13:46 Ugrukdyrma | |
UGRUKDYRMA
Goşgular
"Gözden salma ýegenini, Söýjek bolsaň doganyňy". Awtordan. Asmanda awlady guşy, Gyssanyp oň gonaryna. Sowgat etdi erkek dogan, Eltip, aýal doganyna. Sargady hem gaýta-gaýta: "Gowuryp, täk özüň iýgin! Ýüzüň-gözüň açylanny, Göreli biz, görsün il-gün". Istedi oň delje etden, Şähtiniň sagalaryna. Eti ene höwes bilen, Iýdirdi çagalaryna. Balasynda bolýanlygyn, Bar şähtiniň açarynyň, Aňman, aňtady dogany, Göwünjigin naçarynyň. Daýy, dogan, aňla muny: Ünse salman, ýegeniniz, Gowy görüp bilmersiniz, Bir emmeden emeniniz. 2024 ý. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||