16:30 Berdi Kerbabaýew hakynda hakykat | |
BERDI KERBABAÝEW HAKYNDA HAKYKAT
Ýatlamalar
SSSR zamanynda halypa ýazyjy hökmünde ykrar edilen Berdi Kerbabaýew 1972-nji ýylyň 5-6-njy oktýabrynda Mäne babanyň kümmetinde uly hudaýýoly beripdir. Mäne ýaşulularynyň tassyklamagyna görä, halypa ýazyjy şol hudaýýoly sadakysynda her biri 25 kilogramdan az bolmadyk 20 goýun, 200 kilogramdan geçýän 3 öküz soýup halka iýdiripdir, etligine paýlapdyr. Berdi aga Aşgabat ýer titreme gününe gabatlap beren hudaýýolusyny bermezden öň, mäneli ýaşuly Berdinazar Hojanazar ogluna (SSSR zamanynda Berdinazar aga ýurdumyzda az sanly ahunlaryň biridi, 1938-nji ýylda agyr süteme sezewar edilen bu ýaşuly özüniň ahunlygyny hiç haçan aýtmazdy) Gurhan hatm etdiripdir. Hudaýýolunyň töwürinde watan üçin jan beren, ýer titremede wepat bolan şehitlerimize diýlip, şondan soňra Berdi aganyň ýakyn dogan-garyndaş, tanyş-biliş merhumlarynyň ady tutulyp, olaryň ruhunyň şat, jaýlarynyň jennet bolmagy dilenipdir. Berdi aga bu beren hudaýýolysynda iki günläp sada halk köpçüliginden bolan hemme tanyşlary bilen didarlaşypdyr. Ýazyjyny göresi gelenler, garaz tanyş-u-nätanyş sada adamlar bilenem Berdi aga duşuşypdyr. Halypa ýazyjynyň çakylygy bilen gelen gelin-gyzlaryň, aýratynam oral aýallaryň ýanyna baryp, Berdi aga olar bilenem uzak wagt degşip-gülüşip, geçmişi ýatlap, kä şatlanyp, kä gamlanyp oturypdyr. Halypa ýazyjy hudaýýoluna Mäne, Çäçe, Duşak adamlarynyň barysynyň gelmegine çakylyk edipdir. Ýazyjynyň bu hudaýýolusyna beýleki welaýatlarymyzdanam topar-topar adamlaryň gelendigini şol sadaka gatnaşan ýaşulylar gürrüň berdiler. Geň görmeli ýagdaý, Berdi aga bu hudaýýolusyna öz galamdaşlaryny çagyrmandyr. Ýanynda çagalaryndanam diňe Baky diýen ogly bar ekeni. Berdi aga “Halaýyk, biler-bilmez göwnüňize degen bolsam, meni bagyşlaň” diýip, adamlardan ötünç sorapdyr. Mäne, Çäçe, Duşak, umuman, Berdi Kerbabany tanan, şol hudaýýola gatnaşan ýaşulularyň birnäçesiniň tassyklamagyna görä, Berdi aganyň Mäne baba kümmetinde beren hudaýýolusy onuň adamlar-sada halk köpçüligi bilen didarlaşmak, razylaşmak, dünýä bilen hoşlaşmak isleginiň amala aşmasydyr. Berdi aga şol günlerde Mäne-Çäçe obasynyň köne mekanyna-harabalygyna aýlanypdyr. Ol “Edil çagalygyma dolanan ýaly boldum, geçmişim öňümde janlandy” diýipdir. Dogrudanam, bu halypa ýazyjynyň hoşlaşygy bolupdyr. Berdi aga hudaýýolusyny 6-njy oktýabrda günortan birlerde sowup, Mäne obasynda öz janköýer dosty hem ýegeni biolan Muhammetoraz aganyň öýüne gelip, bu ýaşulynyň hödür-kereminden duz dadyp, olarda ýatyp dynç alypdyr. Soňra ol öýlän dörtlerde Ýazguly aganyň (aslynda Ýazguly aga Beýik watançylyk urşunda wepat bolan adam, Berdi aganyň şol gün gijesi bilen myhman bolan öýi Ýazguly aganyň ogly Ýagmyryň öýüdi) öýüne baryp, “Men kakam Gylyçmyrada-Kerbaba (Berdi aganyň kakasynyň hakyky ady Gylyçmyrat, ýöne oňa Kerbaba diýlipdir. Kerbaba aganyň ykbaly barada aýratyn söhbet ederis) hossarlyk eden Maşyň nesli Ýazguly aganyň öýüne geldim. Şu öýde tanyşlam bilen duşmaga rugsat ediň” diýipdir. Berdi aga gelenden ony tanaýan adamlar gelip öýi doldurypdyr, ol adamlar bilen derdinişipdir, sowallara jogap beripdir. Adamlar gelip gidip durupdyr. Berdi aga bilen hemme islän adamlar duşar ýaly topar-topar edip adamlar ýarym sagat onuň ýanyna salnyp, soňra nobat boýunça indiki topar giripdir. Halypa ýazyjy adamlar bilen ýarygijä çenli söhbet edipdir, Indi ýatmaga çen boldy diýlenden soňra, märeke Berdi aga bilen hoşlaşypdyr. Şondan soňra Berdi aga Berdinazar, Muhammetoraz aga bilen galyp, bu üç ýegre dost hakyky derdinişipdirler. Berdi aga möňňürip aglap içini sowadypdyr. Ol: “Men neneň aglamaýyn, hakykaty aýdyp bilmedik. Meniň-biziň öz elimiz bilen ýazan zatlarymyz ýalan. Men on ýedi gezek soraga çekildim, gözüm gorkuzyldy. Men Mänede doguldym, emma aýdyp bilmedim. Meniň azan adym Berdimuhammet, emma muny hiç ýerde aýtmadym, görkezmedim. Şeýdip Berdi boldum. Gaýgysyz kakamlar (Gaýgysyz Atabaý göz öňünde tutulýar) bilen dogandan ileri dostluk gatnaşykdadygymyzy gizledim. Alladan däl, bendesinden gorkduk. Men Gaýgysyz kakamlara eden hyýanatym üçin kimden ötünç soraýyn. Gaýgysyz kaka, meni bagyşla. Sen hakda ýazan romanymda hem hakykaty ýoýdum”, Ýöne Gaýgysyz kakamyň bir diýeni ýalan çykdy. Gaýgysyz kakam: “Inim, SSSR ganyň üstünde gurlan döwlet, bu ýurt bir adam ömrüne ýetmän ýykylar. Ine, şonda döwleti bolan türkmeniň öz eli-öz ýakasy bolar. Inim gaýgy etme bu zatlar geçer diýdi. Emma bu diýdimzor döwletiň ýykylmajagy görnüp dur” diýip aglapdyr. Diňe Berdi aga däl, şol wagt SSSR ýene 19 ýyldan ýykylyp, türkmeniň öz eli, öz ýakasy bolup, Türkmenistan garaşsyz ýurt bolup, dünýäniň deňli-derejeli döwleti bolar diýilse, köpler ynanmazdy. Berdinazar ahun, Muhammetoraz aga halypa ýazyjyny köşeşdirmäge çalşypdyrlar. Berdi aganyň uzak gije agysy yzygider dowam edipdir. Berdi aganyň iki dosty jahan ýagtylyp ugranda, daňdan sagat 5 lere onuň bilen hoşlaşyp gaýdypdyrlar. 7-nji oktýabrda ertesi irden Berdi aga Ýazguly agaň aýaly-meniň enem Aksoltan Amannazar gyzyna: “Aksoltan gelin, agşam aglap-eňräp, size-de azar boldum. Ýöne men kakama hossar bolanyň nesliniň öýünde adamlar bilen razylaşmaly, derdinişmeli, düwün bolup duran derdiňi egismeli diýen netijä geldim. Meni bagyşlaň. Men bu zatlary aýdyp içimi sowatmasam armanly ölerdim. Indi ölsem armanym ýok” diýip, mäneliler bilen gadyrly hoşlaşyp gaýdypdyr. Bu wakadan soňra iki ýyla ýetmän, Berdi aga pany dünýä bilen hoşlaşypdyr. Berdi aga özüniň anyk terjimehalyny, Mäne baba kümmetinde beren sadakasyny halypa alym, mugallymyz Bäşim Şamyradowa hem gysgaçarak bolsa-da, gürrüň berip, “Men dünýäden gaýdýançam men hakdaky bu maglumatlary hiç ýerde aýtmagyn, ýazmagyn” diýip tabşyrypdyr. Ýalňyşmaýan bolsam, Bäşim Şamyradowam Berdi aganyň şol beren gürrüňlerine salgylanyp, bu halypa ýazyjynyň ömür-döredijiligi hakynda merkezi gazetlerimiziň birinde uly makala bilen çykyş edipdi. Men Berdi aga baradaky bu maglumatlary 1986-njy ýylyň sentýabrynda halypa ýazyjynyň ýegre dosty Berdinazar Hojanazar oglundan hem enem Aksoltan Amannazar gyzyndan ýazyp aldym. Bellik: Berdi aga aradan çykanda, adyny, atasynyň adyny Berdi Kerbaba ogly diýlip tutulmagyny haýyş edipdir. Onuň patasynda Berdi Kerbaba ogly diýlip doga-dileg edilipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |