23:29 "Dile geldi - bile geldi..." / ýazgylar toplumyndan | |
"DILE GELDI - BILE GELDI"
Ýatlamalar
Ýaradan hemmäni deň ýaratmandyr. Biri arryk, biri semiz. Köpleri akylly, käbirleri akylsyz ýa bolmasa, biri gaýratly, biri ejiz. Garaz, sanasaň sanap oturmaly. Iýmek-içmäge gezek gelende-de iýermen-işdämenlerem bar, çümhöreklerem. Meniň özümi-de şol çümhöreklerden görýärler. Öňüne geleni işdämenlik bilen iýip, doýup ýörmekden daşrakdaky adam. Ýakynlaryň ýa-da öz sulhuň alyşýanlar bilen oturyşyklar bolaýmasa, toý-märekelerde-de doýagarna iýip ýören gezeklerim az-azdyr. Şu ýaşymda türkmeniň gowy milli naharlarynyň birnäçesini meselem, dogramany, ýarmany işdä açar salatlaryň käbir görnüşini ýa-da atmy, düýe ýa towşan etlerini iýip bilmeýänligimi, mantymy ýa etli gutaba-da işdämen däldigimi aýtsam geňgäk görülmegi-de mümkin. Ynanaýyň, bu şeýle! Her näme-de bolsa, adam çagasyna-da iýmeli-içmeli diýlen bir zadam berilen. Ýaşaýyşda onuňam gerekdigi hemmä belli zat. Käbir tagamyň datlylygy barada şu aşakdaky ýazgylarymy okap, “aý, bu adam-a iýmänem gowy görýän eken-ow, bar zat gutardy, indi iýmek-içmekden söze başlad-ow” diýip, özüme ters düşünilmezligi üçin ýazgymy öz işdäm baradaky sözler bilen başlaýsam diýdim. Gysga bolmadyk bu geçen döwrümde köp görüp, köp eşidenligim bilen birlikde, köp dürli tagam hem elbet-de, dadylandyram, iýilendirem. Täze ýyly şatlyk-şowhun bilen geçirmek üçin öýlerde ýazylan bol näz-nygmatlaryň başynda hemmeleriň işdäsiniň açyk bolmagyny arzuw edip, öz ömrümde datlylygy ýadymda galan tagamlardan birküç sanysyny okyjylara gürrüň bermegi-de makul gördüm: 1. 1962-63-nji ýylar bolsa gerek. Başlangyç klaslarda okap ýörkäk Garrynohur obamyzyň mekdebiniň howlusynyň bir çetinde ilkinji gezek okuwçylar üçin bufet guruldy. Içinde iýmek-içmek kän bolmasa-da, süýjidir kökelerden başga-da, şol döwür çagalaryň gowy görýän iýmek-içmekleri bolan bulka hem limonad içgisi etrap merkezinden wagtly wagtynda getirilip durlardy. Bulkanyň bahasy şol wagtky orsuň puluna 5 köpük, limonadyň hem bir çüýşesi 15 köpükdi. Limonady içip, çüýşesini ýene-de yzyna gaýtaryp bereniňde 10 köpügiňi yzyna alyp bolýardy. Şeýlelikde bary-ýogy 10 köpüge hezil edip, gerk-gäbe bolardyk. Okuw sapaklarynyň uly arakesmesinde bufede tarap ylgardyk. Ýöne hemişe jübiň pully-da bolmaýardy. Okuwçylar bir-birinden karz alan wagtlarymyz ýa-da pulumyz ýetmän bir limonad ýa bir bulka bilen oňňut edilýän günlerimizem az bolmazdy. Puluň ýok bolup bufede barylmaýan günlerem bolman durmazdy. Şol bulkanyň hem limonadyň süýjiligi häzirem meniň agzymdan gidenok. Ömrümde ýadymda galdy. Munuň sebäbi bolsa, aç bolmakdan, çagalykdan ýa-da o döwürler dürli-dümen iýmek-içmekleriň az bolanlygyndan däldi. Şol tagamlaryň çakdanaşa süýjiliginden-datlylygyndandy. Dürli-dürli bulka önümleriniň hem içgileriň juda köpelen şu döwründe, özüm-ä şol çagalygymda iýen bulka bilen limonadyň süýjiligine deň geljegi bardyr öýtmeýärin. 2. 1973-nji ýylda doganoglan agam Aşgabatda “Туркменгоспроект” diýen edarada ýük maşyny sürýärdi.Tomus aýlarynyň dynç günleriniň birinde ol bile işleýän sürüji oglanlary bilen Çülä gezelenje hem balyk iýmäge gitmegi gürleşipdirler. Agam maňa-da özleri bilen bile gitmekligi teklip etdi. Men göwünjeň razylaşdym. Çüli diýlen ýeri entek görmändim. Ol wagtlar ýurtda, şol sanda Aşgabatda hem ýeňil maşyn gaty seýrekdi. Münmäge-de esasan ýük maşynlary ulanylýardy. Edara maşynlaryny öýde saklamak ýa hojalyk işleriňde ulanmak gadagandy. Rugsat beriji ýol listi (путёвка) bolmasa awtoinspektorlar edara ýa gulluk awtoulaglary saklap, ”gulluk awtoulagyny gullukdan başga işlerde ulanmak” diýen termin bilen protokol ýazardylar ýa-da nomer belligini sypyrdyp alardylar hem awtoulagy garaža ibererdiler. Ýöne edaralaryň nobatçy ýa-da işgärleri daşaýan awtoulaglaryna ýol listleri berilerdi. Agamyň işdeşleriniň biriniň ýük awtoulagy şol edaranyň işgärlerini daşaýan ýük awtoulagy bolanlygy üçin oňa ýol listini almak kyn düşmeýän eken. Ana, şol adam müner ýaly şertler döredilen ýük awtoulagynda 5 oglan bolup Çülä gitdik. Çüli diýseň Çülidi. Dagyň uzyn jülgesiniň kä eňňit, kä bolsa düz ýerlerinden daýaw adamyň biliniň ölçeginden-de köp bolmasa az bolmadyk, durnanyň gözi ýaly dury diýilýän, bal ýaly süýji suw dag etegindäki Gorjow tarapa akyp barýardy. Kiçijik derýa diýseňem ýalňyş bolmazdy.Ýap boýunda ululy-kiçili köllerem az däldi. Adam welin azdy. Iki-ýeke öz işleri bilen eýläk-beýläk geçip barýanlar diýäýmeseň, dynç günüdigine garamazdan, dynç almak üçinem gelenlerem şo döwürler gaty seýrekdi. Aslynda, Çülä, Uşele,Ýanbaşa ýa-da daga, guma ikiçäkdir toparlaýyn dynç almak üçin barmaklygyň özi Soýuz ýykylan soň başlandy diýsem ýalňyş bolmasa gerek. Nämede bolsa, Soýuz döwründe Türkmenistanyň daşynda, Soýuzyň belli-belli kurort ýerlerinde dynç alyp gelmekligem o diýen gymmadam, kynam düşenokdy. Şeýdýänlerem kändi. Agamyň işdeşleriniň biri – aşgabatly oglan ýany bilen balyk tutmak üçin ini-boýy takmynan bir ýarym metr çemesi bolan, ýörite örülen toryny ýabyň boýundaky kölüň düýbýne ýazyp balyk tutmaga başlady. Ol oglanyň bu balyk tutma emeliň öň abyny-tabyny alanlygy görnüp durdy. Ýaba dykgat bilen seredip duran wagtyňda suwda ýüzüp ýören ululy-kiçili balyklary görübem bolýardy. Ine-de, ol birinji toruny öz emel usuly bilen suwdan çykardy. Gözüňe döneýin süýji suwda bolýan farel diýlip atlandyrylýan owadan balyklar. Men o hili balyklaryň adyny hem diňe süýji suwlarda bolýandygyny soň-soňlar bilip galdym. Tora düşen ortaça alanyňda birküç sany balyklaryň kiçilerini ýene-de suwa goýberip, ol on, hat-da käbirleriniň on bäş santimetr çemesi möçberindäkilerini bedrä salýardy we tory ýene ýakyndaky köllere atýardy. Her 10-20 minutdan tory çykarýardy. Balygyň tora düşmän gezekleri-de bolýardy. Şeýdibem iki-üç sagat çemesi wagtda uly bedräni ýokarsyndaky kemerine çenli farelden doldurdy. Tutulan balyklary arassaladyk. Balykly bedräni suwdan dolduryp, ojak ýasap, otda gaýnadyp bişirdik. Bişiribem degişip-gülüşibem iýip-içdik. Çüliniň uly ýabynyň süýji suwundan tutulan hem şol ýerde gaýnadyp bişirilip iýlen süýjije farel balygyň datly tagamy hiç wagt agzymdan gitmedi. 3. Aşgabat şäherinde ýaşaýan, häzirki ýaşuly nesiliň wekilleriniň “demir ýol” çöregini iýmedikleri megerem ýokdur, häzirem şony küýseýänlerem az däldir. Aslynda, başga ýerleri bilmeýän welin, paýtagtymyzda şu günlerem bazarlarda“demir ýol” çöregi diýip, buhanka-çörek satýanlara gabat gelinýär. Ýöne olar hakyky “demir ýol” buhankalary däl-dä. Eýsem bu çörek beýle meşhurlygy nähili gazanypdyr?! Azda-kände öz bilýänlerim boýunça düşündirjek bolaýyn. Haçan gurlandygyny bilmeýärin welin Soýuz döwründe Aşgabat şäherinde Hitrowkada, Demir ýol wokzalynyň gaýrasynda ýerleşýän, Respublikamyzyň Demir ýoly ulgamyna degişli çörek zawody – pekarnýa bardy. Bu ulgamda işleýänler şol pekarnýada bişirilen çörek we çörek önümleri bilen üpjün edilerdi. Respublikamyzyň ähli ýerine Demir ýol stansiýalaryna-da otly bilen iberilerdi. Aşgabadyň içinde belli bir magazynler hem şol önümler bilen üpjün edilerdi. Özüniň çakdan aşa agyza ýaramlylygy bilenem bu çörek at gazanypdy. Elbet-de, resepti üýtgedilmän, goşulmaly zatlar ynsap bilen goşulyp, yhlas bilenem bişirilýän bolmaly-da! Söýuzyň dagap başlan döwürlerinde bosa gerek, pekarnýa ýykyldy. Şol pekarnýada adam ynsaby orta goýlup bişirilen çöregiň “demir ýoluň çöregi” diýen ady bolsa şu döwürem ýöräp ýör. 1978-nji ýyllarda Aşgabatda işläp ýören döwürlerimiň kä iş günleri gijeki çalşyga-da düşýärdi. Ýolumyz gabat gelen wagtlarynda ýa-da ýörite baryp gije şol buhankalardan alardyk. Ýalňyşmasam, 20 köpük bahasy bardy. Zawodyň bir çetinde satylýan ýeri-de bardy. Ol ýapyk bolan wagtlary birini ýarymyny zawodyň işgärlerinden şeýle soraňda-da berip goýbererdiler. Aýratynam ony peçden ýaňy çykan wagtlarynda iýseň oňa geljek iýmit ýokdy. Ol çöregi bir zat bilen (ýag, kolbasa, peýnir we ş.m.) däl-de diňe özüni iýmäniň aýratyn lezzeti bardy. Şol çöregiň tagamy-da meniň ömrümiň taryhyna girip galdy. Geldimyrat SEÝIDOW. 29 dekabr 2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |