07:19 Üçünjisi bolmajak zat däl | |
ÜÇÜNJISI BOLMAJAK ZAT DÄL
Publisistika
Düýp betbagtlyk möjegiñ hakykatdanam gelmegi, ýagny Russiýanyñ Ukraina uruşynda ýeñilmegi ýa-da ýeñmegidir Okan zatlarym uly Jorj Buşyñ tekepbir adam bolandygy hakda pikirleri beripdi. Şonuñ üçin ABŞ-nyñ prezidenti bolup işlän soñky ýerinde ol haksaky habarlary eşitmekden we bilmekden gaça durdym. Sowet Soýuzy çökende onuñ tekepbir we ýañsylaýjy görnüşde özüni alyp barjagyny duýdum. Mihail Gorbaçýow ýurdunyñ başyna düşen kyn ýagdaýy üçin ABŞ-dan kömek soramak maksady hilen Waşingtona gidende, Buşyñ bolşuny synlarym we bulara garşy tekepbirlikdir ar alyş duýgularynyñ garyşandygyny gördüm. Häzirkizaman ýewropa taryhynyñ tanymal şahslaryndan görnükli iñlis ýazyjysy Timoti Garton-Eşiñ "Homelands" kitabyny okaýaryn. Kitabyñ Berlin diwarynyñ ýykylmagy baradaky bölüminde birnäçe syýasatçynyñ Jorj Buşa Günbataryñ ýeñşini gutlasa gowy boljakdygy hakda aýdandygy, ýöne onuñ muña garşy çykandygy gürrüñ berilýär. Awtoryñ pikiriçe ol ýeke-täk bir zady gaýgy edipdir: Gorbaçýowy esasanam halkynyñ öñüne kiçeltmezlik. Ikinji gaýgysy bolsa, rus halkyny kiçeltmezlikdi! Iki lideriñ duşuşan Malta ýygnanyşygy barada Gorbaçýow şeýle diýdi: - Jorj maña "Mişa, Berlin diwarynyñ üstünde tans etme pikirim ýok" diýdi. Elbetde, tutuş Ýewropa şol wagtlar diwaryñ daşlaryny ýumrup tans edýärdi, ýöne menem ilkinji tans edeniñ birmahallar Sowet Soýuzyny ýok etmäge dyrjaşan MRU-nyñ öñki direktory Buş boljagyna ynanan millionlarça adamyñ biridim. Hemmämiz ýalñyşdyk. Döwlet ýolbaşçylaryna bular ýaly ownuk hereketleri etmek gelişmeýär. Buş ýeñiş begenjini içinde saklamagyñ gerekdigini duýdy, çünki onuñ muña begenýändigini bildirmegi birgiden konfliktleri döredip biljekdi. Şonsuzam bu örän möhüm taryhy pursat bolandygy üçin muña özüni kiçeldip girse bolmaýardy. Emma ol taryhy pursat bir ýerde durmady. Diwaryñ ýykylmagynyñ yzyndan nemesler täzeden birleşdi. Ýewropa bileleşigi ulaldy, toýlar tutuldy, ýöne taryhyñ tekiz çyzykdygyna kim kepil geçip biler? Bu begençler ýerini Angliýanyñ bileleşigiñ düzüminden çykmagyna, Wengeriýada totalitar režimiñ gurulmagyna, Ukrainada Ikinji jahan uruşyndan bäri bolup geçen iñ gandöküşikli uruşa berdi. Ýewropanyñ iñ garyp ýurdy bolan Ukrainany täzeden abadanlaşdyrmak üçin azyndan 500 milliard dollar gerek bolar. Öñ kommentatorlar üçünji jahan uruşynyñ turma ähtimallygyna garşy ýygy-ýygydan duýduryş beren bolsa, indi Wladimir Putin ýetip gelýän otlynyñ sagadynyñ gürrüñini edýän ýaly üçünji jahan uruşyna garşy duýduryş berýär. Syýasatçylar mundan hamana diñe wagt geçirmek üçin edilen nutuk ýaly söz açýarlar. Dünýä liderleri metbugat ýygnanyşyklarynda we bolýan saýlawlarda jahan uruşyna garşy duýduryş bermek bilen çäklenip bilerler, emma düýp betbagtlyk möjegiñ hakykatdanam gelmegi, ýagny Russiýanyñ Ukraina uruşynda ýeñilmegi ýa-da ýeñmegidir. Çünki şondan soñ diñe üçünji jahan uruşy galýar. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Duşenbe, 29.04.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |