21:24 Gitleriñ mekdebi | |
GITLERIÑ MEKDEBI
Publisistika
Haçanda Gazadaky dowzah "albomyndan" bir sahna görseñiz, Ibn Battutanyñ onuñ owadan kenarýakasyna baran güni aýdan sözlerini ýadyñyza salyñ: "Birnäçe gurluşdan emele gelen ullakan şäher!" Gaza urşuna çenli ysraýyl propogandasy dünýäniñ iñ giñ we iñ täsirli propogandasydy. Tälimini iñ uly duşmany Gitleriñ ministri, has dogrusy onuñ iñ esasy ministrlerinden, oña iñ ýakyn, onuñ bilen bilelikde öz janyna kast edip biljek derejede iñ wepaly ministri Paul Žosef Gebbelsden alypdy. Ysraýyllylar puluñ we dünýä derejesindäki döredijilik we sungat adamlarynyñ ýardamy bilen ejiz we ezilen gurbanyñ roluny oýnamakda ussatlaşdylar. Kinomatografiýa, telewideniýe, neşirýat pudaklaryny doly ellerine aldylar we Günbatarda köl uran antisemitizmi jenaýata we hut adamzada garşy duşmançylyk etmişine öwrüp bildiler. Hatda hristian buthanalaryny Isa pygamberiñ haça çüýlenmegi baradaky rowaýatyndan jöhitleri aýyrmaga mejbur etmegi-de başardylar. Ikinji jahan urşundan soñ duşman indi Ýewropa we hristian buthanalary däl-de, "Ysraýyly deñize dökmäge" synanyşýan araplardy. 1967-nji ýylyñ uruşy gelip ýetende we araplar ýeñilende ysraýyl propogandasy propogandanyñ ümzügini gurbanyñ ýerine ýeñilmezek görnüşinde doly beýlesine öwürmegi makul bildi. Ysraýyl indi diñe Günbataryñ goragçysy bolan gowşak ýurt däldi, gaýtam tersine ABŞ-nyñ karar kabul etme mehanizminde we ýewropa syýasatynda güýçli şärikdeşe öwrülipdi. Indi ol gara güýje eýe bolany bilenem çäklenmeýärdi, şol bir wagtyñ özünde has artykmajyna eýe bolasy gelýärdi. Gaza urşy bilen birlikde Günbatary-da öldüren, ýok eden, her gün genosid eden ysraýylly kartinalarynyñ ýaýramagy bilen bu güýç artykmaçlygy zyýana öwrüldi. Mundan soñ Ysraþyl bireýýäm gadagan edilen antisemitizmi ýene bir gezek gozgady, Ýewropada we ABŞ-da "günälilik kompleksini" tutaşdyrdy. Propoganda maşyny bu ugurdaky ähli tagallalaryny dowam etdirdi, ýöne garaşylyşyndan has gowşaklyk bilen. Birinji belgili duşmanyñ öldürilmegi propogandanyñ ähli damarlaryna täzeden gan aýlady. Ysraýyly hem-ä jebir çeken, hem-de ýeñilmezek, hemem aryny alýan güýç hökmünde görkezýän şeýle pursat dagy-duwara döremezdi. Propoganda Ýahýa Sonwaryñ öldürilmegini kinomatografiýa, teatr, tragediýa ulgamlaryndaky ähli tejribesininden peýdalanýan propoganda filmine öwürdi. Daş-kesegiñ, beton harabalarynyñ arasyndaky jesediniñ suratyny dünýäniñ diwarlaryna asdy. Meşhur korrespondentler bilen senaristleriñ paýyna-da şol pursaty ýazga geçirmekde ýaryşmagy goýdy. Bu fotoşopda birnäçe aýlap kowalanan gahrymanyñ Gazäniñ harabalarynyñ arasyndaly jesedinden başga hakyky hiç zat ýok. Yzda galan hemme zat - ysraýyl kinofilimde ulanylýan "propoganda" tejribesi. Suratdaky adamlaryñ keşpleri üýtgeýär, ýöne çarçuwa üýtmeýär we üýtgemezem. Daşlary, demirleri kül-uşak bolan diwarlar we beton üýşmekleri, nyşanalap öldürýän we ýakyp-ýumurýan maşyn, sahnasy hakyky kinomatografiýa dramatikasynda surata düşürýän apparat. Haçanda Gazadaky dowzah "albomyndan" bir sahna görseñiz, Ibn Battutanyñ onuñ owadan kenarýakasyna baran güni aýdan sözlerini ýadyñyza salyñ: "Birnäçe gurluşdan emele gelen ullakan şäher!" Az ýa-da köp gurluşlardan yzda hiç zat galmady. Hormatly we beýleki analitikleriñ pikiriçe hemme zat bolşy ýaly galar. Galma, bar bolma we ýaşaýyş ýaly sözleri ulanýanymyzy geñlemäñ, muña diñe öñden galan sözleriñ spontan ýagdaýda ulanylyşy diýip düşüniñ. Gelip ýeten dünýämizde sözleri añladýan manylary boýunça täzeden gözden geçirmeli bolarys. Mahluklaryñ barlygyny mümkin däl görmegem bularyñ biri. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 23.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |