21:45 Bolupdy döwür | |
BOLUPDY DÖWÜR
Goşgular
Möwç alypdy hyşy-wyşy obada, Çünki açyk söýgi bolmandy entek. Ol oglanyň gizlin başlan söýgüsin, Äşgär edipdi mekdep. Degişerdi synpdaş gyzlar, oglana, "Getir-dä, magşygňa, gar asty güli". Gar erän ýer gözläp daga aşardy, Tapyp getirmäge güli şo güni. "Gyz gerekmi barsyn, bagy suwarsyn", Gaynene boljagam galanok çetde. Jigisinden çal iberip ogrynça, Gyz hem ony kösetmezlik niýetde. Ir bişen söýgüsi erjel oglanyň, Bolupdy gybaty obanyň-kendiň. Garşylyk görüpdi, hat-da haýbatam, Diýlipdi iň soňy: "bolsa-da ýeňdiň". Söýgini ýekirlän döwür, sen geňdiň! Hä ynanyň, hä ynanmaň, janlarym, Bolupdy bu döwür, oglanam mendim! 2024 ý. | |
|
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Magtymguly Pyragynyñ 300 ýyllygyna / Goşgular - 16.06.2024 |
√ Basyp giden yzlaryňdan / Goşgular - 02.09.2024 |
√ Walid ogly sen Halid / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Мама, туркмена я люблю / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Aýdym aýdýar türkmen Gözeli / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Eý, nebiler serweri, eý, nury-aýnym, Mustapa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Eý, aşyklar, eý, aşyklar mezheb-u din yşkdyr maňa... / Goşgular - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |