09:13 Gorky indi bu tarapda | |
GORKY INDI BU TARAPDA
Publisistika
Mesele onuñ öz carçuwasynda galar: Dereksiz ýiten ogullarynyñ fotosuratlaryny elinde saklaýan eneler we ilkinji gezek arhiw galyndylaryny gözlemäge rugsat berilen atalar Diýdimzor sferalaryñ soñy köp ýerde birmeñzeş bolýar we zalymlyk, sütemkärlik, nigilizm derejelerine görä üýtgeýär. Her pese gaçyşlykda ar alma hyjuwy, gorky, adalatsyzlyk içre köýdürilen ömürleri täzeden dikeltme arzuwy bilen zalymlar we zulum edenler bilen äbede-jüýbe boluşma islegi kän duşýar. Ýaralanan synpyñ adamlary - ha olar gulçulyga we diýdimzorluga goşulmaga mejbur edilen bolsun, ha-da munuñ üçin ýalbarýan bolsun, munda işi rowaç alan we sadizminden keýp alýan bolsun, ahyrynda günäkärlik duýgusyndan halas bolup bilmeýärler. Nähili biri-birinden tapawutly bolsalar-da, ähli synplar hemme zady inkär etmäge synanyşýar. Ikinji jahan urşundan soñ birnäçe fransuz faşistik basybalyjylara ýaranlyk edendiklerine garamazdan, ýer astyndan göreşe goşulandyklaryny öñe sürdi. Şol döwür bularyñ iñ meşhury, ýaranlygyñ fransuzlaryñ haýryna edilendugi hakdaky ähli ynandyrmalaryna faramazdan fransuz taryhynda zähmetiñ simwolyna öwrülen marşal Petaindi. Bu barada hemişe aýdylyp gelinse-de, ynanýan ýok. Edil häzir Siriýada we Liwanda özlerini birdenkä günäkärleme we inkär etme ýagdaýyna düşen bir synp bar. Bularyñ uly böleginiñ döwletiñ özleriniñ bardygyndan bihabarlygyndan başga zat islemeýändigine şübhe ýok... Ýa-da doglan seneleriniñ undulmagyny... Şonsuzam bir ýerler bilen arabaglanyşygyñyz bolmasa, kärende şertnamasyna gol çekip bilmejegiñizi gowy bilýärler! Bu tebigy komponentleriñ arasynda zalym bir topar bardy. Özlerine berlen güýji zulum-zorluk, çakdanaşa sowha-sowluk we korrupsiýa üçin ulanan topar. Bular ýaly wakalaryñ yzyndan iki hili ses ýañlanýar: Biri ylalaşyga, oñşuklylyga çagyrsa, beýlekisi jezalandyrmaga çagyrýar. Birinji ses has haýyrly. Emma bagyşlap bolmajak ýa-da bagyşlanmaýan etmişler hem bar. Öñki prezident Beşşar Esad Şamdan çykyp gaýdan badyna garaşylşy ýaly hemme zat tersine boldy. Gurbanlaryñ ýakynlary Genran Tueni we Samir Kassir ýaly uly teraktlar üçin hut şony günäkät hasapladylar. Elbetde, bularyñ hemmesi agyr we öñi-ardy görünmeýän iş bukjalary. Edil häzir agyr ahwaly we ýasy başdan geçirýän Liwanyñ şeýle ululykdaky wezipäni ýerine ýetirip biljek mejaly ýok. Mesele onuñ öz carçuwasynda galar: Dereksiz ýiten ogullarynyñ fotosuratlaryny elinde saklaýan eneler we ilkinji gezek arhiw galyndylaryny gözlemäge rugsat berilen atalar. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Şenbe, 21.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |