18:26 Imperiýanyñ goşunlary | |
IMPERIÝANYÑ GOŞUNLARY
Publisistika
Illýustrasiýa: Olivier Ploux / "Voxeurop" Umuman alanda sebitde bolup geçýän zatlar adamy begendirmän duranok, o diýenem erbet däl. Dünýäniñ hemme ýerinde bu öñki we täze imperiýalar köplüginiñ asyrlaryñ dowamynda elden giderenleriniñ bir bölegini yzyna gaýdyp almaga synanyşýandygyny görüp bilersiñiz. Isläniñiziñ adyny tutaýyñ: Türkiýe we Osmanly imperiýasy şu ýerde. Eýran we Persiýa şu ýerde. "Hmeýmim" hem Russiýanyñ we patyşalarynyñ Ortaýer deñzinde hyýaly bar. Kyn görmäñ-de meni yzarlañ: Şeýle-de harby-deñiz güýçleri, uçar gämileri ws ýadro suwastylary bilen amerikan güýjüniñ öñbaşçylyk edýän Angliýa, Fransiýa, Germaniýa bar. Geçen asyry köçelerde kolonializmiñ we imperializmiñ ýykylmagyny talap edip geçirdik. Indem bularyñ gaýdyp gelmegini talap edýäris. Jawaharlal Nerunyñ ölüminiñ üstünden altmyş ýyl geçdi. Hindistan häzirem hemmetaraplaýyn oña borçly. Çünki kolonializmiñ kowulmagyndan has wajyby onuñ guran alternatiw döwlet yzagalak we ilkidurmuş adam toparlarynyñ guran jebisligidi. Arap gapysyndan öñki döwürlerine gaýdyp gelmäge synanyşýan imperiýalar gaýdyp geljek zadyñ ýokdugyny görýärler. Garyp halklar garyplygyñ we men-menligiñ batgasyna batdylar. Hiç bir ulgamda agzalmaga mynasyp ýeke maksatnama ýok. Ýoldaş Gassan Şerbiliñ Saddam Hüseýiniñ giýewsi bilen geçiren gürrüñdeşliklerinde giýewi we BAAS partiýasynyñ başlygy Fuat el-Rikabiniñ şol gün Saddama şeýle diýendigini aýdýar: "- Abdylkerim Kasym gowy adam, ýöne partiýa onuñ öldürilmegini makul bildi". Şol günler Arap dünýäsinde şuña meñzeş birtopar partiýa kararlary kabul edilipdi we "Wah, gowy adamdygy dogry... Ýöne öldürilmeli bolýar-da" diýlipdi. Şeýle adamlar elmydama ýoldaşlardan düzlen sudlarda jogapkärçilige çekilipdi. Arap dünýäsindäki hiç bir žurnalist kärdeşimiñ "Şarkul-Awsat" gazetiniñ baş redaktorynyñ ýarym asyrlap geçirişi ýaly köp syýasy gürrüñdeşlik geçirendigini pikir edemok. Bu kolleksiýa ajaýyp dokumental gollanma bolup hyzmat edýär. Baş redaktoryñ Liwan urşy barada aýdýan gürrüñdeşliklerimiñ birinde Eli Hobeýka ýoldaşy Samir Jaja üçin "mahaşiýe" talap edendigini aýdýardy. Munuñ özi urşujylaryñ naşyja dilinde uly partlama diýmegi añladýar. Hobeýka beýtmedi, ýöne ýahtasyny partlarmaga gönükdirilen şowsuz synanyşygyñ yzyndan awtoulagyna gurnalan bombaly hüjümde aradan çykdy. Düşünje aralyk köçelerde ösmeýär. Ýaradylyş ýa-da döwlet hem şeýle. Şindi akyldarlaryñ, giñ gözýetimli, akylly adamlaryñ döwri. Düşünişme dili - serserileriñ sözleri... Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Çarşenbe, 04.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |