12:27 Riýad signallary | |
RIÝAD SIGNALLARY
Publisistika
Tötänlikdenmi ýa-da bilgeşleýin edildi - Ak Tamdaky ofisine ýerleşmänkä geçirilen forum ABŞ-nyñ täze saýlanan prezidentine iberilen açyk signaldy. Saud Arabystanynyñ paýtagty Riýadda Arap we Yslam ýurtlarynyñ gatnaşmagynda Yslam Hyzmatdaşlygy guramasy (YHG) bilen Arap bileleşiginiñ nobatdan daşary forumy geçirildi / Fotosurat: AA Liwan graždanlyk urşunda Liwana ölüm ýaraglaryny ibermedik ýurt ýa tarap galmady. Käbirleri uruş bilen has ýakyndan baglanyşyklydy, şonuñ üçinem ýarag barsyny ugratdylar. Ýykgynçylygyñ, ölümiñ, bölünişigiñ bosagasynda bolsa azyk we derman serişdelerini ýollan Saud Arabystanynyñ ýük awtoulaglaryndan ybarat konwoýlar Beýruta geldi. Bu uruş tä patyşalyk taraplaryny Taif şäherine çagyryp, gapyny içinden ýapýança we olara Taif şertnamasy diýip atlandyran durnukly ýaraşyk şertnamasyna gol çekmeseñiz şu ýerden çykmarsyñyz diýýänçä mazarlaryñ we göçegçileriñ sanyny artdyrmagyny dowam etdirdi. Liwandaky arap urşy gutaryp-gutarmanka Saddam Hüseýin Kuweýte çozdy. Riýad Kuweýti halas etme urşuny birinjisi syýasy, ikinjisi Emir we halk bolup kuweýtlileriñ at-abraýyny goramak we üçünjisi harby taýdan üç ugurda alyp bardy. Soñra Beýrut forumynda Riýad Ýakyn Gündogarda paýtagty Gündogar Beýtulmukaddes bolan garaşsyz Palestina döwletine esaslanýan durnukly we ýeke-täk çözgüde gönükdirilen ilkinji arap synanyşygyny oñlady. Munuñ özi Saud Arabystanynyñ bir asyr öñ başlan we üýtgemän gelýän roly: Araplaryñ agzybirligi we howpsuzlygy. Patyşalygyñ ykdysadyýeti we bol-elin durmuşy. Forumda myhmanlar bu ýörelgäniñ kämilleşendigini we üýtgemändigini bildiler. Olar dünýä paýtagtlarynyñ arasynda seýrek gabat gelýän şäher gördüler. Patyşa arhitekturada öñbaşçylyklaryñ kerwenbaşysy bolmak bilen mirasdüşer şazadasy-da bu ýoly dowam etdirýär. Arap-Yslam forumy hemme ugra, araplara we jümle-jahana signallar berdi: kesgitlenen ugurlarda ýeke millimetr-de gyşarma ýom. Dürli görnüşde düşündirmeler, beýanatlar ýa-da akyl ýöretmeler ýok. Uly syýasatlar uzak wagtlaýyn maksatnamalara esaslanýar. Uzak wagtlaýyn maksatnamalarda bolsa wagtlaýyn meseleleriñ üstünde durulmaýar. Aýratynam şazada Muhammet bin Selman Ysraýylyñ Gazä we Liwana garşy hüjümlerini berk ýazgarmak bilen birlikde Eýranyñ territoriýasyna edilen hüjümleri-de ýazgardy. Gowy we oñşukly goñşulyk umumy talaplaryñ biri. Aýratynam iki mukaddes öýe eýelik edýän Riýaddan häzirki wagt adamzadyñ üçden bir bölegini emele getirýän halklarynyñ bähbitlerine ters gelýän hereket ýa beýanata bolmaz. Bu üçden bir bölek bulutly we ýagyşly howadan soñ açylan asmanda görlüşi ýaly forumda köp reñkli "älemgoşar" ýaly göründi. Emma häzirem sebitde asman köp sanly bulut zerarly garañky. Hakykat şu, bulutlar ikä bölünen ýaly bolup görünýär: biri abatlaýyş we gurluşyk işleri bilen doly, beýlekisi bolsa ýykgynçylyk, weýrançylyk we hasam erbedi, ýagny bulary dowam etdirjek bolma hötjetligi bilen doly. Tötänlikdenmi ýa-da bilgeşleýin edildi - Ak Tamdaky ofisine ýerleşmänkä geçirilen forum ABŞ-nyñ täze saýlanan prezidentine iberilen açyk signaldy. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 13.11.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |