18:46 Ruslaryñ tabynlyga bolan meýiljeñligi | |
RUSLARYÑ TABYNLYGA BOLAN MEÝILJEÑLIGI
Publisistika
SSSR-iñ Stalinden soñky döwlet ýolbaşçysy Nikita Hruşýowyñ agtygy Nina Hruşýowa awtokratik dolandyryşyñ astyndaky rus halkynyñ özüni alyp baryş taraplary barada ýazýar Mundan tegelek otuz ýyl öñ şu aý yñdarma kommunistlerden ybarat topar Moskwany eýeläp, sowet lideri Mihail Gorbaçýowy Krymdaky daçasynda öý tussaglygyna alypdy. Gorbaçýowyñ syýasy-ykdysady reformalaryna, ýagny, "üýtgedip gurmak we aç-açanlyk" syýasatyna garşy bolandyklary üçin olar hökümeti agdarjak bolupdylar. Emma üç günden soñ döwlet agdarlyşygy şowsuzlyga uçrady. Şol ýylyñ ahyrynda Sowet Soýuzy-da dargapdy. Russiýanyñ döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putiniñ häkimiýet başynda oturan ýigrimi ýyllyk döwründe hökümeti agdarmaga edilen bu herekete bolan garaýyşam doly üýtgedi. Döwlet agdarlyşygyna edilen şol synanyşyk edil häzir rus harbylarynyñ sowet duşmançylygy bilen dargap barýan döwleti halas etmek üçin eden işi hökmünde görülýär. Täze pikir soralşygyñ netijeleri Moskwanyñ tankly birlijker bilen eýelenen we döwlet telewideniýelerinde zol "Guw kölüniñ" goýberilen şol galagoply günlerini indi ruslaryñ zordan ýarsy ýadyna düşürip bilýär. Kreml şol günleri ýada saldyryp biljek hiç zat etmändigi üçin häzir halkyñ bary-ýogy ýedi prosenti bolup geçen wakalary "demokratiýanyñ gazanan ýeñişi" hasaplaýar. Elbetde, döwlet agdarlyşygynyñ gönüden-göni yza serpikdirilen we Russiýa Federasiýasynyñ gyzyl, ak, mawy reñkli baýdagynyñ sowet gyzylynyñ ýerini alan güni her ýyl baýram edilip bellenýr. Emma azat Russiýa üçin alnyp barylan göreşi ýatlama maksatly dabaralary diñe liberal partiýalae, adam hukuklary boýunça aktiwistler we biziñ günlerimize çenli ölmän galan az sanly oppizisionerler geçirýär. Putin bolsa şu günki güne çenli şol dabaralara ýeke gezegem gatnaşmady. • Mediýany jansyzlykda aýyplamak Aslynda döwlet agdarlyşygyna garşy gazanylan ýeñşiñem agdarlyşygyñ özi ýaly şowsuz bolandygyny aýdyp bileris. Netijede häzir Russiýa üçin iñ soñky aýdyp boljak zat onuñ azat ýurdugy. Putine, hökümete ýa-da buthana garşy hasaplap bolaýjak haýsydyr bir zat ýazýan, asýan ýa-da paýlaşýan islendik kişä tussag astyna alynma howpy abanýar. Putine "Abadan we bagtly durmuşymyz üçin size näçe sagbolsun aýtsagam az bolar" diýmekden başga bir zat diýmäge synanyşaýsañyz, mañlaýyñyza "bäşinji goluñ agzasy", "daşary ýurduñ içalysy" ýa-da "howply ekstremist" tagmasy ýapyşdyrylaýmagy daşda däl. Raýat jemgyýeti zordan dem alýar. Mysal üçin, "Дождь ТВ" daşary ýurtdan ýeke köpük almaýandygyna garamazdan, "daşary ýurduñ içalyçylygyny" etmekde aýyplanýar. • Nawalnyý wakasy Elbetde, Putini Staline meñzedip bilmeris. Häzir 37-nji ýyldaky ýaly adamlar köpçülikleýin ýagdaýda sud edilenok. Emma Gorbaçýowyñ döwründe oppozisiýa bolan hoşgylawlylyk häzirkisinden has köpdi. Isleseñiz, toslama jenaýatlar bilen türmä salynan, korrupsiýa garşy aklawjy we Putiniñ görnükli garşydaşlaryndan bolan Alekseý Nawalnydan sorap bilersiñiz. Nawalnynyñ "ekstremistik topar" diýip garalanyp dargadylan Korrupsiýa garşy göreş fonunda işlän we fondyñ hasabyna pul geçirendigi üçin polisiýa çagyrylan islendik kişidenem sorap bilersiñiz. Ähli bolup geçýän zatlara ruslaryñ köpüsi onçakly garşylyk görkezmedi we aslynda bulam ullakan garaşykmadyk zat hasaplanmaly däl. Durnuklylygy sylaglandyrmak, hatda durnuklylyk üçin belli bir derejede azatlygy pida bermek meýili uzak wagtlap sowet döwründäki we ondan soñky döwürdäki ugur-utgasyzlyga we kynçylyklara jogap hökmünde görüldi. Ruslar häzir otnositel asudalykda we bolçulykda ýaşaýar. Birnäçesiniñ nesibesi hijem şumatkysy ýaly çüwmändi. Eýsem-de bolsa, nämüçin häzirem şunça adam özlerine diktatoryñ baştutanlyk etmelidigine ynanýar? Russiýanyñ owalkysy ýaly supergüýç däldigi dogry. Emma ýurduñ halky daşardan abanyp biläýjek howp-hatarlara garşy olar ýalam goragsyz-garawsyz däl. Putiniñ Krymy düzümine birikdirmek we başga ýurtlardaky saýlawlara goşulmak ýaly supergüýç statusyny "gaýdyp almak" tagallasy ýönekeý rus raýatynyñ howpsuzlygyny artdyrmaýar ýa-da durmuşyny gowulandyrmaýar. Gaýtam düýbünden tersine ýaramaz täsiri bar. • Goñşym bimaza boldy Şeýle-de bolsa, ruslar putinizme boýun sunmagy dowam etdirýär. Geçen ýul Nawalny tussag edilende, ejemiñ Moskwadaky öýüniñ penjiresine "Nawalnyny boşadyñ" ýazgysyny asyp goýdum. Az wagtdan soñ intellektual düşünjeli orta ýaşly goñşulary menden ýazgyny aýyrmagymy haýyş etdi. "Gereksiz ýere ünsi çekmek islämzok" diýdiler. Ortalyk ýol tapmak üçin birinji ýazgymyñ ýerine has oýlanyşykly, has giñ pikirli wersiýasyny asdym: "Putiniñ garşydaşlaryny boşadyñ". Ýene geldiler we polisiýa habar etjekdiklerini aýdyp, sypaýyçylykly haýbat atdylar, bir ýandanam meniñ tarapymdadyklaryny bilmegimi isleýärdiler. "Iñ soñy meniñ bilen pikirdeş bolsañyz, tutuş jaýy Nawalnynyñ tarapyny tutýan ýazgylardan doldurmak gerek" diýip jogap berdim. Eger şeýtsek, hemmämizi tussag edip biljek däldiler. Goñşular ylalaşmady. Gapy-gapy aýlanyp goldaw gözledim, ýöne barybir polisiýa jañ etjekdiklerini aýdýan haýbatlara uçradym. • Nobel baýragyna mynasyp bolan ýazyjy Çeh ýazyjysy Çeslaw Miloş 1953-nji ýylda ýazan "Tussag edilen akyl" («Порабощенный разум» / "Zniewolony umysł") eserinde bu ýagdaýyñ üstünde durup geçýär. Kitap Stanisław Ignasiý Witkewiçiñ 1930-njy ýylda ýazan "Doýdum-dolmazlyk" ("Nienasycenie") romanynyñ üstünde edilen jedel bilen başlaýar. Ýerleri basylyp alynan polýak halkyny garaşsyzlyk pikirinden el çekdirmek maksady bilen "bejergi" üçin "Murti-Bing" atly gerdejikler berilýär. Derman öz-özüñden göwnühoşlyk we boýunsunujylyk döredýär, beýleki bir ýandan belli bir derejede kognitiw utgaşyksyzlygy zor bilen boýna dakyp birnäçe wagtyñ içinde adamlaryñ iki dürli adam bolmagyna getirýär. Ejemiñ Moskwadaky goñşulary şol kitapdaky gahrymanlara meñzeýärdi. Bir ýandan Nawalnyý bilen pikirdeşdiklerini aýdýarlar, bir ýandanam ony aç-açan goldajak bolýan adamyñ üstünden polisiýa arz etjekdiklerini aýdyp haýbat atýardylar. Ýazyjynyñ pikiriçe, totalitar režimlerde ýaşaýanlar Günbatar demokratiýalarynyñ aşa azatdygyny pikir edýär, hasam beteri kanunlaryñ we hak-hukugyñ güýji döwleti dolandyrýanlara-da deñ ýöreýän bolsa dagy, şol ýurtlarda durnuksyzlygyñ we baş-başdaklygyñ orta çykjagyna ynanylýar. Häzir haýsy rus teleýaýlymyny açsañyz, şuña meñzeş pikire gabat gelip bilersiñiz. Miloş adamlaryñ diýdimzor agalyga boýun egmeginiñ ýeke-täk sebäbiniñ gorky däldigine yşarat edýär. "Içki utgaşyk we bagtly durmuşa bolan ymtylyş" halky ruhlandyrýar, awtoritar ýolbaşçylar bolsa bu ýagdaýdan peýdalanmak babatda diýseñ başarnykly. Putinem bu işiñ at gazanan ussatlaryndan. Iñ erbet ýerem, şeýle ýolbaşçylar aslynda wada beren gowy durmuşyny berip bilmeýär. Russiýa günleriñ bir güni Putin belasyndan dynaýanda-da, ruslar "Murti-Bing" gerdejigini ulanmakdan ýüz öwürmese bolmaýar. Gorbaçýow ýa Nawalnyý ýaly biriniñ orta çykyp, ruslary örüzip bir demde ukudan oýarmagyna garaşmak akla-huşa sygjak zat däl, sebäp munuñ soñunda birküç hepdeden ýa aýdan soñ ýene täzeden uka çümerler. Azatlуk üçin her gün, her sagat göreşmek gerek. Otuz ýyl öñ Gorbaçýow ruslary kommunizm zyndanyndan çykarypdy. Nawalnyý putinizmiñ soñundaky ýagtylygy görkezmek üçin batyrgaý göreşdi, ýöne ol häzire çenli köp adam tarapyndan görmezlige salyndy. Baýram edilip bellenýän wakanyñ ýalñyş ýatlanmagyndan almaly bir sapak bar: Añynyñ tussag edilendigine begenýän halk azat jemgyýet gurup bilmez. Nina HRUŞÝOWA. © Project Syndicate, 2021. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |