06:59 "Mao Szedun atamdan ýadro ýaragyny haýyş edipdi" | |
"MAO SZEDUN ATAMDAN ÝADRO ÝARAGYNY BERMEGI HAÝYŞ EDIPDI"
Publisistika
Mao Szedun garry atam bolan sowet lideri Hruşýowdan Hytaýa ýadro ýaragyny bermegi haýyş edipdi. Şeýtmek bilen ol ýurduñ içindäki we daşyndaky garşydaşlaryny zamuna alyp biljekdi Russiýanyñ prezidenti Wladimir Putiniñ Ukraina garşy ur-tut çozma karary her dürli syýasy mantyga, hatda öz awtoritar akyl ýöretmesine-de garşy gidýär. Ol bu çozuşy bilen irrasional tiranlar zynjyrynyñ soñky halkasy boldy. Şeýle tiranlaryñ sürübaşylarynyñ biri-de häkimiýetini dowam etdirmek üçin ony yzygiderli giñeldip durmalydygyna ynanýan Iosif Stalindi. Bu mantyk Stalini öz halkyna zulum etmäge iteripdi, onuñ sebäp bolan gahatçylygy zerarly millionlarça ukrainaly açlykdan ölüpdi. XX asyryñ ýene bir köpçülikleýin genosidçisi Mao Szedunam bilnişi ýaly syýasy häkimiýetiñ ýarag didiwanynda, ýa-da görünişine görä, ýadro raketasynda ulalandygyny yglan edipdi. Szedun garry atam bolan sowet lideri Nikita Hruşýowdan Hytaýa ýadro ýaragyny bermegi haýyş edipdi. Şeýtmek bilen ol ýurduñ içindäki we daşyndaky garşydaşlaryny täsirli ýagdaýda zamuna alyp biljekdi. Moskwada uruşy ýazgaryp çykyş edenleriñ ýoluny jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün edýän polisiýa işgärleri baglady, köp sanly raýat tussag astyna alyndy. Fotosurat: Aleksandr Nemenow / Getty Images • Düýp maksady näme? Putiniñ Ukrainada edenlerini diñe şoñka pikirdeş kelle bilen düşündirip bolar. Ukrainany "nasistsizleşdirjek" bolýanyny aýdýar, emma onuñ bu aýdýanynyñ esassyzdygy görnüp dur, sebäp diýseñ, meselem, Ukrainanyñ prezidenti Wladimir Zelenskiý milleti boýunça jöhit. Ýogsa-da, Putiniñ ahyrky maksady näme? Ukrainanyñ harby infrastrukturasyny ýok edip, NATO-ny jezalandyrmakmy? Zelenskini häkimiýetden agdaryp ýa-da Fransiýanyñ Ikinji jahan uruşy wagtyndaky ýaly soýuzdaş lideri Filippe Petainiñ ukrainaly wersiýasyna öwrüp, oýnatgy hökümet gurmakmy? Bu soraglaryñ jogaby hawa bolup biler. Emma Putiniñ Ukrainany basyp almakdaky hakyky sebäbi has az pragmatiki we has az gaýga goýýar. Görünişe seredilende, Putin Russiýanyñ öz kesgitlän täsir meýdanyndaky supergüýç statusyny yzyna almaga gönügen egosy bilen niýetlän pyglyna boýun egene meñzeýär. Putin aslynda Ýalta we Potsdam konferensiýalary ýaly duşuşygyñ arzuwyny edýär. Onuñ arzuwy beýleki supergüýç liderleri bilen, ýagny, ABŞ-nyñ prezidenti Jo Baýdendir Hytaýyñ prezidenti Si Szinpin bilen duşuşyk geçirip, dünýäni paýlaşmak. Şeýtmek bilen özi we täze soýuzdaşy Szinpin megerem Günbataryñ täsir meýdanyny azaltmak we Russiýañkyny ep-esli möçberde giñeltmek üçin güýçlerini birikdirer. Nobel baýragyna mynasyp bolan dissident ýazyjy Aleksandr Solženisyn ýaly Putinem Russiýanyñ, Ukrainanyñ, Belarusyñ, şol sanda Gazagystanyñ rus ilatly oblastlaryny öz içine alýan "rus bileleşigini" gurup, rus medeniýetiniñ oñurgasy bolan prawoslaw-hristian rus patyşalygyny janlandyrmagyñ arzuwyny uzak wagt bäri dilinden düşürmän gelýär. Ukraina okkupasiýasy iñ gyzgyn günlerini başdan geçirip ýörkä beýleki öñki sowet respublikalary-da gaýgylanmaga başlady. Emma Putiniñ Azerbaýjanyñ prezidenti Ylham Alyýewi arkaýyn etmek üçin aýdyşy ýaly, Russiýa "öñki imperiýanyñ çäklerinde imperiýany täzden gurmagy meýilleşdirmeýär". Onuñ bar aladasy öz gözegçiliginde bolmaly halyna esassyz ýere "başga ýurtlara" öwrülip barýan slawýan ýurtlary bilen. Putin Solženisynyñ arzuwyny amala aşyrmaga çytraşsa-da, onuñ geçirýän harby operasiýalary aslynda bu arzuwdan daşlaşandygyny añladýar. Solženisynyñ özem dälibaş nasionalizminiñ bardygyna garamazdan, esasy ahlak gymmatlyklarynyñ üstüne hiç wagtam doly atanak çekmändi. Geçmişiñ gatlarynda galan Russiýany janlandyrmagy hernäçe islände-de, Solženisyn munuñ üçin ukrainalylaryñ (we ruslaryñ) duçar bolan gyrgynçylygyny goldar öýtmek mümkin däl. Görşüñiz ýaly, putin bir ýandan-a Ukrainany jandan söýýändigini aýdýar, bir ýandanam rus goşunlaryna ukrain şäherlerini bombalamagy buýurýar. Putin indi soñuny saýanok Görünişine görä, Putin özüne Hytaý arka durar öýdýär. Emma onuñ okkupasiýasy Pekinde Szinpin nilen ýaranlyk ylalaşygyna meñzeş gepleşik geçirenden birküç hepde soñ başlandygyna garşylyklaýyn hytaýly ygtyýarlylaryñ "oýlanşyklylyga, sowukganlylyga" çagyrýan beýanatlary bilen bezelen nägilelikleri diýseñ seresaply durýar. Putiniñ ABŞ-nyñ öñbaşçylygyndaky halkara düzgüne kelle süsende doly diýen ýaly Hytaýa bil baglandygy pikir edilende, Szinpine ýalan sözlemegiñ syýasy ýa-da strategiki artykmaçlyk gazandyrmajagy belli. Howatyrlanmalar-da doly şu ýerden döreýär: Putin liderleriñ karara gelme proseslerine ýolbaşçulyk etmegine garaşylan hasaplamalary indi etmeýän ýaly bolup görünýär. Hytaý bilen deñ şärikdeş bolup bilmekden entek-entekler uzakdaky orunda duran Russiýa Hytaýa elgarma döwlet bolmaga tarap barýar. Ukraina okkupasiýasy başga ýaranlaryny we goldawçylaryny-da Putinden daşlaşdyrdy. Çehiýa Respublikasynyñ prezidenti Miloş Zeman we Wengeriýanyñ premýer-ministri Wiktor Orban ýaly Günbatardaky iñ wepaly müritlerinden käbirleri okkupasiýany ýazgardy. Belki-de, iñ möhümi, Putiniñ was-wasa esaslanýan gowurlarynyñ ruslary-da özünden daşlaşdyranlygy. Ukraina garşy wagşyýana hüjümi bilen ol onlarça ýyllap dowam edip gelen sosial-ykdysady öñegidişligi pida etdi, ruslaryñ geljege bolan arzuw-umytlaryny ogurlady. Russiýa indi onlarça ýyllap global garamaýaklygyna galar. • Sesleriñ hiç hili gymmaty galmady Bolup-geçýänler barada maglumat almak üçin Kiýewdäki tanşyma jañ etdim. Ol maña blindažlaryñ (ýerasty gaçybatalgalaryñ) açylandygyny, adamlaryñ metro stansiýalarynda ýatyp-turýandygyny aýdyp berdi. Igençli äheñde "Edil Beýik Watançylyk uruşynda bolşy ýaly" diýdi we "uruşyñ berip biljek zyýany hakda şunça köp gürlän adamyñ doganlyk ýurda uruş yglan etmeginiñ" nähili haýran galdyryjydygyny aýtdy. Soñra ol soragyny maña ýöneltdi: "Näme bolýandygyny sen maña aýt. Bu faşisti saýlaýan siz ruslaryñ özi". Onuñ ýagdaýyna düşünse bolaram welin, gaty bir dogry hasaplap bolmaz. Ilkibaşda ruslaryñ Putini saýlandygy dogry, emma soñky ýyllarda halk diñe onuñ häkimiýetine boýun egýär, sebäbi indi saýlawlarda berýän sesleriniñ hiç hili gymmaty, hiç hili güýji ýok. Şuña meñzeş görnüşde ruslaryñ 73%-niñ Putiniñ Ukrainada edýänlerini goldaýandygy hakdaky aýdylýanlar boş propogandadan ybarat. Tussag etmelere we polisiýanyñ görkezýän zorluklaryna garamazdan rus şäherlerinde müñlerçe adam bir ýere jemlenip, "Ýok bolsun, uruş!" diýip bilýär. Ruslar bu gezek sessizje razy boljaga meñzemeýär. Öñümizdäki günlerde we hepdelerse dünýä ruslaryñ bu uruşy islemeýändiginiñ täze alamatlaryny görüp biler. Stalin ölýänçä stalinçilik ölmändi. Szedunçylyk üçinem şeýle boldy. Putinizm hem şeýle bolaýarmyka? Nina HRUŞÝOWA. "OKSIJEN" gazeti, 04.03.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |