15:11 Aga-inisiz agy | |
AGA-INISIZ AGY
Goşgular
Ençe uýa dogandylar, Aga-inisizdi bular. Oglan jigi höwes edip, Delmuryp, gözlerin ezip, Kemsinip gezip, Ahyrynda ulaldylar. Bu günem ene boldular. Ine, uýalaň biriniň, Howlusynda toý-tomaşa. Gyzyn çykarýar durmuşa. Gelnalyja ýol açyldy, Gyza-da kürte atyldy. Sesi geldi beýemçiniň: “Bu-da daýysynyň paýy, Daýy donun alsyn daýy!” Ah, toýy toýlanýan gyzyň, Daýysyz-a şor maňlaýy. Öňden gözi ýaşly ene, Saklanyp bilmedi, ýene. Öz gardaşsyz ösenligne, Çagaň kemsinenligine, Günäsiz ýere özüni, Günäkär duýup, hamsygyp, Birden damagy dykyldy, Alma ýaly gözlerinden, Boýur-boýur ýaş döküldi. 2024 y. | |
|
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Göwünlik / Goşgular - 12.08.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Altymyrada bagyşlanan goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Ýatlama / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Ýalta / Goşgular - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |