapmak aňsat bolar ýaly hem halkyň ykrar eden şahsyýetleriniň ýanynda pylanyýew ýa men ýaly(;; nokatjyk durmaz ýaly.
3). Çagalar üçinem aýratynja bölejik bolaýsa, çagalarym köplenç erteki ýa hekaýa aýdyp ber diýip azar beren wagtlary özümden düzübem ýadaýan.
4). Dünýädäki we ýurdumyzda edebiýat täzelikleri, habarlary ýerleşdirip durulsa ýa şeýle bölümçe bolaýsa.
5). tekliplerim ak göwünden diýýän, tankyt etmek ýa başga pikir ýok. Şeýle saýty döretmegem edebiýat üçin ullakan ädim, her kim başarmaz. Sag boluň.

0
26 Moderator  
1471
1. Offlaýn priloženiýañyza düşünemok dogrusy. Tehnigimize aýdaryn, peýdaly bolsa eder.

2. Saýtyñ baş sahypasynda, paýlaşylýan eserleriñ aşagynda MENÝU durandyr. "Menýu"-da siziñ aýdyşyñyz ýaly awtorlaryñ sanawy-da bar, "Bölümlere" girseñiz, paýlaşylan eserleri žanrlary boýunça hem yzarlap bilersiñiz.

3. Bölümlerde "Çagalar edebiýaty" diýibem aýratyn bölüm bar.

4. Bu boýunça hem "Edebiýat täzelikleri" bölümi bar.

5. Saýtyñ tekliplere-de, tankydy belliklere-de, garşylyklaýyn pikirlere-de dört gapysy açyk. Çekýän ukypsyzja zähmetimize beren uly bahañyza minnetdar. Sizem sag boluñ.

0
19 Geldimyrat  
1596
Döwletmyrat, maslahatyňy kabul edýän. Sag bol! Goşguda kemçilik bardyr. Agyz dolduryp aýdar ýaly men bir şahyr adamam däl-ä!
Ýöne iki-ýeke goşgynyň ideýa-mazmunyny kesä çekýänlere welin näme diýjegimi-de bilemok. Sebäbi aýdylmaly zat başga teswirçiler tarapyndan birnäçe gezek gaýtalanyp aýdyldy. Ýagny adamyň pikirini anyk bilmän, ol barada kesgitli zat aýdyp bolmaýandygyny düşündirjek boldular. Netijesi bolmady. Men ilki goşulmaýynam diýdim. Ýöne “dymmak razyçylygyň alamaty” diýmesinler diýip, käbir “poeziýa muşdaklaryna” goşgyda anyk aýdylýandygyna-da garamazdan, onuň many-ideýasyny ýene-de gürrüň arkaly düşündireýin diýdim.
Ilki bilen goşgy diýlen žanryň çeper eserdigini, oçerk ýa makala däldigini, onda toslamalaryň-da ya bolşundan üýtgedilmelerň-de bolup bilýändigini ýatlatmakçy. Ýöne bu ýagdaý ýigit wagtlarym meniň öz başymdan geçenligi çyn. Bir döwürde, bir şäherde, birnäçe wagtlap ýekelikde umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşamak miýesser etdi. Goňşy nomerleriň birinde ýaşaýan, özüm ýaly başga bir ýerden gelen gyzyň owadan sypaty hem ýagşy gylyk-häsiýeti, agraslygy, asyllylygy üns bermezçe däldi. Ýöne näçe islegiň bolanda-da özüňe ygtyýar edilmedikden gaça durmany başarmaly-dy. Akylly adama inçelik bilen düşündirjek bolup durmanyň geregi ýokmuka diýýärin. Ygtyýarymyň ýokdugynyň sebäbini-de goşguda açyk görkezdim. Öz bolmajak islegimi ýeňip geçmegi başardym. Zenanyň mertebesine sarpa goýdum Ine, goşgynyň ýaşlara berjek bolýan ündewi.
Kimdir birini halamak ýa-da nämedir bir zady küýsemek bolsa her bir adam çagasynda bolýan zat. Adamyň aňyny, duýgusyny gadagan edip bolmajagyny düşündirmäniň bolsa geregi ýokmuka diýýärin. Din hem ony gadagan edip bilmez. Ýaradan her kime göz diýen bir zadam beripdir. Seretmek gadagan däldir. Niýetiň arassa bolmagy hökmandyr. Din ygtyýar edilmedikden gaça durmagy, öz rugsat edilen çägiňden çykmazlygy buýurýar. Oňa sözümiz ýok.
Bulara düşünmän ýa-da düşünse-de aýdylýanlary kesä çekip, maňa ahlagyň nämedigini öwretjek bolýanlar bilen kejeleşip durasym gelenok. Hat-da hukuk ugrundan köp bilýänden bolup, ýerliksiz sözleri dile getiseler-de, men hukukda - kanunda “töhmet” diýlen bir zadyň hem bardygyny wr hususy tertipde kazyýetde seredilýändigini olara ýatladasym-da gelenok.
Tanamadyk-bilmedik, deňiň-duşuň bolmadyk, has agyr ýeri-de, onuň aň-pikirini öwrenmezden, ýazanyna garşy çykyp, kesä çekip, ýersiz ýere kesek atyp kişiniň göwnüne degip ýörmekligi özümä akyly bar adam hasap edemok. Eger biri goşgy barada tankydy bellik etse men gaty görjek adam däl. Ýöne olar meniň hiç kime aýan bolmadyk, öz içimdäki pikirime dawa edýärler. “Каждый понимает в меру своей испорченности” –diýen gowy aýtgy bar orslarda. “Howul bela, sowul bela”, sowuldygy bolawersin! “Ýatanyň üstüne turan gelmesin-dä”, hernä!

0
20 Döwletmyrat  
1892
Geldimyrat aga, ideýasy kämil şygra düşünilmän diýilýän sözlere ýürekden gyýlyp, teswir ýazdym. Ýöne şygryň dilinde hem beýan ediliş usulynda az-kem kemçilik bolsa-da, ol ýetmezçiligi şygryň ideýasynyň kämildigi düzedip gidýär. Ýöne şygryňyz kämildigi üçin, şeýle seslenmeleri döretdi. Ýaşuly, şygyr ýazyp duraweriň, höwri köp bolsun.

0
22 Money  
1834
Salowmaleýkim gardaş. Ine şeýdip düşündireniň ýerine düşdi. Ýogsa diýýänä her tarapa çekse boljakda, her kimem sizi garalajak bolman okyja täsiri barada çekeleşik boldymyka diýýän. Sizem aýyplaşmaň. Aslynda her kim öz niýetine alla tarapynam, kanun tarapynam özi jogap berýär welin gürrüňi uzatmaýyn. Garaz jogaplanyňyz ýerine düşdi.
Şygyrlaryňyz oňat, höwürli bolsun.
Ýene birzasy belläsim gelýä, sosial ulgamlarda çekeleşik bolanda bir mesele bilen başga meseläni garýalar ýada şahsyýete çenli ýetişmeler bolýar. Umuman bir zatda çekeleşmekde nädogry pikir üçin garşydaşyňy başga bir meselede ýa çekişmede iň beterem şahsyýete ýetmeler ýalňyş. Men muny umumy gürrüň hökmünde belleýän.

0
25 Geldimyrat  
1596
Ylalaşýan, inim, Money! Döwletmyrat gowy bilýändir. Öz döwründe K.Gurbannepesow ýaly ägirtlere-de şyltak atylardy. Ýöne ol köplenç "kerwen geçer" edýärdi hem utýärdy. Goşga "düşünýän" biriniň hak aýdyşy ýaly, bizden Gurbannepesow bolmajagy bellile.

0
23 Moderator  
1471
G.Ezizowyñ: "Kebzä pyçak sokýan sypaýçylykdan, Tumşugyña kakýan gödeklik ýagşy" setirlerine eýerägetdin, geliñ, açyk bolalyñ! Kim oñarýar? Oñarmarsyñyz.

Mekdebi gutarandan soñdy. Anyk ýadyma düşenok gullukdan öñdümi ýa soñ, şoñ üçin futbol boýunça dünýä çempionatydymy ýa Ýewropa çempionatydymy - onam bilemok, ýöne ikisiniñ biridi öz-ä...
Garaz, edil şol wagt öýde daşary ýurtlaryñ kanallaryny tutýan antenna ýokdy. Paraballiçeski antennalaryñ (çanak antennalar) ýoñ bolan döwri. Taýak atym daşlykda ýerleşen bir garyndaşymyzyñ öýüne gidip futbol görýärdim. Bir gezek öýde garyndaşlaryñ özüm-bilen deñ-duş gyzyndan başga hiç kim ýok wagtyna gabat geldi. Bile oýnap, bile iýip-içip ulalanymyzdan soñ, başga pikirler ýüz ýylky ýaly kellämiziñ ýele ýanyndanam geçenokdy. Şoñ üçin biz olardan, olar bizden arkaýyndy.
Gepiñ keltesi, futbol görüp otyrkak, ýañky garyndaş gyz uklap galdy. Men gapa golaý ýerde telewizora seredip otyrdym. Telewizoryñ öñünde hem ol... Nirden kelläme ursa urdy, birhili ondan gözümi aýryp bilemokdym. Bir ýanda çekeleşikli futbol oýny, bir ýanda-da boý gyz uklap ýatyr. Endam-janym lap-lap gyzyp başlady.
Futboly soñuna çenli görüp bilmejegimi bildim. Demsalymlyk şeýtany pikir üçin garyndaşarada masgara bolup oturaýmalymy? Gowsy oýnuñ gyzygyndan geçip turup gaýtmaly. Derhal gaýtdym.
Häzir ol gyz çagaly-çugaly aýal bolup gitdi, doganlyk gatnaşygymyz welin baky galdy. Ýagşyda-ýamanda ol gyz adamsynyñ ýanynda çekinip durman meniñ bilen elleşýär. Sebäp biziñ maşgalamyzdan garyndaş-dogana, goñşy-golama ýeke ýerde gyýa göz bilen seredilmändigini, seredilmejegini bilýär.

Indi şojagaz pursatda bogazymda tegek bolup galan duýgyny beýan edip, aýlawly-dolawly setirler bilen şygyr dagy ýazaýsak, bizi-de ýedi gat ýeriñ teýine sokaýjag-ow siz. Ýa-da kim aýdyp biler biziñ şol pursatda niýetimizi ýamana düwendigimizi? Niýet (ýagny siziñ aýdýan "niýetiñiz") munuñ niresinde, kim aýdyp biljek?
Nämä kepil geçip bilmesek-de, biziñ şu açyk ýazyşymyz ýaly ha boýun alyñ, ha boýun almañ, siziñ islendigiñizde şeýle oñaýsyz pursatlaryñ dörändigine kepil geçip bilerin. Adamyñ ýaradylşy, tebigaty şeýle. Ýöne edil şeýle pursatda pälini düzüw tutup-tutmazlyk welin, kişiñ özüne we erkine bagly bolup duruberýär. Awtor hem bize şeýle oñaýsyz ýagdaýda özüñe nähili buýurmalydygyny öwredýär. Bolany, başga hiç zat ýok.
Hiç kime edebiýat teoriýasyndan, moral we ahlak-didaktikadan, ýurisprudensiýadan sapak bermäge ýa-da şygry nädip ýazmalydygyny öwretmäge synanyşmalyñ.

Hem çeper edebiýat adama akyl bermeli däl. Akyl berse, ol eýýäm edebiýat däl. Bu barada soñ ýazjak zadymyz bar. Gürrüñi uzaltmaly.

0
28 Money  
1834
Gardaş sen niýetiňi ýamana düwmejek bolup şol öýden gaýdypsyň-a. Kelläň bulaşjak bolmasam tebigy ýagdaý. Bu adamyň tebigaty. Bu ýerde ýere sokarlyk zad-a galmandyr

0
29 yagsymadowabibi  
1850
Salam adamlar.
Goşgynyň awtory Geldimyrat aga. Siziň göwnüňize degjek bolmadym. Ilkinji teswirimem goşgy görnüşinde awtoryň pikirini bilmek üçin ýazypdym. Garaz men-ä aýal maşgala bolansoň, hem kiçi wagtym kakamyň biwepalyklary zerarly ejemiň kän gözýaşlaryny göremsoň, aýaly bar bolubam, özge zenanlara seredýänler, ýa-da şeýleräk mazmundaky goşgular maňa känbir ýaranok (ýa-da awtoryň aýdyşy ýaly öz nukdaýnazarymdan düşünýän bolmagym mümkin).
EstagfurAllah, hiç ugurdan aklym iliňkiden köp diýibem biljek däl. Ýurisdiksion sözleri Moderator bilen niýeti düşünismek üçin beýan edipdim. "Akly ýok adam" bolsagam, poeziýa barada okyjy hökmünde pikiriňi aýdanyň üçin töhmet bolmaýandygy awtora ýatladasym gelýär. Duýgudyr, söýgüdir, goşgudyr ýöne näme ýazylsada ýaşlar, adamlar eserlerden öwrenýärler, durmuşyna ýörelge edinýärler diýlip dur ähli teswirlerimiň mazmuny, şoň üçin teswirlerime öýkelemän, teswir ýazanyň şahsyýetini depelemän dogry düşünmegiňizi haýyş edýän. Geldimyrat aga, sizi tanamak welin goşgyňyza öz düşünmegi boýunça baha beren adama has dogry düşündirip, öz pozisiýaňyzy baýlaşdyrmagyñ ýerine, ýere sokjak bolmagyňyz, gödek sözleri ulanmagyňyz şahyra gelişenok. Sag boluň.

0
30 Geldimyrat  
1596
Salam, Bibi! Gödegräk daraşanlygym üçin bagyşla! Ýaraşdyk, şoňa şükür.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]