20:08 Terminologiýa meselesi | |
TERMINOLOGIÝA MESELESI
Publisistika
Harbylaşan döwlet we kontrrazwedka režimi hökmünde Ysraýyl ýeñlişiñ aşagyndan çykyp bilmez, çünki ilkinji ýeñliş şol bir wagtyñ özünde iñ soñky ýeñlişdir Gaza urşy Liwana syçranyndan bäri Ysraýylyñ bir ýaşaýyş jaýyny, binany, obany ýa-da binalar kompleksini bombalamadyk ýa-da asmana uçurmadyk güni geçmedi. Bu obýektlerden käbirleri şeýle bir kiçi ýa-da bilnenok welin, resmi kartada hasaba alynmandyr, emma hamana kärendesine alynan ýa satuwa çykarylan mülküñ maglumatlary ýaly ysraýylly kartografyñ elinde hasaba alnypdyr. Bütin bularyñ barsy, elbetde geñ galdyrýar we howpurgadýar. Emeli hemralar bilen ýerdäki içalylardyr dönükleriñ arasyndaky şeýlekin ünsüñ garşysynda liwanlylar gorkup, aladalanyp, howatyrlanyp biler. Ýöne ady-sory bilinmeýän obadaky kiçijik öýi gözegçilikde saklamak ýa-da howpsuzlyk ýa-da maşgala ýygnanyşygy wagtynda gazaply bombalamak ukyby meseläni bütewiligi bilen geçen ýylyñ 7-nji oktýabryna dolap getirýän sowaly orta atýar. Başga ýurtlara aralaşma boýunça şular ýaly adatdan daşary komponentlere eýe ýurt "Holokostdan" bäri bir günde iñ köp sanly jöhidi öldürjek hüjüm barada nädip hiç zat bilmedikä? Ysraýyl tarapy taryhynyñ iñ gynançlysy bolan 7-nji oktýabr şowsuzlygy barada birnäçe düşündiriş berdi. Emma bularyñ birem ynandyryjy we dogry däldi. Bu düşündirişleri has-da inçelden ýa-da gowşadan - ha ol liderdir baş sekretar bilen birlikde garşylyklaýyn göreşiñ ýokary düzümli liderlerine bolsyn, ha-da özi hakda hiç kimsäniñ hiç zat bilmeýän birtopar näbelli adama garşy gurnalan kast edişlikler bolsun, her gün bolup duran ünsi çekiji düzgün bozulmalardyr. Ysraýyl kontrrazwedka legendasymy ýa-da onuñ şowsuz modelimi? Häzirki wagta çenli olar dünýä ýüzüne, aýratynam ysraýyllylara 7-nji oktýabrdakh uly şowsuzlyklaryny ýatdan çykartmak üçin hemme zady etdiler. Harbylaşan döwlet we kontrrazwedka režimi hökmünde Ysraýyl ýeñlişiñ aşagyndan çykyp bilmez, çünki ilkinji ýeñliş şol bir wagtyñ özünde iñ soñky ýeñlişdir. Ol arasyna syzyp we ýeñip bolmajak döwlet obrazyny döwdürende, oñurgasyny döwdürer. Onuñ goranyşdaky at-abraýy uruşmaga we çaknyşmaga däl-de, bukulmaga we teraktlara esaslanýar. Şeýle çemeleşmäniñ ahlak tarapynyñ ýa-da munuñ döwletleriñ däl-de, terrorçylykly toparlaryñ işidiginiñ üstünde ýeke gezegem durup geçmedi. Jenaýatçylar ýaly duşmanlaryny öldürende "hereketsizlendirendigini" aýdýar we sud etmezden ölüm jezasyna höküm edýär. Edýän her bif zady 'terakt syýasaty" däl-de, her gün diýen ýaly, elbetde, ýönekeý ilatyñ Liwandaky öýleri we jaýlary bilen birlikde hemme zady "nyşanalamakdyr". Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Penşenbe, 17.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |