19:42 Kommunistler gaýdyp gelýär | |
KOMMUNISTLER GAÝDYP GELÝÄR
Publisistika
Kreml barha güýçlenýän Kommunistik partiýany paltalamaga synanyşaýsa, sosial partlama howpuny artdyrar. Olara basyş etmese-de, seresap bolmaly güýje öwrülip biler. Surat: Sankt-Peterburgda Beýik Watançylyk uruşynda wepat bolanlaryñ hatyralanýan wagty Bir ýyl mundan öñ işleýän ýerim bolan Amerikan uniwersitetinden bir aýlyk otpuskamy alyp, dogduk depäm Moskwa gitdim. Aýak basan ýerim söz azatlygynyñ nusgasy hasap edip boljak ýer-ä däl, ýöne şonda-da belli bir derejede azatlyk bar hasap etse boljakdy. Oppozisiýanyñ ýolbaşçysy Alekseý Nawalnyý ýurdy aýlanýardy we Kremliñ oýunjagyna öwrülmedik syýasatçylar üçjn halkdan goldaw almaga synanyşýardy. Köpçülikleýin halk çykyşlary guralýardy. Garaşsyz raýat-jemgyýetçilik guramalary işlerini dowam etdirýärdi. Žurnalistleriñ we syýasy analitikleriñ hemmesi Kreml bilen bir hatarda duranokdy. Kommunistik partiýa birnäçelerine geçmişde galan ýatlama ýaly bolup görünýärdi. Şol günden bäri Nawalnyý türmä salyndy, onuñ başyny çekýän protest demonstrasiýalary basyp ýatyryldy. Nawalnynyñ guran korrupsiýa garşy göreş fondh "ekstremizmde" aýyplanyp, kanuna garşy iş alyp barýan fond hasaplandy, fonduñ agzalarynyñ garşysyna ýa derñew işi gozgaldy ýa sürgüne ugradyldy. Her gün diýen ýaly bir žurnalist, mediýa organy, adam hukuklaryny goraýjy ýa-da garaşsyz gurama ýa-ha "daşary ýurduñ içalysy" ýa-da has beteri "ýurtda islenmeýän adam" ýa bolmasa gurama yglan edilýär. Soñky bir ýylda Russiýanyñ azatlyk ulgamynyñ daşyna çykmagy çaltlandy, emma munuñ özi aslynda elmydama bolaýmaly ähtimallykdy. Mysal üçin, "daşary ýurduñ içalysy" aýyplamalaryny mümkin kylan kanun 2012-nji ýylda güýje giripdi, maksat ýurduñ daşyndan pul goldawyny alyp "syýasy iş alyp barýan" guramalaryñ we adamlaryñ el-aýagyny baglamakdy we güýçden gaçyrmakdy. Emma kanunyñ ýerine ýetirilişi gitdigiçe baş-başdaklaşdy, häzir ýönekeýje "retweet" hem "daşary ýurduñ içalysy" tagmasyny almagyñyz üçin ýeterlik sebäp bolup bilýär. ("Ýurtda islenmeýän adam" bolanyñyzda bolsa, doly bikanun adama öwrülýärsiñiz). Diñe şu ýyl "daşary ýurtly içalylaryñ" sanawyna 101 täze adamyñ ýa-da guramanyñ ady girizilip, bu boýunça rekord täzelendi. Sanawdaky jemi 359 adamyñ 88-i mediýa bilen baglanyşykly adamlar we guramalar. Rus hökümetiniñ pikiriçe bu "içalylaryñ" sanawda ýer almagy gerek, sebäbi olar "döwlet syýasaty boýunça täsirli güýje eýe". Elbetde, syýasata täsiriñi ýetirmek žurnalistligiñ hem-de ideologlygyñ esasy maksatlarynyñ biri. Mesele-de şunda: Prezident Putin az wagtyñ içinde rus syýasatyny aýasyna aljak pozisiýa ýerleşenem bolsa, tankydy häzirem ekstensial howp hökmünde görýär. Şular ýaly ähli basyp ýatyrmalaryñ we zulumyñ ortasynda ýan bermedik Kommunistik partiýa Kremliñ ýeke-täk bäsdeşine öwrüldi. Köp derejede Nawalnynyñ - saýlawçylary Kdeml tarapyndan goldanan kandidaty geçme ähtimallygy iñ ýokary adama ses bermäge çagyran - "akylly ses" strategiýasy arkaly kommunistler geçen aýdaky umumy we ýerli saýlawlarda gowy netije gazandylar. Resmi görkezijiler Kommunistik partiýanyñ Duma saýlawlarynda 18,9%, Kremliñ "Единая Россия" partiýasynyñ bolsa 49,8% ses alandygyny aýdýar. Emma kommunistler netijeleri hasap etmedi. Olar saýlawlarda galplyk edilýändigini öñe sürýär. Hakykatdanam, käbir hünärmenler olaryñ 30%, "Единая Россия"-nyñ bolsa 35% töweregi ses alan bolmalydygyny çaklaýar. • Putinden has “sylagly” Görnüşine seretseñ, edil häzir köp sanly rus üçin kommunistleriñ Putinden hormat-sylagy has uly. Ýöne ol birmahalky Kommunistik partiýa däl. Dünýewi keýpi-sapalardan daşda durmak bilen hiç hili ýakynlygy ýok partiýa agzalaryny indi sütük paltoly, daşary ýurtlara syýahat edýän, daşary ýurt awtoulaglaryny münýäm, sosial mediýany ulanýan ýagdaýda görüp bolýar. Olaryñ arasynda indi ekerançylykdan jogapkär karizmatiki (we geçen aýdaky saýlawda kandidaturasy gadagan edilen) Pawel Grudinin ýaly millionerler bar. Partiýanyñ başynda şindizem ýetmiş ýedi ýaşly goja Gennadiý Zýuganow otyr, emma ýaş partiýalylaryñ goldawy we kesgitleýji güýji barha artýar. Nikolaý Bondarenkonyñ üstünde durup geçeliñ. "Gyzyl Nawalnyý" lakamly 36 ýaşly Bondarenko 2018-nji ýyldaky wagtlaýyn pensiýa reformasyny gazaply tankyt edipdi. Soñra ministrleriñ biri ruslaryñ aýda 3 müñ 500 rubla (50 dollar) "gowy eklenip" bilýändigini aýdanda, Bondarenko onuñ ýalñyşýandygyny görkezmek üçin "YouTube" kanalynda subutnamalar görkezip çykyş etdi. Bondarenko saýlawlara gatnaşmakdan gadagan ediljekdigi barada atylýan haýbatlara garamazdan, geçen aýdaky parlament saýlawynda kandidaturasyny goýup bildi. Nawalnynyñ "akylly ses" sistemasyndan alýan goldawyna garşylyklaýyn "Единая Россия" partiýasynyñ kandidatyndan ýeñildi. Emma onuñ mümkinçiligini äsgermezlik eder ýaly däl: Ýakynda ol ýene protest demonstrasiýasynyñ başynda göze ildi we "Единая Россия"-ny "döwleti we hökümeti basyp almakda" aýyplady. Birem 43 ýaşly Anastasiýa Udalsowa bar. Olam Bondarenko ýaly soñky saýlawda garaşylmadyk ýagdaýda ýeñildi. Emma onuñ meşhurlygy dowam edýär, hatda artýar. Ösüp barýan ýene bir syýasatçy Ýekaterina Engaliçewa bolsa "akylly ses berişlik" arkaly 2019-njy ýylda Moskwa şäheriniñ Mejlisine girdi. • “Ýeke-täk adam” tankydy Kommunistik partiýanyñ häzirkizaman görnüşiniñ geçmişe bolan küýsegi ýañzydýandygy nähili ironiýa: 1917-nji ýylda Leniniñ bolşewikleri gazaply ýaly bolup görünse-de merhemetli we akylly-başly döwlet tarapyndan üpjün ediljek adalaty we deñligi wada berýärdi. Üstesine edil Nawalnyý ýaly häziriñ kommunistleri-de halkyñ "ýeke-täk adamyñ" ynjyk hüý-häsiýetlerine tabyn edilmeli däldigi baradaky öñdengörüjilikli we durnukly syýasaty hödürleýär. Kremliñ ähli garşydaşlarynyñ gitdigiçe güýçlerini birleşdirmegi-de ýene şol mantyga goldanýar: Putiniñ "Единая Россия"-sy bilen gidişip biljek hakyky "Bitewi Russiýa" şu. Şeýle çemeleşme Russiýa mahsus däl. Çehiýa Respublikasyndaky soñky parlament saýlawlarynda "Çehleriñ Trampy" diýlibem tanalan Andreý Babiş oppozision toparlaryñ dürli-dürliliklerini bir gyra zyñyp "Bilelikdelik koalisiýasyna" ýeñildi we premýer-ministrligi elden giderdi. Koalisiýanyñ ýolbaşçysy Pýotr Fiala başga bir oppozision koalisiýa bilen birlikde täze hökümetiñ başyna geçjege meñzeýär. Fialanyñam aýdyşy ýaly, "halk populist liderden bizar bolupdy" we "adaty, akylly-başly, oñyn syýasy ugurlaryñ" ýöredilmegini isleýärdi. Wengeriýada hem oppizisiýa öñümizdäki ýyl geçiriljek umumy saýlawlara ýeke-täk premýer ministr kandidaty we ýeke-täk sanaw bilen girmäge taýýarlanýar. Elbetde, Çehiýa respublikasynda entek demokratiýa bar, ýagny Babiş oppozisiýanyñ hataryna geçmegiñ taýýarlygyny görýär. Putini kürsüsinden düşürmek bolsa beter kyn bolar. Sebäp Kommunistik partiýany çökertmäge synanyşýan has berk çärelere garaşyp bolar. Emma beýle çemeleşmeler Kreml üçinem howply. Prezident Putin rus demokratiýasynyñ "ölmändigini" öñe sürýär we muña delil hökmünde ýurtdaky "janly oppozisiýany" görkezýär. Diýmek, Russiýany totalitarlyga tarap alyp gitmezligi, iñ bolmanda alyp gitmeýän ýaly bolup görünmegi öz bähbidine saz hasaplaýar. Putiniñ bar aladasynyñ durnuklylykdygyny aýdýar. Emma Putiniñ režimi Russiýany gitdigiçe durnuksyzlaşdyrýar. Kreml edil Russiýadaky liberallara garşy edişi ýaly, kada-kanuny öz islegine görä ulanyp, barha güýçlenýän Kommunistik partiýany paltalamaga synanyşaýsa, sosial partlama howpuny artdyrar. Olara basyş etmese-de, seresap bolmaly güýje öwrülip biler. Nina HRUŞÝOWA. "OKSIJEN" gazeti, 29.10.2021 ý. © Project Syndicate. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |