19:10 Meniň bir kyssaly şygrymyň söhbeti | |
MENIŇ BIR KYSSALY ŞYGRYMYŇ SÖHBETI
Ýatlamalar
Meniň okuwçy ýyllarymam aram-aram raýon, oblast, hatda merkezi gazet-žurnallara hem gysgajyk kyssalam, şygyrlam çykardy. “Kolhoz uçguny” Kaka raýon (Ol wagtlar etraba raýon diýilýärdi) gazetiniň 1985-nji ýylyň fewral aýynyň ilkinji sanynda meniň “Magtymguly atamyzyň şygry nesillere nusga” atly gysgajyk kyssaly-şygrym çap edilipdi (Bu kyssaly şygrym soňra az-kem üýtgeşme bilen “Ýaş kommunist” gazetinde hem çap edildi): “Beýik akyldarymyz Magtymguly atamyzyň her bir şygry hemme türkmene, şol sanda bize ýaşlarymyza hem nusgalyk mekdepdir. Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan “Düşen günlerim”, “Joşa ýetdiň” ýaly ynsanyň ýaş aýratynlygyny beýan edýän goşgulary ýetginjek ýaşlaryň ylham çeşmesidir: On ikimden gitdim on üç ýaşyma, On tördümde geldim akyl-huşuma, On bäşimde gyzlar girdi düýşüme On altymda gaýnap joşan günlerim. Magtymguly atamyzyň bu paýhasly jümleleriniň häzirki zaman dowamy bolsa şeýle ýaňlanýar: Beýik atam geldim jahyl ýaşyma, Aýdyşyň deý gyzlar girdi düýşüme, Gyzlaram erkine goýan däldirin, Şeýdip menem girdim gyzlaň düýşüne.” Klas ýolbaşçyymyz Akmyrat mugallym meniň agzalan kyssaly şygrym çykan gazeti eline alyp, klasa girenden “Ýazkulyýew, tur ýeriňden, näme gyzlar seni düýşünde görýärmi” diýip, maňa ýüzlendi. Mugallymyň bu sözlerine klasdaşlarym gülüşdi. Gülki ýatyşandan soňra, menem duran ýerimden “Ýoldaş mugallym, şygry doly okap, oňa bitewi baha bermeli, onsoňam meniň bu şygrym mekdebiň diwar gazetine däl-de, raýon gazetimize çykdy” diýdim. Halypa mugallymyz meniň bilen doly ylalaşdy. Men bu wakadan on bäş ýyl soňra dördünji synpdan tä mekdebi tamamlaýançak klas ýolbaşçymyz bolan halypa Akmyrat mugallymyzyň ýalňyz Gunça atly gyzyna öýlendim. Häzir biziň bagtly maşgalamyzda üç çagamyz, uly gyzymdan iki agtygymyz bar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |