19:39 Aýgytly wagtlardaky lakgyldylar | |
AÝGYTLY WAGTLARDAKY LAKGYLDYLAR
Publisistika
Syýasatçylar üçin hemişe başga saýlaw bar. Geplemegiñ zerurlygy ýok ýerinde gepläp oturmagyñ geregi ýok. Imisalalyk gowy bolanda nämüçin gowsuny edip dymanoklar? Ýoldaş Halid Meşal gaýtawul halkasynyñ çeken ýitgileriniñ "taktiki", Ysraýylyñ ýitgileriniñ bolsa "strategikidigini" aýdyp beren beýanatyny özi gaýtadan okadymyka? Şu iki sözi ömrümde ilkinji gezek okan wagtymdan bäri şumada çenli arasyndaky tapawudy ýa-da netijäni öwrenmäge synanyşýaryn. Anyklan ýeke netijäm strategiýanyñ taktikadan has wajypdygy. Şu netijä gaýtawul liniýasy geçmişde general Emil Lahuda öñ eşidilmedik "strategiki başlyk" adyny berende geldim. Ony watansöýüji, güýçli ýa-da adyl däl-de, strategiki başlyk diýip atlandyrýan bolsalar, onda strategiýa has ähmiýetli zat bolup çykýardy. Taktika we strategiýa bilen baglanyşykly birnäçe çykyşy, beýanaty, bildirişi okaýarys, eşidýäris. Bularyñ ulanylmagy, çykyş edýäniñ diñleýjisinden ýa-da okyjysyndan has sowatly we okumyşdygyny añladýar. Ýöne munuñ ýitgiler üçin nähili geçginlidigini Gazäniñ ýer bilen ýegsan bolmagynda, Ismail Heniýýe teraktynda, gorkunç ölümlerde, iki million adamyñ ýer-ýurdundan jyda düşürilmeginde, iki milliondan gowrak adamyñ aç-ýalañaç we gorkyda goýulmagynda taktikanyñ we strategiýanyñ nirededigine düşünmedim. Ýoldaş Meşal haýsydyr bir howaýylykdan, ýasamalykdan, metaforadan uzak, halkyna we dünýä düşnükli, adaty, gönümel sözleri aýdybam bilerdi. Syýasy analitikleriñ ýygy-ýygydan edişleri ýaly akylly görünjek bolmagyñ geregi barmy? Başymyzdan geçirip ýören ýagdaýymyz strategiki-taktiki ýitgileri we arasyndaky tapawut görnüşinden pelsepeleri aradan aýryp bilermi? Hiç bir ýagdaýda aýryp bilmez. Gazada bolup geçenler, Gaza we Palestin meselesiniñ başyna gelenler ownuk säwliklere ýol bermeýär. Adamlaryñ çäk-çygyrlary uly betbagtçylyklaryñ has köp bolýan aýgytly wagtlarynda lakgyldylaryñ ýüküni çekip bilmeýär. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Sişenbe, 15.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |